"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Ylham ýaýlasy

Gutly bolsun, üç asyrlyk ýaşyňyz! Tirsege gal Pyragy, göwün Arşa galypdyr,Köpetdagyň etegi toý donuny geýipdir,Halypalar jem bolup, seýilgähe gelipdir,Ýigrim dört ägirt bilen, bir jem edip başyňyz,Bu gün Watan toýlaýar, üç asyrlyk ýaşyňyz.

«Alkyş alan derejesi zor bolar»

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine ýygy-ýygydan ýüzlenip, ondan çuň many çykarýar. Munuň özi Alym Arkadagymyzyň dana şahyryň pikirlerine uýup, olardan ylhamlanýandygyny aňladýar. Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynyň «Alkyşyň manysy» atly bölüminde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Alkyş alan derejesi zor bolar» diýen setirlerini ýörelge edinýär. Bu ýöne ýerden däldir. Çünki dana Pyragy çeper döredijiliginiň üsti bilen ynsanlaryň ýagşylykda ile özün tanadyp, il-günüň alkyşyny almagyny, olaryň bu dünýäde ýaşaýarka özünden ýagşy at galdyrmagyny, at-abraý gazanmagyny halys ýüreginden isleýär. Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan «Alkyş bilen är gögär, ýagmyr bilen — ýer», «Altyn alma, alkyş al» diýen nakyllar hem tarp ýerden döremändir. Toprakda ösýän her bir ösümligiň, ot-çöpüň ýagmyr, ýagny suw bilen gögerip, ösüp boý alşy ýaly, ynsanlaryň hem dowamatynyň alkyş bilen örňeýändigine, dowamat-dowam bolýandygyna durmuş hakykaty esasynda göz ýetirýäris. Gahryman Arkadagymyz: «Halkymyzda köp alkyş alan adamyň neberesi arkama-arka ýalkanarmyş diýen ynam bar» diýip belleýär. Adamlardan alkyş almagam begendirijidir welin, ýöne birine alkyş aýtmak, öňüňdä

Türkmeni dünýä tanadan akyldar

Gahryman Arkadagymyzyň ýol-ýörelgesini mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşymyzyň ähli ugurlarynda ägirt uly üstünlikler gazanylýar. Munuň özi ýurdumyzda amala aşyrylýan içeri we daşary syýasatyň adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy we berkarar Watanymyzyň halkara abraýynyň has-da belende göterilmegi hakyndaky aladadan gözbaş alýandygyna şaýatlyk edýär. Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejesinde dabaraly bellenilýär. Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň göz-guwanjy, milli buýsanjydyr. Şahyr:

Şygryýetdäki ilkinji ädimler

PYRAGYM Şygyr äleminiň ägirdi, piri,Sözleri altyndyr, manylaň gory,Senden ylham alýar ynsanlaň bary,Ömürlere adyn ýazan, Pyragym!

Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň gymmatlygy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli baýlyklarymyzyň aýrylmaz bölegi bolan ahalteke bedewlerimiziň at-owazasy bu günki gün dünýä ýaň salýar. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly ajaýyp kitaplary bedew ata uly sarpa goýýan merdana halkymyzyň ýankitabyna öwrüldi. Türkmen ýigidiniň gaýraty, batyrlygy, duýgurlygy, wepalylygy gamyşgulak bedewlerimize hem mahsusdyr. Gözbaşyny örän gadymy döwürlerden alyp gaýdýan şol jebislik, mähribanlyk, ysnyşyk biziň şu günlerimize çenli gelip ýetipdir. Halkymyz bedew atlaryny «Irden turup, ataňy gör, ataňdan soň atyňy» diýip mertebeläpdir, özüniň buýsanjy, söýgüsi, baýlygy hasaplapdyr. Magtymguly Pyragynyň we beýleki nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiliginde hem bedewiň waspy belentden ýetirilýär. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde her bir milli aýratynlyklarymyz, gymmatlyklarymyz, şeýle hem edim-gylym, däp-dessurlarymyz giňişleýin öz beýanyny tapýar. Hut şonuň ýaly-da, şahyryň döredijiliginde behişdi bedewlerimiziň waspyna uly orun degişlidir.

Meşhur nakylyň teswiri: «Ata kes­bi — og­la ha­lal»

«7/24. tm» №23 (210), 03.06.2024 Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miziň baştutan­ly­gyn­da ata Wa­ta­ny­my­zyň at-ab­ra­ýy bar­ha beý­gel­ýär. Hal­ky­my­zyň me­de­ni-ru­hy dün­ýä­si­ni baý­laş­dyr­mak­da hyz­mat ed­ýän türk­men di­li­mi­zi, halk dö­re­di­ji­li­gi­ni yl­my esas­da öw­ren­mek­de, ös­dür­mek­de we hal­ka ýe­tir­mek­de hem tu­tum­ly iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar.

Freýdden paýhasly pikirler

«7/24. tm» №23 (210), 03.06.2024

Döredijilik dünýäsi

«7/24. tm» №23 (210), 03.06.2024 Ar­ka­dag­ly Ser­da­ra

Şahyr, taryh hem miras hakynda

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dürli çäreler bilen birlikde, onuň döredijiligine, edebi mirasymyza, şöhratly taryhymyza bagyşlanan eserler hem çap edilýär. Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň çapdan çykmagy bu ugurdaky asylly işlere badalga berdi. Magtymguly atamyzyň uludan bellenilýän ýubileýi mynasybetli neşir edilýän kitaplar mazmun taýdan dürli-dürli bolsa-da, olarda beýik şahsyýetlerimiz, edebi mirasymyz, şöhratly taryhymyz özboluşly beýan edilýär. «Kitap okan gullar magnydan dokdur,//Anlaryň kalbynda şeýtan bolarmy?» diýen akyldar şahyrymyz kitaba, söze belent sarpa goýupdyr. Şonuň üçin-de şahyryň baý mazmunly döredijiliginiň dünýäde giňden dabaralandyrylýan ýylynda şeýle kitaplaryň çap edilmegi halkymyz üçin özboluşly sowgatdyr. Ýakynda «Ylym» neşirýaty tarapyndan çap edilen kitap «Arkadag hem Pyragy — pähim-paýhas ummany» diýlip atlandyrylypdyr. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa instituty tarapyndan akyldar şahyryň ýubileý senesi mynasybetli çapa taýýarlanan bu ylmy ýygyndyda şahyryň döredijiligine bagyşlanan makalalara uly orun berlipdir. Kitapda Magtymguly Pyragynyň döred

Duýguly dünýä

ŞAHYR TÄLEÝI Ýagyş ýagdy dünýäň ýüzünsuw-sil edip,Ýuwup bilmän ýürekleri,Ezip bilmän niýetlerihem-de guran pikirleri...Ýagyş muňa gahar edip,Ýaman ýagdy, ýagşy ýagdy...«Ýagşy juda gowy görýän»Diýýänlerem gaçdy bu gün.Gizlendiler päk ýagyşdan,Busup oturdylar öýde.

Şygryýet bossany

ÝAŞ ÇAPAR Ähli duşuşyklaň üýtgewsiz ýeri —Ak öý,Bu gün öňküsinden üýtgeşik.Ýaş çaparlar häzirlenip dur, Ynha, Aýgytly menzile düşdi bäsleşik.

Bir gijede bütin ömür (Oýlanma)

Şygryýet çemeni

ÝAGYŞ Oýumda oýaryp ýatlama baryn,Duýduňmy kalbymyň ala-lerzanyn?Berjaý edip tebigatyň permanyn,Ýagýarmyň, ýagyş?!

Ylham joşguny

AŞGABAT Bagtdan nyşan bolan ýagty şöhläňiDolan Aý dek dünýä ýaýdyň, Aşgabat!Görküň ýada salýar täsin bir heňi,Ajaýyp mukam sen, aýdym, Aşgabat!

Ylham ýaýlasy

Gujak açdy Awaza Çagalaryň durmuşy,Öwrülipdir owaza.Olara gujak açdy,Aýdym-sazly Awaza.

Pyraga hormatyň belent, Arkadag!

Dünýe içre dünýe bolup, şygryýete, edebiýata, medeniýete, mahlasy, külli türkmene nur salyp duran Magtymguly Pyragynyň şanly toýunyň şowhunynyň dabarasy dag aşdy. Bir supranyň başynda ýüzlerçe myhmanlary, şahyrlary, aryplary-alymlary jemledi. Belent heýkeliň, akyldaryň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumynyň täsindigini, täsirlidigini söz bilen beýana getirip bolmaz. Haýrany biz, haýrany giň älem.

Pyragy we halk paýhasy

Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň pähim- paýhasy her bir okyjynyň aňynda öçmejek täsir galdyrýar. Magtymguly öz döredijiligi bilen dünýä edebiýatyna gymmatly mirasy bagyşlady. Şahyryň dünýäniň gurluşy, dürli döwletler we halklar, olaryň aýratynlyklary, uly şäherler, dana kişiler, halk eserleri baradaky aýdanlary onuň şygyrlarynyň ähmiýetini has-da artdyrýar. Magtymgulynyň «Bu dünýä», «Näler görüner» goşgularynda dünýäniň giňligi, onuň köptaraplylygy barada habar berilýär:

Pyraga hormatyň belent, Arkadag!

Dünýe içre dünýe bolup, şygryýete, edebiýata, medeniýete, mahlasy külli türkmene nur salyp duran Magtymguly Pyragynyň şanly toýunyň şowhunynyň dabarasy dag aşýar. Belent heýkeliň, akyldaryň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumynyň täsinligini, täsirliligini söz bilen beýana getirip bolmaz. Haýrany biz, haýrany giň älem. Dabaralaryň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz Magtymguly Pyragynyň täze şygyrlar diwanynyň neşir edilendigini halkymyza we dünýä buşlady. Begendik, şahyra, söze sarpa goýulýandygyna buýsandyk.

Arşy pikirleriň sazlaşygy

Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň edebi mirasymyzy ylmy esasda çuňňur öwrenmek baradaky nygtamalarynyň we tabşyryklarynyň ähmiýeti örän uludyr. Beýik Magtymgulynyň paýhasy dürli çeşmelerden, akabalardan, ruhy halypalyk eden şahsyýetlerden ganypdyr. Şol şahsyýetleriň biri öz döwründe uly pirlige hem alymlyga ýeten Abu Seýit Abul Haýyr — Mäne babadyr. Magtymguly Pyragy bu beýik ussat bilen bolan hyýaly duşuşygy hakynda şeýle ýazmanmydyr:

Kalbymyzyň çyragy

Her bir halk dünýä beren şahsyýetleriniň amala aşyran işleri bilen beýiklige galýar. Bu babatda edebiýat, sungat wekilleriniň orny has-da uludyr. Sebäbi olaryň döreden eserleri müňýyllyklar geçensoň hem gymmatyny gaçyranok. Şeýle gymmatly hazynany nesillere ýadygär galdyryp, edebiýat äleminiň iň şuglazar ýyldyzlarynyň birine öwrülen şahsyýetleriň biri-de Magtymguly Pyragydyr. Jana şypa ary balynyň wagt geçdigiçe dermanlyk täsirini artdyryşy ýaly, akyldar Pyragynyň şygyrlary-da asyr aşdygyça, özüniň täsirliligi bilen ýüreklere ýakynlaşýar, dünýä içre gerimini artdyrýar. Ol şygyrlar diňe bir türkmen halkynyň ýürek urgusy, arzuwlary siňendigi bilen däl, eýsem, adamzat kalbynyň çuňluklaryna aralaşýandygy bilen hem gymmatlydyr. Hut şonuň üçinem Magtymguly Pyragynyň ady bu günki gün dünýä genji-hazynasy diýen söz bilen bir mana eýe boldy. Gahryman Arkadagymyzyň: “Beýik şahyr türkmen şygryýetiniň we türkmen diliniň taryhynda uly özgerişlikleriň başyny başlady. Onuň umumadamzat medeni-ruhy hazynasyna giren şygyrlary bu gün dünýä dilleriniň köpüsinde ýaňlanýar. Magtymguly Pyragynyň danalyga pürepür şahyrana eserleri türkmeni, türkmen poeziýasyny dünýä tanatdy” diýen sözleri akyldar şahyryň türkmeniň, ynsanyýetiň kalbyndaky ornuna berlen belent bahadyr