"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Körpelere okap beriň!

ARASSA ÝAZUW SAPAGYNDA Ýazýaryn «Gül»Sözüni.Ýazýaryn «Bal»Sözüni.

Alma agajy (Hekaýa)

Tomus paslynyň yssy günleri bazara giren Gülaýym edil jennete düşen ýaly boldy. Gök-bakja önümleriniň, ir-iýmişdir miweleriň hoşboý ysyndan ýaňa behiştde gezmeläp ýören ýalydy. Ol biraz dem-dynjyny almak üçin gyra çekilip, gözüňi dokundyrýan täsin gözelligi synlap başlady. Şol wagt satyjynyň: — Öz bagymyzyň almasydyr. Alyberiň arkaýyn. Şekerek almadyr — diýen sözleri gulagyna degdi. Satyjy zenanyň mylaýym sesi Gülaýymy almalaryň ýanyna eltdi. Şekerek almalar welin, hakykatdanam, agzyňy suwjardýardy. Ol bazarlap bolansoň hem satyjy zenanyň: «Öz bagymyzyň almasy» diýen sözleri gulagyndan gitmeýärdi. Bu gysgajyk pursat oňa çagalyk döwründäki alma agajy bilen baglanyşykly ýakymly wakalary göz öňünde janlandyrýardy...

«Ar­ka­dag­ly Ýaş­lar» žur­na­ly­nyň tä­ze sa­ny oky­jy­la­ra ýe­ti­ril­di

«7/24. tm» №24 (211), 10.06.2024 Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň ýa­nyn­da­ky «Ar­ka­dag­ly Ýaş­lar» žur­na­ly­nyň 2024-nji ýyl­da­ky 5-nji sa­ny oky­jy­la­ra ýe­ti­ril­di. Žur­na­lyň il­kin­ji sa­hy­pa­la­ryn­da 18-nji maý­da bel­le­ni­len Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­nyň we Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let baý­da­gy­nyň gü­ni my­na­sy­bet­li paý­la­şy­lan «Döw­let ber­ka­rar­ly­gy­nyň syn­maz sü­tün­le­ri» at­ly ma­ka­la ýer­leş­di­ri­lip­dir. «Mer­te­be be­lent­li­gi» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan çy­kyş bol­sa Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň paý­tag­ty­myz­da bi­na bo­lan ýa­dy­gär­li­gi­ne ba­gyş­la­nyp­dyr.

Täze neşir — köňülleriň paýhasy

«7/24. tm» №24 (211), 10.06.2024 Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­nyň 17-nji ma­ýyn­da gö­zel Kö­pet­da­gyň ete­gin­de akyl­dar şa­hy­ry­my­zyň ýa­dy­gär­li­gi hem-de «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» me­de­ni-se­ýil­gäh top­lu­my da­ba­ra­ly ýag­daý­da açyl­dy. Be­ýik­li­gi 60 met­re deň bo­lan, ýüz­ler­çe ton­na bü­rünç­den bin­ýat bo­lan bu ýa­dy­gär­lik dün­ýä bi­na­gär­li­gin­de söz sun­ga­ty­na, şa­hy­ra ba­gyş­la­nan iň be­ýik bi­na­dyr. Mu­nuň özi hal­ky­my­zyň öz akyl­dar şa­hy­ry­na nä­hi­li be­lent de­re­je­de hor­mat goý­ýan­dy­gy­nyň ýe­ne bir su­but­na­ma­sy­dyr. Bu ta­ry­hy Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň Dil, ede­bi­ýat we mil­li gol­ýaz­ma­lar ins­ti­tu­ty ta­ra­pyn­dan taý­ýar­la­ny­lan «Mag­tym­gu­ly» at­ly ki­ta­byň hem şol ta­ry­hy gün­de oky­jy­la­ra go­wuş­ma­gy has-da çuň­ňur ma­ny-maz­mu­na eýe­dir.

Dünýä edebiýatynyň döwresi

«Magtymguly Pyragy» medeni seýilgäh toplumynda oturdylan dünýä edebiýatynyň görnükli wekilleriniň heýkelleriniň arasynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň milli edebiýatynyň görnükli wekilleriniň biri, şahyr, ýazyjy, dramaturg, žurnalist hem-de jaz aýdym-saz žanrynyň esaslandyryjylarynyň biri Lengston Hýuzyň bolmagy watandaşlarymyzda aýratyn gyzyklanma döredýär. Çünki Lengston Hýuz türkmen halkynyň dosty hem-de Magtymguly Pyragynyň döredijiligini içgin öwrenip, öz eserlerinde gülgüzar ülkämizi, myhmansöýer halkymyzy belentden wasp eden söz ussadydyr. «Güneşiň ak nury ak altynly atyzlarda eglendi». Aýdym bolup dünýä dolan şu goşgy setirleri Lengston Hýuzyň güneşli Diýarymyzda syýahatda bolanda ýazan sözleri. Dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyna özüniň saldamly goşandyny goşan Lengstonyň keremli topragymyzda bolan döwründen bäri eýýäm bir asyr geçip barýar. Ol 1902-nji ýylyň 1-nji fewralynda Amerikanyň Missuri ştatynyň Joplin şäherinde mekdep mugallymynyň maşgalasynda dünýä inýär. Şahyryň ilkinji halypasy ejesi Koralina Merser Lengstondyr. Mekdep okuwçysyka Hýusyň şygyrlary gazet-žurnallarda çykyp başlaýar. Şoňa görä-de, Hýuz «Synpyň şahyry» lakamy bilen çagalyk ýyllary adygyp başlaýar.

Nusgawy edebiýatymyza buýsanç

Häzirki ajaýyp döwrümizde milli medeniýetimiz dünýä ýaýylýar, nusgawy edebiýatymyzyň eserleri okyjylara ýetirilýär. Milli mirasymyzyň gymmatlygy hökmünde görülýän nusgawy edebiýatymyz nesilden-nesle geçip, biziň günlerimizde hem şöhratlanýar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ajaýyp döredijiligi bu günki gün diňe bir halkymyzy däl, eýsem, dünýä okyjylaryny hem gyzyklandyrýar. Şu günler täze çap edilen «Magtymguly» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabaralary ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki, guramalarda, edaralarda, medeni ojaklarda geçirilýär. Bu ajaýyp kitapda akyldar şahyryň baý many-mazmunly goşgulary okyjyny has-da gyzyklandyrýar, köňüllere ylham berýär. Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiligi her bir ynsan üçin gymmatlydyr, ruhy baýlykdyr. Akyldar şahyr goşgularynyň üsti bilen ähli ynsany ýagşylyga, ynsanperwerlige, hoşniýetlilige çagyrýar. Çeper sözüň üsti bilen beýan edilýän her paýhas pelsepe derejesine eýe bolýar. Söz adamyň kalbyna barýan, ynsany dogry ýola ugrukdyrýan gymmatlyk hasaplanýar. Şonuň üçin hem söz ussadynyň goşgy setirleri adam üçin ruhy gymmatlyk bolup hyzmat edýär.

Duş gelen dileg

(Hekaýa) (Soňy. Başlangyjy gazetiň geçen sanynda).

Akyl­dar şa­hy­ryň dö­re­di­ji­li­gi ru­hy baý­ly­gy­myz­dyr

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Ber­di­mu­ha­me­do­wyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­myz be­ýik ösüş­le­re eýe bol­ýar. Mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­zi dün­ýä ýaý­mak­da, nus­ga­wy ede­bi­ýa­ty­my­zy öw­ren­mek­de uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da nus­ga­wy ede­bi­ýa­ty­my­zy öw­ren­mä­ge we ýaş ne­sil­le­re wa­gyz et­mä­ge giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­di. Ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň ösüş­le­re bes­len­ýän döw­rün­de bi­lim iş­gär­le­ri hem mil­li­li­ge esas­lan­ýan çe­per gym­mat­lyk­la­ry yl­my esas­da öw­re­nip, ýaş­la­ryň ara­syn­da wa­gyz-ne­si­hat ed­ýär­ler. Hä­zir­ki wagt­da tä­ze çap­dan çy­kan «Mag­tym­gu­ly» at­ly ki­ta­byň ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­la­ry­na gat­na­şyp, bu ne­şi­riň gym­mat­ly­gy­ny dü­şün­dir­ýär­ler. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­li­gi hal­ky­my­zyň mil­li me­de­ni­ýe­ti­niň we däp-des­sur­la­ry­nyň gym­mat­ly­gy­ny pel­se­pe­wi pi­kir­ler­de jem­le­ýär. Şo­nuň üçin hem akyl­da­ryň eser­le­ri­ni mil­li me­de­ni­ýet­imi­ziň öze­ni ha­sap­la­ýa­rys, bu pi­kir­le­ri, pa­ra­sat

Pyragy

Şahyryň sesine, sözüne gymmat goýlanda, döwrüň başgaça ýylgyrýan meňzini synlaýaň, oňa guwanýaň, buýsanýaň.Eşretli eýýamyň waspyna, badyna, bagyna sözümem, söhbedimem ejiz gelýär. Diýeniňi kemter görýäň. Aýdymyň, aýdanyň az oňa. Sen derýa ýaly joşguna dolýaň. Durşuň bilen oňa sary akýaň. Gülşenli günlerine bakýaň.Onsoňam, bizi goltugyna gysan döwrem büs-­bütin başgaça bolubam geldi. Bu ösüşleri, özgerişleri synlap durkaň, nädip saýramajak? Günler asuda, parahat akyp dur. Parahat gijeleriň senden goşgy talap edýär. Onuň raýyny ýykasyň gelenok. Seniň özüňem oňa ilgezik ahyryn.Men näme üçindir Magtymguly Pyragynyň döwri bilen öz döwrümizi deňeşdirýän. Olaryň parhyny bilýän, bilibem joşa gelýän.Ony direldip, şu döwrüň gujagyna getiresiň gelýär. Onda ol nähili saýrardy?! Biziň çakymyz bolmazdy, bilbilgöýä öwrülerdi, döwrüň-­döwranyň gadyr­-gymmatyny başgaça bilerdi. Şahyrlaryň arzuwydyr diňe saňa meňzemek,Aýdymyňa,                 aýdyşyňa owazyny deňlemek.Matlabyny,                gatnawyny ünse berip diňlemek,Ýaranymsyň,                ýardamymsyň    &n

Şygryýet bossany

Dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­lyk şan­ly se­ne­si hal­ka­ra de­rej­esin­de da­ba­ra­ly bel­le­nil­ýän Ma­gtym­gu­ly Py­ra­gy­nyň gol­ýaz­ma­lar top­lu­my­nyň ÝU­NES­KO-nyň «Dün­ýä­niň ha­ky­da­sy» mak­sat­na­ma­sy­nyň hal­ka­ra sa­na­wy­na gi­ri­zil­me­gi we Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy­nyň 2024-2025-nji ýyl­lar­da bu gu­ra­ma bi­len bi­le­lik­de bel­le­ni­lip ge­çil­jek şan­ly se­ne­le­riň sa­na­wy­na go­şul­ma­gy, Tür­ki me­de­ni­ýe­tiň hal­ka­ra gu­ra­ma­sy TÜRK­SOÝ-yň 2024-nji ýy­ly «Tür­ki dün­ýä­niň be­ýik şa­hy­ry we akyl­da­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy ýy­ly» di­ýip ka­bul eden ka­ra­ry, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň BMG-niň be­lent mün­be­rin­den Py­ra­gy­nyň «Adam­zat» şyg­ry­nyň bir par­ça­sy­ny äle­me jar et­me­gi pä­him­dar şa­hy­ry­my­zyň dün­ýä­de do­ly yk­rar edil­me­gi­niň aý­dyň ny­şa­ny­dyr. Bu türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň, Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň, hal­ky­m

Şygryýet bossany

Bilmediň(nezire) «Magtymguly diýer, dostum-ýaranym,Kelam haýsy, destan haýsy, bilmedim».                                  Magtymguly Pyragy.

Şygryýet bossany

Magtymguly Sözleriň goşulyp mukama-saza,Aýdymlaň ogşaýar bilbil owaza,Kalplary joşduryp,                                dönderip ýaza,Paýhasly goşgulaň umman Magtymguly!

Şygryýet bossany

Nur Magtymguly Bu dünýäde gadamlaryň rowandyr,Elmydam alnyňda dur Magtymguly.Şygyrlary bakylyga dowamdyr —Hakdan hak halatly — nur Magtymguly.

Şygryýet bossany

Bagtyýar döwürde Mertebeläp Magtymguly danasyn,Belläp üç ýüz ýyllyk şanly senesin,Toý toýlaýas jemläp halklaň hemmesin, Bagtyýar döwürde, ajap eýýamda.

Şygryýet bossany

Her şygry arzyly(akra) Pähimiň, paýhasyň ummany özüň,Älemiň baş egip, uýýany özüň,Her şygryň hikmetli, dürdür her sözüň,Indi dünýä meşhur dogduk Gerkeziň, Manydan doludyr şygryň Pyragy!

Şygryýet bossany

Ynsan göwünleriniň röwşen çyragy(şygyr bossany) Akyldar Pyragy,Beýik Pyragy!Haky gözläp gezdiň ýakyn-yragy,Halkyň görer gözi,Sözlär tili sen,Ynsan göwünlerniň röwşen çyragy.

Medeni mirasymyzyň merjeni

Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän dabaralar barha giň gerime eýe bolýar. Ýakynda Aşgabat şäheriniň günorta böleginde Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy möhüm taryhy wakalaryň biri boldy. Açylyş dabarasyna hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagy agzybir halkymyzda ruhy galkynyşy döretdi. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän dabaralar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Ykbaly göterilen türkmen halkynyň bir supranyň başynda jemlenip toýlaýan dabarasynyň şatlygy agzybirligiň, asudalygyň, parahatlygyň nyşany hökmünde ýüreklere mähir paýlaýar. Gündogaryň beýik söz ussadynyň belent ruhuny sarpalaýan bu taryhy wakalar dünýäniň ünsüni özüne çekýär. Medeni-seýilgäh toplumynda daşary ýurtly ýazyjy-şahyrlaryň heýkelleriniň oturdylmagy bolsa Magtymguly Pyragynyň arzuwlan berkarar döwletinde dost-doganlygyň dabaralanýandygynyň aýdyň beýanydyr.

Köňüller, ýürekler bir bolup başlar

Sergin maýyň 17-sinde türkmen halkynyň taryhy ykbalyna şanly sahypalar ýazyldy. Şol gün merjen paýtagtymyzyň günorta böleginde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz açylyş dabarasynda sözlän sözünde: «Beýik akyldaryň eserleri ýurdumyzyň her bir raýatynyň mähriban halkymyza, eziz Diýarymyza, berkarar döwletimize bolan söýgüsini joşdurýar. Nesillerimizde ýokary ahlaklylygy terbiýelemäge, olaryň bilimli, hünärli, il-ýurt üçin, bütin adamzat üçin haýyrly işleri amala aşyrmaga mynasyp ýaşlar bolup ýetişmegine ýardam edýär» diýip belledi. Bu jümlelerde Türkmenistan Watanymyzyň ähli raýatynyň, halkymyzyň ogul-gyzlarynyň gursagynda ýaşaýan hakykat jemlenen. Biz bu hakykata akyldar şahyrymyzyň ýadygärligine we «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyna baryp görenimizde ýene bir gezek göz ýetirdik. Owalbaşda söz bilen bina bolan älem-jahanyň ähli pähim-paýhasy-da ýene sözde jemlenýär. Özi-de hut adamzat taryhynyň iň beýik akyldarlarynyň sözlerinde jemlenýär. Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhas älemine eltýän çelgiler bolsa Milli Liderimiziň köňül kelamy bolan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly

Umumadamzat paýhasynyň parlak ýyldyzy

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy milletimiziň parasat ummanydyr. Ol türkmeniň ruhy dünýäsiniň, özboluşly ýaşaýyş medeniýetiniň, edebi gymmatlyklarynyň, şol sanda Garaşsyzlyk, berkararlyk pelsepeleriniň kemala gelmegine ägirt goşant goşan danadyr. Beýik akyldaryň: «Berkarar döwlet islärin» diýip, özbaşdak döwlet, halkymyzyň agzybir, asuda we abadan durmuşda ýaşamagy hakynda eden arzuwlary döwletimiziň Garaşsyzlygyna eýe bolmagy bilen hasyl boldy. Magtymguly Pyragynyň arzuwlan türkmen döwleti Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşleriň ak ýolundan bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Şu döwletli döwranda akyldar şahyryň hormat-sarpasy hem görlüp-eşidilmedik derejede belentliklere göterilýär.

Duýguly dünýä

SEN MENIŇ ŞÄHRIZADAM Sag-aman ördüňmi?Ýatmadyňmy ýa?!Öten agşam men-ä uklap bilmedim.Gündizki gürrüňleň agdaryp her ýan,Hyýalymda ýene seni diňledim.