Akyl­dar şa­hy­ryň dö­re­di­ji­li­gi ru­hy baý­ly­gy­myz­dyr

9 Iýun 2024
244

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Ber­di­mu­ha­me­do­wyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­myz be­ýik ösüş­le­re eýe bol­ýar. Mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­zi dün­ýä ýaý­mak­da, nus­ga­wy ede­bi­ýa­ty­my­zy öw­ren­mek­de uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da nus­ga­wy ede­bi­ýa­ty­my­zy öw­ren­mä­ge we ýaş ne­sil­le­re wa­gyz et­mä­ge giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­di. Ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň ösüş­le­re bes­len­ýän döw­rün­de bi­lim iş­gär­le­ri hem mil­li­li­ge esas­lan­ýan çe­per gym­mat­lyk­la­ry yl­my esas­da öw­re­nip, ýaş­la­ryň ara­syn­da wa­gyz-ne­si­hat ed­ýär­ler. Hä­zir­ki wagt­da tä­ze çap­dan çy­kan «Mag­tym­gu­ly» at­ly ki­ta­byň ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­la­ry­na gat­na­şyp, bu ne­şi­riň gym­mat­ly­gy­ny dü­şün­dir­ýär­ler.

Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­li­gi hal­ky­my­zyň mil­li me­de­ni­ýe­ti­niň we däp-des­sur­la­ry­nyň gym­mat­ly­gy­ny pel­se­pe­wi pi­kir­ler­de jem­le­ýär. Şo­nuň üçin hem akyl­da­ryň eser­le­ri­ni mil­li me­de­ni­ýet­imi­ziň öze­ni ha­sap­la­ýa­rys, bu pi­kir­le­ri, pa­ra­sat­ly söz­le­ri ýaş ne­sil­le­re wa­gyz ed­ýä­ris. Bag­ty­ýar ne­sil­le­riň akyl­dar şa­hy­ra bo­lan ägirt uly söý­gü­si­ni, ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak ru­hy gym­mat­lyk­la­ry­ny, ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň sars­maz türk­men bi­na­sy­nyň do­wa­mat-do­wam­dy­gy­ny gör­mek bagt­dyr, bag­ty­ýar­lyk­dyr. Akyl­dar şa­hy­ryň ar­zuw­lan aja­ýyp za­ma­na­sy bo­lan hä­zir­ki döw­rü­miz­de mil­li me­de­ni­ýe­ti­miz dün­ýä ýa­ýyl­ýar.

Sül­gün ÝOL­LY­ÝE­WA,
Ak bug­daý et­ra­byn­da­ky 16-njy or­ta mek­de­biň mu­gal­ly­my.
Beýleki habarlar