Alma agajy (Hekaýa)

10 Iýun 2024
199

Tomus paslynyň yssy günleri bazara giren Gülaýym edil jennete düşen ýaly boldy. Gök-bakja önümleriniň, ir-iýmişdir miweleriň hoşboý ysyndan ýaňa behiştde gezmeläp ýören ýalydy. Ol biraz dem-dynjyny almak üçin gyra çekilip, gözüňi dokundyrýan täsin gözelligi synlap başlady. Şol wagt satyjynyň:

— Öz bagymyzyň almasydyr. Alyberiň arkaýyn. Şekerek almadyr — diýen sözleri gulagyna degdi. Satyjy zenanyň mylaýym sesi Gülaýymy almalaryň ýanyna eltdi. Şekerek almalar welin, hakykatdanam, agzyňy suwjardýardy. Ol bazarlap bolansoň hem satyjy zenanyň: «Öz bagymyzyň almasy» diýen sözleri gulagyndan gitmeýärdi. Bu gysgajyk pursat oňa çagalyk döwründäki alma agajy bilen baglanyşykly ýakymly wakalary göz öňünde janlandyrýardy...

Amangül NURMYRADOWA.
Beýleki habarlar