Nusgawy edebiýatymyza buýsanç

9 Iýun 2024
336

Häzirki ajaýyp döwrümizde milli medeniýetimiz dünýä ýaýylýar, nusgawy edebiýatymyzyň eserleri okyjylara ýetirilýär. Milli mirasymyzyň gymmatlygy hökmünde görülýän nusgawy edebiýatymyz nesilden-nesle geçip, biziň günlerimizde hem şöhratlanýar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ajaýyp döredijiligi bu günki gün diňe bir halkymyzy däl, eýsem, dünýä okyjylaryny hem gyzyklandyrýar. Şu günler täze çap edilen «Magtymguly» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabaralary ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki, guramalarda, edaralarda, medeni ojaklarda geçirilýär. Bu ajaýyp kitapda akyldar şahyryň baý many-mazmunly goşgulary okyjyny has-da gyzyklandyrýar, köňüllere ylham berýär.

Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiligi her bir ynsan üçin gymmatlydyr, ruhy baýlykdyr. Akyldar şahyr goşgularynyň üsti bilen ähli ynsany ýagşylyga, ynsanperwerlige, hoşniýetlilige çagyrýar. Çeper sözüň üsti bilen beýan edilýän her paýhas pelsepe derejesine eýe bolýar. Söz adamyň kalbyna barýan, ynsany dogry ýola ugrukdyrýan gymmatlyk hasaplanýar. Şonuň üçin hem söz ussadynyň goşgy setirleri adam üçin ruhy gymmatlyk bolup hyzmat edýär.

Güljemal GURBANOWA,
Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar