Dünýä edebiýatynyň döwresi

9 Iýun 2024
72

«Magtymguly Pyragy» medeni seýilgäh toplumynda oturdylan dünýä edebiýatynyň görnükli wekilleriniň heýkelleriniň arasynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň milli edebiýatynyň görnükli wekilleriniň biri, şahyr, ýazyjy, dramaturg, žurnalist hem-de jaz aýdym-saz žanrynyň esaslandyryjylarynyň biri Lengston Hýuzyň bolmagy watandaşlarymyzda aýratyn gyzyklanma döredýär. Çünki Lengston Hýuz türkmen halkynyň dosty hem-de Magtymguly Pyragynyň döredijiligini içgin öwrenip, öz eserlerinde gülgüzar ülkämizi, myhmansöýer halkymyzy belentden wasp eden söz ussadydyr.

«Güneşiň ak nury ak altynly atyzlarda eglendi». Aýdym bolup dünýä dolan şu goşgy setirleri Lengston Hýuzyň güneşli Diýarymyzda syýahatda bolanda ýazan sözleri. Dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyna özüniň saldamly goşandyny goşan Lengstonyň keremli topragymyzda bolan döwründen bäri eýýäm bir asyr geçip barýar. Ol 1902-nji ýylyň 1-nji fewralynda Amerikanyň Missuri ştatynyň Joplin şäherinde mekdep mugallymynyň maşgalasynda dünýä inýär. Şahyryň ilkinji halypasy ejesi Koralina Merser Lengstondyr. Mekdep okuwçysyka Hýusyň şygyrlary gazet-žurnallarda çykyp başlaýar. Şoňa görä-de, Hýuz «Synpyň şahyry» lakamy bilen çagalyk ýyllary adygyp başlaýar.

Agamyrat BALTAÝEW,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bölüm başlygy, taryh ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar