Medeni mirasymyzyň merjeni

7 Iýun 2024
200

Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän dabaralar barha giň gerime eýe bolýar. Ýakynda Aşgabat şäheriniň günorta böleginde Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy möhüm taryhy wakalaryň biri boldy. Açylyş dabarasyna hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagy agzybir halkymyzda ruhy galkynyşy döretdi.

Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän dabaralar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Ykbaly göterilen türkmen halkynyň bir supranyň başynda jemlenip toýlaýan dabarasynyň şatlygy agzybirligiň, asudalygyň, parahatlygyň nyşany hökmünde ýüreklere mähir paýlaýar. Gündogaryň beýik söz ussadynyň belent ruhuny sarpalaýan bu taryhy wakalar dünýäniň ünsüni özüne çekýär. Medeni-seýilgäh toplumynda daşary ýurtly ýazyjy-şahyrlaryň heýkelleriniň oturdylmagy bolsa Magtymguly Pyragynyň arzuwlan berkarar döwletinde dost-doganlygyň dabaralanýandygynyň aýdyň beýanydyr.

Agamyrat AKYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar