"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Saglyk — jemgyýetiň iň uly gymmatlygy

Hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy Milli senenamamyzda mynasyp orun alan Bütindünýä saglyk gününiň her ýyl uly ruhubelentlikde giňden bellenilmegi watandaşlarymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlydygynyň güwäsi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, 7-nji aprelde bu şanly sene mynasybetli paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosipedli ýörişiň geçirilmegi aýratyn ähmiýete eýedir.

Şowhunly bellenilip geçildi

Ruhubelentligiň özeni Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde aprel aýynyň 7-sine Bütindünýä saglyk güni giňden bellenip geçildi. Çünki, saglyk ynsanlaryň başynyň täji, ruhy rowaçlygydyr. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Diýarymyz sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwrüldi. Halkyň saglygyny goramaklyga gönükdirilen tutumly işleriň ilaty bedenterbiýä we sporta çekmek bilen sazlaşykly utgaşdyrylmagyna badalga berilýär.

Sagdyn çaga – sagdyn geljek

«7/24. tm» №15 (202), 08.04.2024 Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň dö­re­dil­me­gi­niň üç ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li Ar­ka­dag şä­her hä­kim­li­gi­niň mej­lis­ler ja­ýyn­da «Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri­niň yn­san­per­wer­li­ge esas­lan­ýan ta­ry­hy baş­lan­gyç­la­ry: Ho­wan­dar­ly­gyň we ça­ga­la­ra mä­hir­li ga­raý­şyň nus­ga­lyk tej­ri­be­si» at­ly mas­la­hat ge­çi­ril­di. Hem­mä­mi­ziň bil­şi­miz ýa­ly, 2021-nji ýy­lyň 29-njy mar­tyn­da san­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ri­len Hö­kü­met mej­li­sin­de Mil­li Li­de­ri­miz Gahryman Ar­ka­da­gy­myz Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­ny dö­ret­mek ha­kyn­da döw­let­li Ka­ra­ra gol çek­di.

Türkmenistanda Bütindünýä saglyk güni bellenildi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy Aşgabat, 7-nji aprel (TDH). Şu gün Bütindünýä saglyk güni mynasybetli paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Milli senenamamyzda mynasyp orun alan bu senäniň her ýyl uly ruhubelentlikde giňden bellenilmegi watandaşlarymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlydygynyň güwäsi bolup durýar.

Ýurdumyzda Bütindünýä saglyk güni giňden bellenildi

7-nji aprelde paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişi geçirildi. Milli senenamamyzda mynasyp orun alan bu senäniň her ýyl uly ruhubelentlik bilen giňden bellenilmegi halkymyzyň sagdyn we işjeň durmuş ýörelgelerine ygrarlylygynyň güwäsi bolup durýar.

Saglygyň gadryny bilgil...

«7/24. tm» №15 (202), 08.04.2024 Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da Sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Şeý­le­lik­de, türk­me­nis­tan­ly­la­ryň sag­ly­gy­ny go­ra­mak bo­ýun­ça köpsan­ly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň Sag­ly­gy go­raý­şyň ha­bar­lar mer­ke­zi wa­tan­daş­la­ry­my­za sag­ly­gy go­ra­mak bi­len bag­ly mas­la­hat­la­ry hö­dür­le­ýär.

Be­den maşk­la­ry

«7/24. tm» №15 (202), 08.04.2024 Soň­ky ýyl­lar­da hor­mat­ly Pre­zi­den­timiziň baş­da dur­ma­gyn­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni dur­mu­şyň ka­da­sy­na öwür­ýän, be­den­ter­bi­ýe we sport bi­len çyn­la­kaý meş­gul­lan­ýan adam­la­ryň sa­ny bar­ha art­ýar. Mu­ňa ga­ra­maz­dan, alym­la­ryň ber­ýän mag­lu­ma­ty­na gö­rä, her bäş aýal maş­ga­la­dan, er­kek ki­şi­le­riň bol­sa her üçü­sin­den di­ňe bi­ri­si ýü­rek da­mar­la­ry­ny ke­sel­ler­den go­ra­ýan be­den maşk­la­ry­ny dog­ry we ge­rek­li muk­dar­da ýe­ri­ne ýe­tir­ýär­ler. Sport ada­myň be­den hem ru­hy sy­na­la­ry­ny tap­la­ýar, sag­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­ýar, dem alyş, ýü­rek-da­mar hem süňk-myş­sa ul­gam­la­ry­nyň iş­leý­şi­ni ka­da­laş­dyr­ýar.

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň baýramy

Bütindünýä saglyk güni her ýyl ýurdumyzda köp sanly medeni-sport çärelerine beslenýär. Aprel aýynyň dowamynda «Sagdynlyk we ruhubelentlik» şygary bilen dürli köpçülikleýin çäreler geçirilýär. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen ýurdumyzyň ygtybarly hyzmatdaşlygy hem öz ajaýyp miwelerini berýär. Türkmenistan ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde, tebigy serişdelere aýawly çemeleşip, daşky gurşawy artykmaç tüsseden, şol sanda temmäki tüssesinden goramak babatda-da netijeli işleri alyp barýar. Munuň özi adamlaryň jan saglygyny, daşky gurşawy gorap saklamagyň, sagdyn ýaşaýşy üpjün etmegiň döwlet syýasatynda ileri tutulýan möhüm ugurlaryň biridiginiň aýdyň güwäsidir. Her bir adamyň hemmetaraplaýyn sagdyn bolmagy üçin ýurdumyzda döwlet derejesinde ulgamlaýyn işler yzygiderli alnyp barylýar.

Saglygy berkitmek maksatnamalaryny iş ýerlerinde ornaşdyrmagyň ýokanç däl keselleriň öňüni almakdaky ähmiýeti

Nurmuhammet AMANNEPESOW, Esenmyrat ANNAMYRADOW, Muhammet ERGEŞOWTürkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, M.Garryýew adyndaky TDLU-nyň saglygy goraýşyň guralyşy, dolandyrylyşy we ykdysadyýeti kafedrasy «Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyna» laýyklykda, döwlet edaralarynyň, eýeçiliginiň görnüşlerine garamazdan, edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga we ýokanç däl keselleriň öňüni almaga işjeň gatnaşmagyny gazanmak, olarda işleýän işgärleriň saglygyny goramak we berkitmek boýunça amatly şertleriň hem-de mümkinçilikleriň döredilmegi bilen bedenterbiýe-sagaldyş we keselleriň öňüni almagyň beýleki çärelerini geçirmek babatda toplumlaýyn işleri amala aşyrmaklyk göz öňünde tutulýar. Munuň özi ýurdumyzda alnyp barylýan milli saglygy goraýyş ulgamynyň durmuş-ykdysady ösüş strategiýasynyň esasy ugry bolup durýandygyny aýdyň görkezýär we ol ýurdumyzy dünýäniň ykdysady taýdan ösen döwletleriň hataryna çykarmaga gönükdirilendir.

Şypahana işi hakynda milli kanunçylyk

Gülzar AŞYROWATürkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty Türkmenistanyň durmuş-ykdysady syýasatynyň durmuş ulgamynyň ösdürilmegi, möhüm mümkinçilikleriň bir ýere jemlenmegi, dolandyryşyň täzeçil tehnologiýalarynyň we öňdebaryjy usullarynyň işlenip taýýarlanylmagy hem-de ornaşdyrylmagy adam saglygyny goramagyň we pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup durýar. Munuň özi ilatyň sagdynlygynyň üpjün edilmegini, durmuş ulgamynyň giňeldilmeginiň hasabyna jemgyýetçilik baýlygynyň ýokarlandyrylmagyny göz öňünde tutýar.

Iriňli keratitiň autoplazma arkaly bejergisi döwründe gözüň buýnuz gatlagynyň neowaskulýarizasiýasynyň morfologiki aýratynlyklary (tejribede)

Aýjemal ORAZALYÝEWA, Perhat ÖWEZGYLYJOW, Merdan SÜLEÝMANOW, Jahan LAMANOWA, Gohar PETROWA, Gülnabat TOŞŞIÝEWAM. Garryýew adyndaky TDLU-nyň Ylmy-barlag merkezi, Göz keselleri ylmy-kliniki merkezi, kazyýet lukmançylygy we hukuk, patologik anatomiýa kafedralary Gözüň buýnuz gatlagy – ýagtylygyň döwülme ukybyny berjaý edýän esasy gatlak bolup durýar, onuň durulygy ýokary derejeli gurluşynyň çylşyrymlylygy bilen şertlendirilýär. Kadada onuň dokumasy gan damarsyzdyr, bu ýagdaý onuň diňe bir durulygyny üpjün etmek bilen çäklenmän, immun ulgamynyň öýjükleriniň gönüden-göni aralaşma mümkinçiliginiň ýoklugy zerarly, buýnuz gatlagyň immunologiki taýdan goraglylygyny hem şertlendirýär. Käbir patologiki hadysalarda (himiki ýanyklar, işemiýa, şikesler, gaýnaglama) buýnuz gatlagyň üýtgemeleri dürli derejeli neowaskulýarizasiýanyň we bulançaklygyň döremegi bilen dokumanyň durulygynyň peselmeginiň ýüze çykmagyny şertlendirýärler. Dürli sebäpleriň netijesinde, gözüň buýnuz gatlagynda bulançaklygyň, tegmiliň emele gelmegi zerarly dünýäde 1,5-2 mln adam monokulýar körlükden ejir çekýär [1].

Ortaky gulagyň alawlama keselleriniň ýagdaýy

Täçmyrat ALTYÝEW Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Kelle we boýun kesellerini bejeriş halkara merkezi «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ilatyň saglygyny berkitmäge, keselleriň öňüni almaga, anyklamaga we bejermäge gönükdirilen düýpli we giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar.

Üç şahaly nerwiň newralgiýasynda mikrowaskulýar dekompressiýasy geçirilen näsaglaryň deňeşdirme seljermesi

Nurgeldi SAPAROW, Taganmyrat HOJAGELDIÝEW, Saparmuhammet ANNAGELDIÝEWHalkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara newrologiýa merkezi, M.Garryýew adyndaky TDLU-nyň farmakologiýa kafedrasy, Arkadag şäheriniň Köpugurly hassahanasy Üç şahaly nerwiň newralgiýasy (trigeminal newralgiýa) – üç şahaly nerwiniň gysylmagy netijesinde döreýän, tutgaý görnüşindäki, güýçli, ýiti agyry bilen häsiýetlenýän keseldir.

II tipli süýjüli diabetli dializ alýan näsaglarda gan damar girelgesi

Nazar GARRYÝEW, Sapargeldi MÄTNEPESOW, Mekan REJEPOW S.A.Nyýazow adyndaky bejeriş-maslahat beriş merkezi, M.Garryýew adyndaky TDLU-nyň gospital hirurgiýasy kafedrasy, Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahana Süýjüli diabetde (SD) progressirleýän diabetik nefropatiýa dowamly böwrek ýetmezçiliginiň terminal derejesiniň (DBÝTD) emele gelmeginiň sebäpleriniň biridir. Hemişelik gan damar girelgeli (HGDG) meýilleşdirilen gemodializ  DBÝTD bolan näsaglary bejermekde esasy usul bolup durýar [1]. HGDG-niň täsirliligi, esasan, arteriýa-wenoz fistulasynyň (AWF) gan damar girelgesiniň ýeterlikliligi bilen kesgitlenýär. HGDG gan aýlanyş tizliginiň dializiň bellenen paýyna laýyk gelmegini we gaýra üzülmesiz uzak möhletli işjeňligini üpjün etmeli. Häzirki wagtda HGDG-niň ideal görnüşi ýok, ýöne ýerli AWF iň amatly diýlip ykrar edildi [5]. AWF-nyň işjeňliginiň dowamlylygy, takmynan, 3-6 ýyl bolup, gaýtalanýan hirurgiki gatyşmalary talap edýän gaýra üzülmeleriň (tromboz, stenoz, «ogurlyk» sindromy, anewrizmalar we ş.m.) emele gelmegi we olaryň näsaglaryň gaýtadan gospitalizasiýasynyň sebäbi bolýanlygy bejerginiň gymmatlamagy sebäpli azalýar. HGDG bolan näsaglaryň sany ýylsaýyn artýar, şeýle hem SD-den, ýürek-damar kesellerinden ejir çekýän ýaşy gartaşan adamlary

Göz çaşylykly miopiýada ametropiýanyň lazer korreksiýasynyň netijeliligi

Semşat SERDAROWA, Aýgözel GUDRATULLAÝEWA Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Göz kesellerini bejeriş halkara merkezi, Kelle we boýun kesellerini bejeriş halkara merkezi Daş taraplaýyn göz çaşylygy köp halatlarda doga ýa-da dogrumdan soňky irki döwürde dörän miopiýa sebäpli ýüze çykýar. Miopik refraksiýasy bilen utgaşýan daş taraplaýyn göz çaşylygynda, esasan, äýnek bilen optiki korreksiýa ulanylýar [1, 2]. Äýnek we kontakt linzalary arkaly optiki korreksiýa gözüň görüş ýitiligini artdyrýar we göz bäbenegiň kadaly ýerleşmegi hem-de akkomodasion göz çaşylygyň öňüni almak üçin amatly şertleri döredýär [1, 3, 4]. Optiki korreksiýanyň adaty görnüşlerini ulanmakdan saklanylan halatynda gözüň görüş ýitiligi peselýär, göz çaşylygynyň burçy artýar, ambliopiýa güýçlenýär.

Buýan köküniň gury ekstraktyny çig mal hökmünde öwrenmegiň netijeleri

Nargözel MYRATNAZAROWA, Aýsoltan TEŞÄÝEWA, Täçmyrat DURDYÝEW, Dünýägözel GYLYJOWAM.Garryýew adyndaky TDLU-nyň farmasiýa kafedrasy,«Türkmendermansenagat» birleşigi Türkmenistanda ylmy lukmançylykda buýan köp ýyllaryň dowamynda dürli keselleri bejermekde ulanylýar. Ylmy işlerde buýanyň sowuklama, süýjüli diabete, kanserlere garşy, antiwirus, antibakterial, antioksidant, immunomodulýator, sitoprotektiw, gastroprotektiw, gepatoprotektiw, neýro we kardioprotektiw täsirleriniň bardygy bellenilýär. Häzirki zaman lukmançylygynda buýanyň kökünden taýýarlanylýan dermanlyk serişdeler dem alyş ýollarynyň kesellerinde, gakylyk gopduryjy, üsgülewüge garşy serişde hökmünde hem-de aşgazan-içege kesellerini bejermekde giňden ulanylýar [1-3].

Öt ýollarynyň içki swişleriniň hirurgiki bejergisi

Nurmyrat KERIMOW, Nurmyrat KAKABAÝEW, Bahar ÇARYÝEWA Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkezi Öt daş keseli iň köp ýaýran keselleriň biri bolup, edebiýat çeşmelerinde bu kesel 10-15% ilatda duş gelýär. Mirizziniň sindromy (MS) we biliodigestiw fistula (BDF) öz içine «içki öt fistula» düşünjäni alýar, bu bolsa öt daş keseliniň (ÖDK) seýrek we giçki gaýra üzülmeleriniň biri bolup durýar. Duş geliş ýygylygy MS-de 0,3-1,4% we BDF-de 0,15-4,8%-e barabar ÖDK-den ejir çekýän näsaglaryň arasynda soňky döwür bu gaýra üzülme barha artýar.

Sagdyn jemgyýet — sagdyn durmuş

Ýurdumyzda her ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglyk güni bellenilýär. Bu baýram halkymyzyň saglygyny goramaga, keselleriň öňüni almaklyga bagyşlanan çäreleri öz içine alýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Bütindünýä saglyk güni dostlugyň we parahatçylygyň, sportuň hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan, jemgyýetimiziň agzybirligini we jebisligini alamatlandyrýan şanly sene hökmünde milli senenamamyzda aýratyn orun tutýar. Şonuň üçin hem bütindünýä bileleşik bilen birlikde eziz Diýarymyzda ýaz paslynyň jana şypaly günlerinde bu halkara baýram ýokary ruhubelentlikde, giňden bellenilýär. Bütindünýä saglyk gününiň şanyna köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleriniň geçirilmegi sagdynlygyň, ruhubelentligiň ýurdy hökmünde Türkmenistanyň abraýyny dünýä ýaýýar» diýip belläp geçýär. Bu baýramçylyk mynasybetli Diýarymyzyň ähli künjeklerinde köpçülikleýin welosipedli ýörişlerdir sport maşklary, dürli sport ýaryşlarydyr bäsleşikler ýokary ruhubelentlikde geçirilýär.

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň baýramy

Her ýylyň 7-nji aprelinde ýurdumyzda Bütindünýä saglyk güni giňden we dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär. Baýramçylyk mynasybetli Diýarymyzda bedenterbiýe-sport, sagdyn durmuş we medeni köpçülikleýin çäreleriň geçirilmegi bu ajaýyp senä uly ähmiýet berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Saglygy goraýyş we sport ulgamlary döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň durmuşynyň möhüm ugurlarydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ulgamlaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Türkmenistanda ilatyň saglygyny goramak köpugurly wezipe bolmak bilen, ol diňe bir dürli keselleriň öňüni almak, olary irki döwürlerde anyklamak we netijeli bejermek bilen çäklenmän, eýsem, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ilaty köpçülikleýin bedenterbiýe hem-de sport bilen meşgullanmaga işjeň çekmek wezipelerini hem öz içine alýar.

Saglykdan özge bagt bolmaz

Garaşsyz Watanymyzda sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek, ynsan saglygyny berkitmek, keselleriň öňüni almak ugrunda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Her ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglyk gününiň ýurdumyzda hem uly şatlyk-şowhun bilen bellenilmegi ösüşleriň täze belentlikleriniň sakasynda duran sagdynlyk we ruhubelentlik ýörelgeleriniň dowamat-dowam bolýandygyny aýdyň görkezýär. Bu sene parahatçylygy, dostlugy, sporty hem-de ynsanperwerligi rowaçlandyrýan, agzybirligimizi we jebisligimizi has-da berkidýän şanly wakalara beslenýär. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde sport baýramçylygy giňden ýaýbaňlandyrylýar. Bütindünýä saglyk gününiň köpçülikleýin welosipedli ýörişler bilen utgaşdyrylmagy, sport bäsleşikleriniň geçirilmegi ýaly çäreleriň guralmagy il-günüň sagdynlygy, bagtyýarlygy ugrundaky edilýän aladalardan gözbaş alýar. Çünki sport we bedenterbiýe sagdyn durmuş ýörelgelerini öz içine alyp, halkyň sagdyn pikirli, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly bolmagyna getirýär.