Saglyk — jemgyýetiň iň uly gymmatlygy

8 Aprel 2024
309

Hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

Milli senenamamyzda mynasyp orun alan Bütindünýä saglyk gününiň her ýyl uly ruhubelentlikde giňden bellenilmegi watandaşlarymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlydygynyň güwäsi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, 7-nji aprelde bu şanly sene mynasybetli paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosipedli ýörişiň geçirilmegi aýratyn ähmiýete eýedir.

«Nesil».
Beýleki habarlar