Sagdyn jemgyýet — sagdyn durmuş

5 Aprel 2024
333

Ýurdumyzda her ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglyk güni bellenilýär. Bu baýram halkymyzyň saglygyny goramaga, keselleriň öňüni almaklyga bagyşlanan çäreleri öz içine alýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Bütindünýä saglyk güni dostlugyň we parahatçylygyň, sportuň hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan, jemgyýetimiziň agzybirligini we jebisligini alamatlandyrýan şanly sene hökmünde milli senenamamyzda aýratyn orun tutýar. Şonuň üçin hem bütindünýä bileleşik bilen birlikde eziz Diýarymyzda ýaz paslynyň jana şypaly günlerinde bu halkara baýram ýokary ruhubelentlikde, giňden bellenilýär. Bütindünýä saglyk gününiň şanyna köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleriniň geçirilmegi sagdynlygyň, ruhubelentligiň ýurdy hökmünde Türkmenistanyň abraýyny dünýä ýaýýar» diýip belläp geçýär.

Bu baýramçylyk mynasybetli Diýarymyzyň ähli künjeklerinde köpçülikleýin welosipedli ýörişlerdir sport maşklary, dürli sport ýaryşlarydyr bäsleşikler ýokary ruhubelentlikde geçirilýär.

Beýleki habarlar