Iriňli keratitiň autoplazma arkaly bejergisi döwründe gözüň buýnuz gatlagynyň neowaskulýarizasiýasynyň morfologiki aýratynlyklary (tejribede)

5 Aprel 2024
379

Aýjemal ORAZALYÝEWA, Perhat ÖWEZGYLYJOW, Merdan SÜLEÝMANOW, Jahan LAMANOWA, Gohar PETROWA, Gülnabat TOŞŞIÝEWA
M. Garryýew adyndaky TDLU-nyň Ylmy-barlag merkezi,
Göz keselleri ylmy-kliniki merkezi, kazyýet lukmançylygy we hukuk, patologik anatomiýa kafedralary

Gözüň buýnuz gatlagy – ýagtylygyň döwülme ukybyny berjaý edýän esasy gatlak bolup durýar, onuň durulygy ýokary derejeli gurluşynyň çylşyrymlylygy bilen şertlendirilýär. Kadada onuň dokumasy gan damarsyzdyr, bu ýagdaý onuň diňe bir durulygyny üpjün etmek bilen çäklenmän, immun ulgamynyň öýjükleriniň gönüden-göni aralaşma mümkinçiliginiň ýoklugy zerarly, buýnuz gatlagyň immunologiki taýdan goraglylygyny hem şertlendirýär. Käbir patologiki hadysalarda (himiki ýanyklar, işemiýa, şikesler, gaýnaglama) buýnuz gatlagyň üýtgemeleri dürli derejeli neowaskulýarizasiýanyň we bulançaklygyň döremegi bilen dokumanyň durulygynyň peselmeginiň ýüze çykmagyny şertlendirýärler. Dürli sebäpleriň netijesinde, gözüň buýnuz gatlagynda bulançaklygyň, tegmiliň emele gelmegi zerarly dünýäde 1,5-2 mln adam monokulýar körlükden ejir çekýär [1].

Beýleki habarlar