Saglygy berkitmek maksatnamalaryny iş ýerlerinde ornaşdyrmagyň ýokanç däl keselleriň öňüni almakdaky ähmiýeti

5 Aprel 2024
395

Nurmuhammet AMANNEPESOW, Esenmyrat ANNAMYRADOW, Muhammet ERGEŞOW
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi,
M.Garryýew adyndaky TDLU-nyň saglygy goraýşyň guralyşy, dolandyrylyşy we ykdysadyýeti kafedrasy

«Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyna» laýyklykda, döwlet edaralarynyň, eýeçiliginiň görnüşlerine garamazdan, edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga we ýokanç däl keselleriň öňüni almaga işjeň gatnaşmagyny gazanmak, olarda işleýän işgärleriň saglygyny goramak we berkitmek boýunça amatly şertleriň hem-de mümkinçilikleriň döredilmegi bilen bedenterbiýe-sagaldyş we keselleriň öňüni almagyň beýleki çärelerini geçirmek babatda toplumlaýyn işleri amala aşyrmaklyk göz öňünde tutulýar. Munuň özi ýurdumyzda alnyp barylýan milli saglygy goraýyş ulgamynyň durmuş-ykdysady ösüş strategiýasynyň esasy ugry bolup durýandygyny aýdyň görkezýär we ol ýurdumyzy dünýäniň ykdysady taýdan ösen döwletleriň hataryna çykarmaga gönükdirilendir.

Beýleki habarlar