Sagdynlygyň we ruhubelentligiň baýramy

6 Aprel 2024
320

Bütindünýä saglyk güni her ýyl ýurdumyzda köp sanly medeni-sport çärelerine beslenýär. Aprel aýynyň dowamynda «Sagdynlyk we ruhubelentlik» şygary bilen dürli köpçülikleýin çäreler geçirilýär. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen ýurdumyzyň ygtybarly hyzmatdaşlygy hem öz ajaýyp miwelerini berýär. Türkmenistan ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde, tebigy serişdelere aýawly çemeleşip, daşky gurşawy artykmaç tüsseden, şol sanda temmäki tüssesinden goramak babatda-da netijeli işleri alyp barýar. Munuň özi adamlaryň jan saglygyny, daşky gurşawy gorap saklamagyň, sagdyn ýaşaýşy üpjün etmegiň döwlet syýasatynda ileri tutulýan möhüm ugurlaryň biridiginiň aýdyň güwäsidir.

Her bir adamyň hemmetaraplaýyn sagdyn bolmagy üçin ýurdumyzda döwlet derejesinde ulgamlaýyn işler yzygiderli alnyp barylýar.

Ogulmähri GELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň direktory.
Beýleki habarlar