"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

3-nji iýun — Bütindünýä welosiped güni

Ynsan üçin ähmiýetli ulag «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul eden Kararnamasy esasynda, her ýylyň 3-nji iýunynyň «Bütindünýä welosiped güni» diýlip yglan edilenine alty ýyl dolýar. Şondan bäri her ýyl bu sene dünýäniň ähli künjeginde ýokary derejede bellenilip gelinýär.

Türgenlerimiziň üstünlikleri

Ýakynda paýtagtymyzda ýerleşýän «Aşgabat» stadionynyň döwrebap meýdançasynda Türkmenistanyň Ýeňil atletika federasiýasynyň guramagynda milli ýygyndy toparymyzyň düzümini has-da berkitmek, güýçli türgenleri ýüze çykarmak, olaryň ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmek, halkara ýaryşlaryna taýýarlamak maksady bilen, ýurdumyzyň çempionaty geçirildi. Geçirilýän bäsleşikleriň ählisine-de işjeň gatnaşyp, ýokary netijeleri görkezýän Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby gullukçysy, halypa tälimçi, podpolkownik Maksatmyrat Ekberdiýewiň taýýarlan türgenleri bu çempionata hem işjeň gatnaşyp, özleriniň ussatlyklaryny ýene bir ýola görkezmegi başardylar. 200 metr aralyga ylgamakda günsaýyn ýokary netijeleri görkezýän milli ýygyndymyzyň düzümine täze goşulan sport ussady, harby talyp Abdyrahman Nurgeldiýewiň sport ussatlaryndan ybarat bolan milli ýygyndymyzyň türgenleri bilen bäsleşip, baýrakly 3-nji orny eýelemegi harby türgenleriň buýsanjyny has-da artdyrdy. 400 metr aralyga ylgamakda bolsa, bäsdeşlerinden has-da tapawutlanmagy başaran harby talyp Agamämmet Agageldiýew ilkinji gezek ýurdumyzyň çempionlygyny gazandy. Şeýle-de harby talyp Wepa Döwletmyradow hem baýrakly 3-nji orna mynasyp boldy.

Sport syýasaty rowaçlanýar

Uly ynamyň çözgüdi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyz bu günki gün sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwrüldi. Diýarymyzyň çar künjeginde gurlup, ulanylmaga berlen döwrebap stadionlar, sport mekdepleri, atçylyk sport toplumlary we dürli sport desgalary sport syýasatyny durmuşa geçirmekde, bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde täze mümkinçilikleri açýar. Türkmenistan döwletimiziň halkara sport abraýy guwançly belentliklere çykýar. Muňa türkmen türgenleriniň dünýä çempionatlarynda we halkara ýaryşlarynda gazanýan üstünlikleri doly şaýatlyk edýär.

Bedenterbiýe hereketi işjeň ösýär

Welosportuň ýurdumyzdaky taryhy 1894-nji ýylda Aşgabatda welosipedçileriň jemgyýetiniň döredilmegi hem-de şondan bir ýyl soň ilkinji gezek welosiped ýaryşynyň geçirilmegi bilen baglanyşyklydyr. 2018-nji ýylda merjen paýtagtymyzyň «Aşgabat» köpugurly stadionynda welosiped sürmek boýunça iň köp sanly watandaşlarymyzyň gatnaşmagynda okuw sapagy geçirildi hem-de dünýä rekordy goýuldy. Şeýle hem 2019-njy ýylda 2019 welosipedçiniň gatnaşmagynda iň dowamly bir nyzamly welosipedli ýörişi geçirilip, Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Türkmenistanda yzygiderli alnyp barylýan döwlet syýasatynyň netijesinde sagdyn durmuş ýörelgesi üçin köpçülikleýin bedenterbiýe hereketi işjeň ösýär. Halkyň abadançylygy, adamlaryň beden we ruhy saglygy, fiziki taýdan güýçli, akyl taýdan ösen, giň düşünjeli ýaşlaryň terbiýesi baradaky aladalar ýurdumyzda iň möhüm döwlet wezipeleriniň derejesine çykaryldy.

3-nji iýun — Bütindünýä welosiped güni

Halypanyň şowly menzilleri Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Şu işlerde welosiped sporty meşhurlygy bilen tapawutlanyp, ol ilatyň, türgenleriň arasynda uly gyzyklanma döredýär. Indi dürli aralyklara welosipedli ýörişler köpçülikleýin häsiýete eýe bolýar. Bilşimiz ýaly, Türkmenistan döwletimiziň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 3-nji iýunyň Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan etmek hakynda Kararnamanyň kabul edilmegi taryhy waka bolup, bütin dünýäde uly goldawa eýe bolupdy. Indi her ýylyň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni hökmünde giňden bellenilip geçilýär.

Sagdyn durmuşy, sporty dabaralandyrýan baýram

3-nji iýun — Bütindünýä welosiped güni Her ýylyň 3-nji iýunynda Ýer ýüzüniň çar künjeginde bellenilýän Bütindünýä welosiped güni Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde aýratyn sarpa, söýgi bilen garşylanyp, ählihalk derejesinde giňden toýlanýar. Munuň şeýle bolmagy, elbetde, bu halkara baýramyň döredilmeginde biziň ýurdumyzyň öňe süren başlangyjynyň durýanlygyndadyr. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde geçirilen 72-nji sessiýasynyň 82-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnamanyň kabul edilmegi döwletimiziň dünýä ýüzünde at-abraýynyň belentdigini ýene bir ýola görkezmek bilen birlikde, Ýer ýüzünde sagdyn durmuş ýörelgesiniň, sportuň ýaýbaňlanmagy babatda hem ýurdumyzda nusgalyk işleriň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsi boldy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2022-nji ýylyň 15-nji martynda geçirilen 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi bolsa, bu hakykaty ýene bir ýola dabaralandyrdy. Bu taryhy çözgütl

Ikinji aýlaw tamamlandy

Futbol Milli futbol çempionatymyzyň ikinji aýlawynyň soňky iki tapgyry hem gyzykly oýunlary peşgeş berdi. Balkanabat şäheriniň «Nebitçi» topary 17-nji tapgyrdaky duşuşygyny Aşgabatda «Köpetdag» bilen geçirip, onda ýer eýelerinden Myrat Ýagşyýewiň 6-njy minutda derwezä girizen pökgüsi oýnuň ykbalyny kesgitledi.

Aşgabat — Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabadyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň möhüm wakalarynyň biri boldy. Mälim bolşy ýaly, bu çözgüt 24-nji maýda türkmen paýtagtynda geçirilen GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň çäklerinde biragyzdan kabul edildi. Munuň özi Aşgabat şäheriniň gününiň öňüsyrasynda ildeşlerimiz üçin ajaýyp sowgat boldy. Ýurdumyzda we daşary döwletlerde uly seslenmä eýe bolan bu şanly waka Türkmenistanyň GDA-nyň giňişliginde sport ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşýan uly goşandynyň nobatdaky ykrarnamasydyr. Bitarap Türkmenistan Arkalaşygyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, dürli ugurlardaky, şol sanda sport ulgamyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça anyk teklipleri öňe sürýär hem-de döwletara gatnaşyklar meselelerinde hemişe işjeň orny eýeleýär. 2022-nji ýylyň oktýabrynda Astanada geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň sammitinde hormatly Prezidentimiziň Arkalaşygyň çäklerinde sport hyzmatdaşlygyny giňeltmek maksady bilen, GDA-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça geňeşiniň howandarlygynda halkara sport ýaryşlaryny geçirmek boýunça utgaşdyryjy komiteti döretmek barada öňe süren teklibi, şeýle

Peruwda gazanylan medallar

22 — 26-njy maý aralygynda Peruwyň paýtagty Lima şäherinde agyr atletika boýunça ýetginjekleriň arasynda dünýä çempionaty geçirildi. Ýaryşa dünýäniň 50 ýurdundan 280 türgen gatnaşdy. Ýaryşda 102 kilograma çenli agramda çykyş eden ildeşimiz Süleýman Jafarow ýetginjekleriň arasynda dünýäniň çempiony boldy. Zehinli türgen ştangany silterläp götermekde 143 kilogram agyrlygy boýun egdirip, altyn medal gazandy. Itekläp götermek boýunça görkezen 170 kilogramlyk netijesi bolsa türkmen türgenine bürünç medal getirdi. Iki görnüşiň jemi boýunça 313 kilogram (143+170) netije gazanan ildeşimiz umumy hasapda hem altyn medala mynasyp bolmagy başardy. Ýaş türgen häzirki wagtda Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysynyň baş tälimçisi Ahmet Saryýewiň ýolbaşçylygynda türgenleşik geçýär.

Aşgabat — sport şäheri

Ýakynda paýtagtymyzda geçen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisinde Aşgabat şäherini Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri diýip yglan etmek hakyndaky Çözgüdiň kabul edilmegi şatlygymyzy goşalandyrdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, ak mermerli paýtagtymyz has-da gözelleşip, dünýäniň iri, ösen, ýaşamak üçin örän amatly, owadan şäherleriniň hataryndaky ornuny barha berkidýär. Aşgabat özüniň ajaýyp binalary, giň şaýollary, seýilgähleridir seýilbaglary, suw çüwdürimleri bilen göreni haýrana galdyryp, halkara hyzmatdaşlygynyň, Bitaraplygyň we parahatçylyk söýüjiligiň ykrar edilen merkezine öwrülýär. Aşgabatda şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, baş şäherimizde sport maksatly desgalaryň, iri toplumlaryň hatary barha giňeýär. Bu bolsa, sebitiň sport merkezi hökmünde ykrar edilen Aşgabadyň sport mümkinçilikleriniň artmagyna itergi bolýar.

«Eý, sport! Sen — parahatçylyk!»

Ýazgymyza sözbaşy hökmünde saýlanan buýsançly şygar XIX asyryň ahyrynda häzirki döwrüň Olimpiýa oýunlarynyň geçirilip başlanmagy ugrunda uly işleri bitiren fransiýaly görnükli jemgyýetçilik işgäri Pýer de Kuberteniň sporta bagyşlanan odasynyň jemleýji bendinde beýan edilýär. Biziň eýýamymyzdan öňki VIII asyrda Gadymy Gresiýada geçirilip başlanan Olimpiýa oýunlarynyň dowam edýän döwründe şäherleriňdir döwletleriň arasyndaky gapma-garşylyklaryň ýatdan çykarylyp, bäsleşikleriň hakyky baýramçylyk ruhuna beslenendigi barada oýlananyňda, sportuň turuwbaşdan parahatçylyk dörediji güýje eýe bolandygyna ynanýarsyň. Hut şonuň üçin-de, Garaşsyz ýurdumyzda sporta diňe bir köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň ösdürilmeginiň serişdesi däl, eýsem, dünýäde parahatçylygy berkitmegiň, halklaryň arasynda dost-doganlygy pugtalandyrmagyň möhüm şerti hökmünde hem garalýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda bedenterbiýe we sport jemgyýetimizi jebisleşdirýän, ýaş nesilleri beden hem ruhy taýdan terbiýelemäge ýardam edýän gymmatlyga öwrüldi. Türkmenistanly türgenler jahanyň çar ýanynda guralýan halkara ýaryşlarda gazanan ýeňişleri bilen ýaşyl Tugumyzy belentde parladyp, Watanymyzyň abraýyny beýgeltse, paýtagtym

Şaşka bäsleşigi

9-njy tapgyr Aklar başlaýar we utýarKombinasiýa 3 utuk berilýär

Ýaş pälwanlarymyzyň üstünlikleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bedenterbiýe-sagaldyş hereketlerini, sporty ösdürmek babatda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Bedenterbiýäniň we sportuň rowaçlanmagy, ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip ýaşamaklary üçin ýurdumyzyň ähli etrapdyr şäherlerinde giň mümkinçilikler döredilýär. Türgenlerimiz gerekli sport enjamlary bilen üpjün edilen sport toplumlarydyr mekdeplerde dürli sport ýaryşlaryna taýýarlyk, türgenleşik  işlerini geçýärler. Çagalar we ýetginjekler sport mekdebimizde mekdep okuwçylarynyň okuwdan boş wagtlary bedenterbiýäniň we sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklary, olaryň geljekde ýurdumyzyň sport abraýyny belende galdyrjak türgenler bolup ýetişmekleri üçin okuw-türgenleşik işleri talabalaýyk guralýar. Bu ýerde ýokary derejeli, sport ussady, sport ussatlygyna dalaşgär bolan tälimçileriň birnäçesi zähmet çekýär. Sport mekdebinde ýaşlar sportuň türkmen milli göreşi, futbol, woleýbol, stoluň üstünde oýnalýan tennis, futzal görnüşleri bilen meşgullanýarlar.

Duşak şäherçesindäki sport mekdebinde ýaryş geçirildi

Kaka etrabynyň bedenterbiýe we sport bölüminiň Duşak şäherçesindäki sport mekdebinde sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar yzygiderli geçirilýär. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp futbol boýunça sport mekdebiniň birinjiligini almak ugrunda geçirilen ýaryş gyzykly bäsleşikleriň biri boldy. Oňa sport mekdebine gatnaýan ýaşlardan düzülen toparlaryň birnäçesi gatnaşdy. Çekeleşikli geçen ýaryşda mekdebiň futbol boýunça tälimçisi Penamyrat Babajanowdan tälim alýan ýaşlar birinji, Orazmyrat Orazgeldiýewiň tälim berýän ýaşlary ikinji, Rejepgeldi Jumageldiýewiň şägirtleri üçünji orunlary eýeledi. Ýeňijiler dabaraly ýagdaýda sylaglandy.

Aşgabat — sport mümkinçilikleriniň şäheri

Ulus-ilimiz Aşgabat şäheriniň gününi şatlyk-şowhun bilen belläp geçdi. Şol sanly günlerde Aşgabat şäheriniň Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri diýlip yglan edilendigi hakdaky habary eşidip, toý şatlygymyz has-da goşalandy. Paýtagtymyzda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisinde Aşgabat şäherini Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri diýip yglan etmek hakynda kabul edilen Çözgüt ýurdumyzyň baş şäheriniň halkara derejesindäki şan-şöhratyny has-da dabaralandyrdy. Aşgabat bu gün gaýtalanmajak keşbi bilen dünýäni haýrana goýýar. Aşgabadyň häzirki zaman keşbi ylmyň döwrebap gazananlaryna, binagärlik we şähergurluşyk tejribesiniň öňdebaryjy nusgalaryna, ýaşaýyş-durmuş, inžener-tehniki üpjünçiliginiň kämil innowasion çemeleşmelerine hem-de millilik keşbine daýanýar. Paýtagtymyzyň keşbine bezeg çaýýan binadyr desgalaryň, ymaratlaryň her birinde özboluşly äheňler bar. Aşgabadyň bezegini artdyrýan sport desgalary bolsa, halkara derejedäki sport ýaryşlaryny guramaga we üstünlikli geçirmäge giň şertleri döredýär. Geçen ýyllarda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde geçirilen iri ýaryşlar hem şeýle diýmäge esas berýär.

Türkmen agyr atletikaçylarynyň üstünligi

22 — 26-njy maý aralygynda Perunyň Lima şäherinde agyr atletika boýunça ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionaty geçirildi. Dünýäniň 50 döwletinden 280-den gowrak türgeni bir ýere jemlän bu ýaryşda türkmen agyr atletikaçylary hem üstünlikli gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Has takygy, 49 kilograma çenli agram derejede çykyş eden Ogulşat Amanowa üç medala mynasyp boldy. Ol öz agram derejesinde silterläp götermekde 77 kilogram netije bilen kiçi altyn, itekläp götermekde bolsa 91 kilogram görkeziji bilen kiçi bürünç medala eýelik etdi. Şeýlelikde, iki görnüşiň jemi boýunça 168 kilogram görkeziji bilen uly kümüş medala mynasyp boldy. Mundan başga-da, 67 kilograma çenli agram derejede çykyş eden türkmen türgeni Didarbek Jumabaýew itekläp götermekde 155 kilogram görkeziji bilen kiçi bürünç medalyň eýesi boldy. Ol iki görnüşiň jemi boýunça 372 kiogram (117+155) netije görkezip, dördünji orny eýeledi.

ÝÇL-iň täzelenen geçiş tertibi barada maglumat berildi

23-nji maýda UEFA-nyň wekilleri köpçülikleýin habar beriş serişdelerine Ýewropanyň çempionlar ligasynyň indiki möwsümde nähili ýagdaýda geçjekdigi barada maglumat berdiler. Oňa laýyklykda, ýaryşyň geçiriliş tertibinde, esasan, şu aşakdaky üýtgeşmeler bolar: Ýaryşa gatnaşýan toparlaryň sany 32-den 36-a çenli artdyrylar.

«Al Aýn» AFK Çempionlar ligasynyň çempiony boldy

Birleşen Arap Emirlikleriniň «Al Aýn» topary AFK Çempionlar ligasynyň 2023-2024-nji ýylky möwsüminiň ýeňijisi boldy. Iki oýundan ybarat finalyň ikinji duşuşygynda «Al Aýn» Ýaponiýanyň «Ýokogama Marinos» toparyny 5:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Finalyň deslapky oýnunda «Ýokogama Marinos» öz öýünde 2:1 hasabynda garşydaşyndan üstün çykypdy. Şeýlelikde, iki oýnuň netijesine görä, «Al Aýn» AFK Çempionlar ligasynyň şu möwsüminiň çempiony boldy.

«Mançester Ýunaýted» Angliýanyň Kubogynyň finalynda «Mançester Sitiden» üstün çykdy

Geçen hepdäniň şenbe güni «Uembli» stadionynda futbol boýunça Angliýanyň Kubogynyň final oýny geçirildi. Onda Mançester şäheriniň iki kluby «Mançester Ýunaýted» we «Mançester Siti» meýdança çykdylar. Duşuşyk 2:1 hasabynda «Mançester Ýuneýtediň» peýdasyna tamamlandy. Oýunda ýeňiş gazanan toparyň gollaryny Alehandro Granaço (30) we Kabi Maýnu (39), «Mançester Sitiniň» ýeke-täk goluny bolsa Žeremi Doku (87) derwezä gönükdirdi.

«Zenit» altynjy gezek Russiýanyň çempiony

Sankt-Peterburgyň «Zenit» kluby Russiýanyň premýer-ligasynda bassyr altynjy gezek çempion boldy. Geçen hepdäniň şenbe güni geçirilen ahyrky tapgyrdan ozal, ikinji ýerde barýan «Zenit» 30-njy tapgyryň oýnunda «Rostowy» 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Soňky tapgyrdan öň çempionlyga esasy dalaşgär hasaplanan «Dinamo» bolsa myhmançylykda «Krasnodardan» 1:0 hasabynda asgyn geldi. Şunlukda, «Zenit» 57 utuk bilen çempiona öwrüldi. Ýeri gelende bellesek, 2002-nji ýyldan bäri RPL-iň taryhynda hiç bir topar şeýle az utuk bilen çempion bolup bilmändi. Ikinji ýer 56 utuk toplan «Krasnodara», üçünji ýer bolsa şonça utuk toplan «Dinamo» nesip etdi. Şeýle-de güýçli bäşlikden «Lokomotiw» (53 utuk) hem-de «Spartak» (50 utuk) toparlary orun aldylar. Maglumat üçin, «Zenit» Russiýanyň premýer-ligasynda iň köp çempion bolan topardyr. Toparyň hasabynda 10 sany çempionlyk bar.