Sagdyn durmuşy, sporty dabaralandyrýan baýram

29 Maý 2024
199

3-nji iýun — Bütindünýä welosiped güni

Her ýylyň 3-nji iýunynda Ýer ýüzüniň çar künjeginde bellenilýän Bütindünýä welosiped güni Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde aýratyn sarpa, söýgi bilen garşylanyp, ählihalk derejesinde giňden toýlanýar. Munuň şeýle bolmagy, elbetde, bu halkara baýramyň döredilmeginde biziň ýurdumyzyň öňe süren başlangyjynyň durýanlygyndadyr. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde geçirilen 72-nji sessiýasynyň 82-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnamanyň kabul edilmegi döwletimiziň dünýä ýüzünde at-abraýynyň belentdigini ýene bir ýola görkezmek bilen birlikde, Ýer ýüzünde sagdyn durmuş ýörelgesiniň, sportuň ýaýbaňlanmagy babatda hem ýurdumyzda nusgalyk işleriň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsi boldy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2022-nji ýylyň 15-nji martynda geçirilen 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi bolsa, bu hakykaty ýene bir ýola dabaralandyrdy. Bu taryhy çözgütler ýurdumyzyň sport-bedenterbiýe we sagaldyş hereketini hem-de bu ugurda dünýäde hyzmatdaşlygy ösdürmekde, ekologik medeniýeti kemala getirmekde öňdebaryjy orna eýediginiň we aýratyn işjeňlik görkezýändiginiň kepiline öwrüldi diýip, buýsanç bilen aýtmaga doly hakymyz bardyr.

Aşyrberdi Gurbanow,
«Balkan».
Beýleki habarlar