«Eý, sport! Sen — parahatçylyk!»

27 Maý 2024
240

Ýazgymyza sözbaşy hökmünde saýlanan buýsançly şygar XIX asyryň ahyrynda häzirki döwrüň Olimpiýa oýunlarynyň geçirilip başlanmagy ugrunda uly işleri bitiren fransiýaly görnükli jemgyýetçilik işgäri Pýer de Kuberteniň sporta bagyşlanan odasynyň jemleýji bendinde beýan edilýär. Biziň eýýamymyzdan öňki VIII asyrda Gadymy Gresiýada geçirilip başlanan Olimpiýa oýunlarynyň dowam edýän döwründe şäherleriňdir döwletleriň arasyndaky gapma-garşylyklaryň ýatdan çykarylyp, bäsleşikleriň hakyky baýramçylyk ruhuna beslenendigi barada oýlananyňda, sportuň turuwbaşdan parahatçylyk dörediji güýje eýe bolandygyna ynanýarsyň. Hut şonuň üçin-de, Garaşsyz ýurdumyzda sporta diňe bir köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň ösdürilmeginiň serişdesi däl, eýsem, dünýäde parahatçylygy berkitmegiň, halklaryň arasynda dost-doganlygy pugtalandyrmagyň möhüm şerti hökmünde hem garalýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda bedenterbiýe we sport jemgyýetimizi jebisleşdirýän, ýaş nesilleri beden hem ruhy taýdan terbiýelemäge ýardam edýän gymmatlyga öwrüldi. Türkmenistanly türgenler jahanyň çar ýanynda guralýan halkara ýaryşlarda gazanan ýeňişleri bilen ýaşyl Tugumyzy belentde parladyp, Watanymyzyň abraýyny beýgeltse, paýtagtymyz Aşgabat sebit we dünýä derejesindäki sport merkezi hökmünde ykrar edildi. Soňky 10 ýyldan gowrak döwürde ýurdumyzda iri sport ýaryşlarynyň ençemesi, şol sanda 2014-nji ýylda windsörfing boýunça dünýä Kubogyny almak ugrundaky ýaryşlaryň tapgyry, 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, 2018-nji ýylda Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty, «Amul — Hazar» halkara awtorallisi, 2023-nji ýylda Kuraş boýunça dünýä çempionaty üstünlikli geçirildi. Şu ýylyň aprelinde Aşgabatda GDA döwletleriniň we beýleki ýurtlaryň toparlarynyň gatnaşmagynda geçirilen hokkeý boýunça halkara ýaryş ajaýyp sport baýramçylygy hökmünde hakydamyzda galdy.

Ahmet GELDIÝEW,
«Watan».
Beýleki habarlar