Türgenlerimiziň üstünlikleri

29 Maý 2024
314

Ýakynda paýtagtymyzda ýerleşýän «Aşgabat» stadionynyň döwrebap meýdançasynda Türkmenistanyň Ýeňil atletika federasiýasynyň guramagynda milli ýygyndy toparymyzyň düzümini has-da berkitmek, güýçli türgenleri ýüze çykarmak, olaryň ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmek, halkara ýaryşlaryna taýýarlamak maksady bilen, ýurdumyzyň çempionaty geçirildi. Geçirilýän bäsleşikleriň ählisine-de işjeň gatnaşyp, ýokary netijeleri görkezýän Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby gullukçysy, halypa tälimçi, podpolkownik Maksatmyrat Ekberdiýewiň taýýarlan türgenleri bu çempionata hem işjeň gatnaşyp, özleriniň ussatlyklaryny ýene bir ýola görkezmegi başardylar.

200 metr aralyga ylgamakda günsaýyn ýokary netijeleri görkezýän milli ýygyndymyzyň düzümine täze goşulan sport ussady, harby talyp Abdyrahman Nurgeldiýewiň sport ussatlaryndan ybarat bolan milli ýygyndymyzyň türgenleri bilen bäsleşip, baýrakly 3-nji orny eýelemegi harby türgenleriň buýsanjyny has-da artdyrdy. 400 metr aralyga ylgamakda bolsa, bäsdeşlerinden has-da tapawutlanmagy başaran harby talyp Agamämmet Agageldiýew ilkinji gezek ýurdumyzyň çempionlygyny gazandy. Şeýle-de harby talyp Wepa Döwletmyradow hem baýrakly 3-nji orna mynasyp boldy.

Serdar SAPAROW,
borçnama boýunça harby gullugyň starşinasy.
Beýleki habarlar