«Zenit» altynjy gezek Russiýanyň çempiony

27 Maý 2024
181

Sankt-Peterburgyň «Zenit» kluby Russiýanyň premýer-ligasynda bassyr altynjy gezek çempion boldy. Geçen hepdäniň şenbe güni geçirilen ahyrky tapgyrdan ozal, ikinji ýerde barýan «Zenit» 30-njy tapgyryň oýnunda «Rostowy» 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Soňky tapgyrdan öň çempionlyga esasy dalaşgär hasaplanan «Dinamo» bolsa myhmançylykda «Krasnodardan» 1:0 hasabynda asgyn geldi. Şunlukda, «Zenit» 57 utuk bilen çempiona öwrüldi. Ýeri gelende bellesek, 2002-nji ýyldan bäri RPL-iň taryhynda hiç bir topar şeýle az utuk bilen çempion bolup bilmändi. Ikinji ýer 56 utuk toplan «Krasnodara», üçünji ýer bolsa şonça utuk toplan «Dinamo» nesip etdi. Şeýle-de güýçli bäşlikden «Lokomotiw» (53 utuk) hem-de «Spartak» (50 utuk) toparlary orun aldylar.

Maglumat üçin, «Zenit» Russiýanyň premýer-ligasynda iň köp çempion bolan topardyr. Toparyň hasabynda 10 sany çempionlyk bar.

Taýýarlan: Yhlas GURBANOW,
TDBGI-niň talyby.
Beýleki habarlar