Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Makalalar

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 18-nji ýanwarda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gar gatyşykly ýagyş ýagar, ümürli bolmagy mümkin. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine 0... -2° sowuk, gündizine 0... +2° maýyl bolar. Howanyň basyşy 738 mm, çyglylygy 70 — 90%.

Ho­wa mag­lu­ma­ty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 18-nji ýanwarda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gar gatyşykly ýagyş ýagar, ümürli bolmagy mümkin. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine 0... -2° sowuk, gündizine 0... +2° maýyl bolar. Howanyň basyşy 738 mm.           Çyglylygy 70-90%.

Her pas­lyň öz gö­zel­li­gi bar

«724.tm», № 03 (86), 17.01.2022 Ata-ba­ba­la­ry­myz «Gy­şyň gü­ni kyrk tüýs­li, kyr­ky­sy-da gy­lyk­syz» di­ýip bel­läp­dir­ler. Dog­ru­da­nam, bi­ziň ýur­du­myz­da gyş pas­ly­nyň di­ňe bir aýaz­ly, gar­ly ho­wa­sy bar di­ýip aý­dyp bol­maz. Gyş pas­lyn­da sä­her bi­len ho­wa so­wuk, ümür­li bol­sa-da, gü­nor­tan Gün nu­ru­ny saç­ýar. Ýa bol­ma­sa Gü­neş­li as­ma­ny bir­den bu­lut gap­lap, ýa­gyş ýa­gyp, soň­ra bol­sa ýa­gyş öz or­nu­ny gar bi­len hem ça­lyş­ýan pur­sat­la­ry­na duş ge­len­di­ris.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 17-nji ýanwarda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günüň ahyrynda az-kem ýagyş ýagar, ümürli bolmagy mümkin. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -1° sowukdan +1° çenli, gündizine +3... +5° maýyl bolar.  Howanyň basyşy 736 mm.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 15-nji ýanwarda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar, ümürli bolmagy mümkin. Günorta-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +1... +3°, gündizine +7... +9° maýyl bolar. Howanyň basyşy 735 mm, çyglylygy 60 — 80%.

Zeminiň «Aý daglary»

Bu ýerleri ilki göreniňde, oňa Aýyň ýa-da başga bir saýýaranyň üstüdir öýdýärsiň. Diňe baglardyr ösümlikler, inçejik ýodajyklardyr awtoulag ýoly onuň Ýerdigini ýatladýar. Has takygy, bu ýerler Günbatar Türkmenistandaky «Aý daglarydyr».

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 14-nji ýanwarda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar, ümürli bolmagy mümkin. Günorta-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +4... +6°, gündizine +14... +16° maýyl bolar. Howanyň basyşy 734 mm, çyglylygy 60 — 80%.

Tebigy baýlyklaryň goragynda

Hormatly Prezidentimiz geçen ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň VI çagyrylyşynyň deputatlary bilen taryhy duşuşyk geçirdi. Onda döwletimiziň aw edilýän meýdanlaryny goramak we netijeli ulanmak boýunça çäreleri görmek, ýurdumyzda seýrek duş gelýän, ýitip gitmek howpy bolan haýwanlaryň görnüşlerini goramak we olaryň sanyny artdyrmak ugrunda geçirilýän çäreleriň kanunçylyk esaslaryny kämilleşdirmek barada tabşyryklaryny berdi. Netijede, 2021-nji ýylyň noýabrynda «Aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Kanun 10 bapdan we 57 maddadan ybarat bolup, aw baýlyklarynyň rejeli peýdalanylmagyny, biologik dürlüligiň goralyp saklanylmagyny, ynsanperwerligiň umumy ykrar edilen ýörelgelerine laýyklykda, haýwanlara rehimsiz çemeleşilmegine ýol bermeýän aw gurallaryny we usullaryny ulanmak bilen aw obýektlerinden peýdalanmagy kadalaşdyrýar.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 13-nji ýanwarda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly, ümürli howa bolmagy mümkin. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 9 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +2... +4°, gündizine +10... +12° maýyl bolar. Basyşy 735 mm, çyglylygy 55 — 75%.

Tebigat

PAÝHASLY ÝÖRELGELERIŇ ROWAÇLYGY Hormatly Prezidentimiziň sebit hem-de dünýä derejesinde geçirilýän halkara maslahatlarda, forumlarda öňe sürýän teklipleri, başlangyçlary daşky gurşawy, tebigatymyzyň gözelliklerini, baýlyklaryny gorap saklamagyň, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Garaşsyz ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrülendigini aýdyň tassyklaýar. Şeýle ýörelgelere, başlangyçlara esaslanýan maksatnamalaryň kabul edilmegi, toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmegi, Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş, Daşky gurşaw boýunça Maksatnamalary, Bütindünýä ekologiýa gaznasy, Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkezi we beýleki abraýly halkara hem-de jemgyýetçilik guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrundaky tagallalary özüniň ajaýyp netijelerini berýär.

Tebigat gözellikleri ussadyň döredijiliginde

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, türkmen topragynyň tebigaty täsin gözelligi bilen tapawutlanýar. Tebigat gözellikleri gadymy edebi nusgalarda, şonuň ýaly-da, beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde-de orun alypdyr. Muny türkmen tebigatynda duş gelýän dürli ösümliklerdir guş-gumrular hakyndaky söhbetimiz hem tassyklar. Täze ýylyň ilkinji günlerinde mähriban Arkadagymyzyň Mary hem-de Lebap welaýatlaryna bolan iş sapary, nebitgaz ulgamynda alnyp barylýan işlere bagyşlap geçiren maslahatlary, çopan goşlarynda bolup, ildeşlerimiziň hal-ýagdaýy bilen gyzyklanmagy, ümmülmez Garagum sähramyza, onuň tebigy baýlyklaryna, däp-dessurlarymyza çäksiz sylag-sarpasy biziň her birimiziň buýsanjymyzy belende göterdi. Şol saparynyň barşynda hormatly Prezidentimiz türkmen topragynyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň baý hem-de köpdürlüdigini nygtady, bejerijilik häsiýetli ösümlikleriň hem köpsanlysynyň ösüp ýetişýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaby bolsa halkara jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döreden eserdir. 

Uly çille, kiçi çille

Halkymyz müňýyllyklaryň dowamynda tebigaty, howa ýagdaýyny synlap, özüniň senenamasyny döredipdir. Şoňa laýyklykda häzirki wagtda uly çille döwri dowam edýär. 17-nji ýanwarda bolsa kiçi çille döwri başlanýar. Ol fewral aýynyň bäşine çenli dowam edip, öz ornuny soňky garagyşa berer. Kiçi çilläniň mal-gara üçin-de, adamzat üçin-de ýeňil döwür däldigine halkymyzyň döreden nakyllary aýdyň şaýatlyk edýär. Mysal üçin, «Kiçi çillede inçe üzülip, ýogyn sozular» diýen pähim adamlara gündelik durmuşynda tebigatyň bu aýratynlygyny nazarda tutmalydygyndan habar berýär. Kiçi çille maldarlar üçin örän jogapkärli döwürdir. Oňa: «Kiçi çille: «Ýalkasam — süýt-gatyk iýdirin. Gargasam — kellebaşaýak» diýilýän nakyl hem şaýatlyk edýär. Gyşyň aladasyny öňünden edip, ýeterlik ot-iým goruny döreden, ýyly ýataklarydyr agyllaryny abatlan dowardarlar bu jogapkärli döwürde mallary dok we ýyly gyşladýarlar.

Ene toprak sagdynlygyň gözbaşy

— Toprak! Toprakdan bolýar bu zatlar. Toprak bilen ýakyn gatnaşyk saklananok, şonuň esasynda-da, şeýle ýagdaýlar döreýär-dä!–— diýip, dermanhananyň satyjysy öz içki nägileligini bildirdi. Men agajetli, boýy ortadan uzynrak, elli-altmyş ýaşlaryndaky bu kişi meniň sowalymy doly eşitmedi ýa-da näme soranyma dogry düşünmedi öýdýän diýip pikir etdim-de, «Aý, bor-da» diýen manyda başymy atyp, yzyma öwrüldim. Emma dermanhanaçynyň kesgitli sesi meni yzyma öwrülmäge mejbur etdi. — Sen dur, gelin, gyzyň näçe ýaşynda diýdiň?

Tebigat — biziň öýümiz

Uly işlere badalga Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Konstitusiýasynda her bir adamyň tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmäge borçludygy barada aýratyn bellenilýär. Hormatly Prezidentimiz: “Garaşsyz ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly garap, geljekki nesiller üçin onuň gözelligini we köp öwüşginli görnüşini gorap saklamak biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň möhüm ugurlarynyň biridir” diýip, nygtamak bilen daşky gurşawyň arassalygyny gorap saklamakda, sagdyn ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmekde, sahawatly, berekete baý ene toprakdan öndürilýän ekinleriň tebigy arassalygyny üpjün etmekde, çölleşmä garşy göreşmekde, biologiki köpdürliligi baýlaşdyrmakda döwlet derejesinde uly işlere badalga berdi.

Bars

Gündogar halklary uzak asyrlaryň dowamynda taryhy, jemgyýetçilik we durmuş wakalaryny, pursatlaryny, ösüşlerini, özgertmelerini hem-de senelerini kesgitlemekde ýyllaryň dowamly hereketleriniň wagt aralyklaryny takyk, dürs hasaplamak üçin her 12 ýyldan gaýtalanyp durýan milli senenamany — müçe ýyl hasabyny giňden ulanypdyrlar. Halk asyrlaryň dowamynda käbir haýwanlara aýratyn mähir, hormat bildirip, olara durmuş medeniýetinde aýratyn sarpa goýupdyr. Şolaryň biri hem barsdyr. 2022-nji ýyl — müçe ýyl hasaby boýunça bars ýyly. Gündelik, hepdelik, aýlyk we ýyllyk gözegçilik, synçylyk amaly, paýhas nazaryýeti bilen wagtyň dürli ölçeglerini hasaba almak başlangyjy türkmen durmuşynda müňlerçe ýyl ozal başlanypdyr. Müçe ýyllary baradaky ilkinji ýazuwly edebiýatlardaky maglumatlar Birunynyň, Mahmyt Kaşgarlynyň işlerinde, halk döredijiliginiň eserlerinde, danalaryň golýazmalarynda duş gelýär. Paleontologlar barslaryň gadymy yzlarynyň, sudurlarynyň we olar bilen baglanyşykly syrly gymmatlyklaryň Amyderýanyň ýakalaryndaky irki orta asyr taryhy-medeni ýadygärliklerinde, Marguş, Damdamçeşme, Jebel, Uzboý, Was, Pessejikdepe, Jeýtun, Göksüýri, Artyk, Altyndepe, Namazgadepe, Änew ýaly arheologik mirasyň baýlyklarynda duş gelýändigini tassyklaýar.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 12-nji ýanwarda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, irden az-kem ýagyş ýagar, ümürli bolmagy mümkin. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 9 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +3... +5°, gündizine +11... +13° maýyl bolar. Howanyň basyşy 736 mm, çyglylygy 50 — 70%.

Täsin miwe

Tropiki miweler diýlende, banan, pyrtykal, limon ýaly miweler bilen birlikde ananas hem göz öňüňe gelýär. Ananasyň watany Braziliýadyr. Bu ýerde häzir hem ananasyň ýabany görnüşleri ösýär. Ol bromeliýalylar maşgalasyna degişli gyrymsy agaçdyr. Onuň 20-80 santimetrden başlap, 1-2 metre ýetýän boýlulary bar. Ananasyň süýjüligi, şireliligi, göwrümi, şekili taýdan biri-birinden tapawutlanýan 80-den gowrak görnüşi mälimdir. Olardan hoşboý ysy bilen adygan täçli ananas, süýjüligi bilen dile düşen gold (altyn) ananasy, turşumtyk-süýji tagamy we uzak durumlylygy bilen tanalýan gyzyl ispan ananasy, tiz ýetişýänligi we daşynyň ýylmanaklygy bilen göreni haýrana goýýan kuin ananasy has meşhurdyr. Botanikleriň käbiri ananasy miwe, käbiri bolsa ir-iýmiş hasaplaýar. Ananasyň ekilen pursatyndan başlap miwesiniň doly bişip ýygylýan döwrüne çenli 3 ýyla golaý wagt gerek. Ananasyň agramy, onuň görnüşine görä, 500 gramdan 4 kilograma çenli bolýar. Bir düýp gyrymsy agaç bir ananas miwe berýär. Miwesiniň bişenligini ýakymly ysyndan bilip bolýar. Doly bişmedik wagty ýolnan ananas iýmäge ýaramsyzdyr. Ol banan ýaly durup süýjemeýär. Ýolnan badyna bişmesini togtadýar. Bişen ananas tiz zaýalanýar. Ony 2 günden artyk saklaman iýmeli. Sowadyjyda ol bir hepde durýar.

Bathyzyň myhmanlary

Asmanda erkin ganat ýaýyp, uçýan guşlar tebigatyň bezegi. Biziň ýurdumyzda guşlaryň 400-den gowrak görnüşi bar. Bathyz döwlet tebigy goraghanasynda guşlaryň 258 görnüşi ýaşaýar. Guşlaryň hemme görnüşiniň umumy sanynyň üçden birine golaýy oturymly, takmynan, üçden ikisi bolsa, göçüp gidýän ýa-da gyşlamaga gelýän guşlardyr. Ýurdumyza sowuk howanyň aralaşmagy bilen, Bathyzda hem gyşlaýan guşlaryň 10-dan gowrak görnüşi peýda bolýar. Gyşlamaga gelýän müňlerçe ekinçi garga ýa-da uly garga ýaly birnäçe gargalaryň görnüşlerini, ýyrtyjylardan bolsa garaguş, sähra garaguşy, kiçi guşlardan garapetekeli jokjoky, üşegenje ýaly ganatlylara duşýarys.

Aşgabat şäherinde we welaýatlarda 2022-nji ýylyň ýanwar aýynyň 12-ne bolmagyna garaşylýan

HOWA MAGLUMATY Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, irden az-kem ýagyş ýagar, ümürli bolmagy mümkin. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 9 metre ýetýän şemal öwser.     Howa gijesine +3... +5°, gündizine +11... +13° maýyl bolar. Howanyň basyşy 736 mm, çyglylygy 50 — 70%.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 11-nji ýanwarda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ümürli bolmagy mümkin. Gündogardan tizligi sekuntda 6 — 8 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -1° sowukdan +1° çenli, gündizine +10... +12° maýyl bolar. Howanyň basyşy 734 mm, çyglylygy 55 — 75%.