Bathyzyň myhmanlary

11 Ýanwar 2022
923

Asmanda erkin ganat ýaýyp, uçýan guşlar tebigatyň bezegi. Biziň ýurdumyzda guşlaryň 400-den gowrak görnüşi bar. Bathyz döwlet tebigy goraghanasynda guşlaryň 258 görnüşi ýaşaýar. Guşlaryň hemme görnüşiniň umumy sanynyň üçden birine golaýy oturymly, takmynan, üçden ikisi bolsa, göçüp gidýän ýa-da gyşlamaga gelýän guşlardyr.

Ýurdumyza sowuk howanyň aralaşmagy bilen, Bathyzda hem gyşlaýan guşlaryň 10-dan gowrak görnüşi peýda bolýar. Gyşlamaga gelýän müňlerçe ekinçi garga ýa-da uly garga ýaly birnäçe gargalaryň görnüşlerini, ýyrtyjylardan bolsa garaguş, sähra garaguşy, kiçi guşlardan garapetekeli jokjoky, üşegenje ýaly ganatlylara duşýarys.

Atageldi PIRNYÝAZOW,
Bathyz döwlet tebigy goraghanasynyň uly ylmy işgäri.