Tebigat gözellikleri ussadyň döredijiliginde

12 Ýanwar 2022
1159

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, türkmen topragynyň tebigaty täsin gözelligi bilen tapawutlanýar. Tebigat gözellikleri gadymy edebi nusgalarda, şonuň ýaly-da, beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde-de orun alypdyr. Muny türkmen tebigatynda duş gelýän dürli ösümliklerdir guş-gumrular hakyndaky söhbetimiz hem tassyklar.

Täze ýylyň ilkinji günlerinde mähriban Arkadagymyzyň Mary hem-de Lebap welaýatlaryna bolan iş sapary, nebitgaz ulgamynda alnyp barylýan işlere bagyşlap geçiren maslahatlary, çopan goşlarynda bolup, ildeşlerimiziň hal-ýagdaýy bilen gyzyklanmagy, ümmülmez Garagum sähramyza, onuň tebigy baýlyklaryna, däp-dessurlarymyza çäksiz sylag-sarpasy biziň her birimiziň buýsanjymyzy belende göterdi. Şol saparynyň barşynda hormatly Prezidentimiz türkmen topragynyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň baý hem-de köpdürlüdigini nygtady, bejerijilik häsiýetli ösümlikleriň hem köpsanlysynyň ösüp ýetişýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaby bolsa halkara jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döreden eserdir. 

Atamyrat ŞAGULYÝEW,
žurnalist.