Uly çille, kiçi çille

12 Ýanwar 2022
1025

Halkymyz müňýyllyklaryň dowamynda tebigaty, howa ýagdaýyny synlap, özüniň senenamasyny döredipdir. Şoňa laýyklykda häzirki wagtda uly çille döwri dowam edýär. 17-nji ýanwarda bolsa kiçi çille döwri başlanýar. Ol fewral aýynyň bäşine çenli dowam edip, öz ornuny soňky garagyşa berer. Kiçi çilläniň mal-gara üçin-de, adamzat üçin-de ýeňil döwür däldigine halkymyzyň döreden nakyllary aýdyň şaýatlyk edýär. Mysal üçin, «Kiçi çillede inçe üzülip, ýogyn sozular» diýen pähim adamlara gündelik durmuşynda tebigatyň bu aýratynlygyny nazarda tutmalydygyndan habar berýär.

Kiçi çille maldarlar üçin örän jogapkärli döwürdir. Oňa: «Kiçi çille: «Ýalkasam — süýt-gatyk iýdirin. Gargasam — kellebaşaýak» diýilýän nakyl hem şaýatlyk edýär. Gyşyň aladasyny öňünden edip, ýeterlik ot-iým goruny döreden, ýyly ýataklarydyr agyllaryny abatlan dowardarlar bu jogapkärli döwürde mallary dok we ýyly gyşladýarlar.

Mämmet GYLYJOW.