Tebigat — biziň öýümiz

12 Ýanwar 2022
907

Uly işlere badalga

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Konstitusiýasynda her bir adamyň tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmäge borçludygy barada aýratyn bellenilýär. Hormatly Prezidentimiz: “Garaşsyz ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly garap, geljekki nesiller üçin onuň gözelligini we köp öwüşginli görnüşini gorap saklamak biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň möhüm ugurlarynyň biridir” diýip, nygtamak bilen daşky gurşawyň arassalygyny gorap saklamakda, sagdyn ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmekde, sahawatly, berekete baý ene toprakdan öndürilýän ekinleriň tebigy arassalygyny üpjün etmekde, çölleşmä garşy göreşmekde, biologiki köpdürliligi baýlaşdyrmakda döwlet derejesinde uly işlere badalga berdi.