Tebigy baýlyklaryň goragynda

13 Ýanwar 2022
1052

Hormatly Prezidentimiz geçen ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň VI çagyrylyşynyň deputatlary bilen taryhy duşuşyk geçirdi. Onda döwletimiziň aw edilýän meýdanlaryny goramak we netijeli ulanmak boýunça çäreleri görmek, ýurdumyzda seýrek duş gelýän, ýitip gitmek howpy bolan haýwanlaryň görnüşlerini goramak we olaryň sanyny artdyrmak ugrunda geçirilýän çäreleriň kanunçylyk esaslaryny kämilleşdirmek barada tabşyryklaryny berdi. Netijede, 2021-nji ýylyň noýabrynda «Aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi.

Kanun 10 bapdan we 57 maddadan ybarat bolup, aw baýlyklarynyň rejeli peýdalanylmagyny, biologik dürlüligiň goralyp saklanylmagyny, ynsanperwerligiň umumy ykrar edilen ýörelgelerine laýyklykda, haýwanlara rehimsiz çemeleşilmegine ýol bermeýän aw gurallaryny we usullaryny ulanmak bilen aw obýektlerinden peýdalanmagy kadalaşdyrýar.

Baýrammyrat ATAGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş müdirliginiň Awtoulaglar kärhanasynyň ýuristi.