Bars

12 Ýanwar 2022
1093

Gündogar halklary uzak asyrlaryň dowamynda taryhy, jemgyýetçilik we durmuş wakalaryny, pursatlaryny, ösüşlerini, özgertmelerini hem-de senelerini kesgitlemekde ýyllaryň dowamly hereketleriniň wagt aralyklaryny takyk, dürs hasaplamak üçin her 12 ýyldan gaýtalanyp durýan milli senenamany — müçe ýyl hasabyny giňden ulanypdyrlar. Halk asyrlaryň dowamynda käbir haýwanlara aýratyn mähir, hormat bildirip, olara durmuş medeniýetinde aýratyn sarpa goýupdyr. Şolaryň biri hem barsdyr. 2022-nji ýyl — müçe ýyl hasaby boýunça bars ýyly.

Gündelik, hepdelik, aýlyk we ýyllyk gözegçilik, synçylyk amaly, paýhas nazaryýeti bilen wagtyň dürli ölçeglerini hasaba almak başlangyjy türkmen durmuşynda müňlerçe ýyl ozal başlanypdyr. Müçe ýyllary baradaky ilkinji ýazuwly edebiýatlardaky maglumatlar Birunynyň, Mahmyt Kaşgarlynyň işlerinde, halk döredijiliginiň eserlerinde, danalaryň golýazmalarynda duş gelýär. Paleontologlar barslaryň gadymy yzlarynyň, sudurlarynyň we olar bilen baglanyşykly syrly gymmatlyklaryň Amyderýanyň ýakalaryndaky irki orta asyr taryhy-medeni ýadygärliklerinde, Marguş, Damdamçeşme, Jebel, Uzboý, Was, Pessejikdepe, Jeýtun, Göksüýri, Artyk, Altyndepe, Namazgadepe, Änew ýaly arheologik mirasyň baýlyklarynda duş gelýändigini tassyklaýar.

Dädebaý PÄLWANOW,
Görogly etrap häkimliginiň hünärmeni.