Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Makalalar

Hazar kenaryndaky gadymy patlawuklar

Bereketli sähralaryň, geriş-geriş daglaryň, bol suwly deňiz-kölleriň mekany bolan gözel ýurdumyzyň tebigatyna syýahat etseň, dürli-dürli täsinliklere gabat gelýärsiň. Şeýle tebigy täsinlikleriň hatarynda örän gadymy döwürlerde emele gelip, biziň günlerimize çenli gelip ýeten patlawuklaryň aýratyn orny bar. Gojaman Hazaryň kenarlarynda patlawuklaryň 200-den gowragy bolup, olaryň 40-a golaýy deňziň türkmen böleginiň kenarlarynda — uzynlygy 300 km, ini 100 km aralykda emele gelendir. Bu ýerlerde neogen zamanynda laý, gum-daş, palçyk bilen hekiň garyndysy, çägesöw toprak ýaly deňiz çökündilerinden ybarat bolan ägirt uly giňişlikdäki çöketlik döräp, patlawuklaryň emele gelmegine amatly şert bolupdyr. Şeýle çökündilerden emele gelen çöketlikde ýeriň üstki gatlaklarynda ýokary derejeli basyş döräp, ýerasty suwlary, läbikleri herekete getirýär. Basyşyň netijesinde şol maddalar ýolunda duş gelýän jynslary sarsdyryp, jaýrykdan ýokarlygyna hereket edip atylýar. Dürli dillerde «Wulkan» diýlip atlandyrylýan patlawuklar, ylmy dilde aýdylanda, magmalaryň (läbik topragyň) gyzmagy netijesinde ýeriň tektonik gatlagyndaky jaýryklardan laýlaryň, daşlaryň, gazlaryň ýer gabygynyň ýüzüne atylyp çykmagy bilen emele gelýän geologik şekillerdir. Olar görnüşi boýunç

Pugta berjaý edilmeli düzgünler

Tebigatymyzyň dürli görnüşli ösümlikleri howanyň gyzmagy netijesinde gurap, tebigatda ýangyn ýüze çykmak howpuny döredýär. Dynç ýa-da zähmet rugsady wagtynda howanyň yssy günleri hormatly ildeşlerimiz maşgalalary bilen tämiz howaly, akar suwly tokaý seýilgäh zolaklarynda dynç alyşlygy guraýarlar. Ody köpçülikleýin dynç alynýan ýerlerde däl-de, çägeli ýa-da akar suwuň golaýynda daşly ýerde ýakmak maslahat berilýär. Ot ýakylmazdan öň, ot ýakyljak ýeriň on bäş metr daş-töweregi guran ot-çöplerden topraga çenli arassalanyp, ýarym metr çuňlukda oý ýerde ýa-da ot ýakyljak ýer daşly bolanda, töweregine daşlary örmeli. Otdan peýdalanyp bolandan soň, suw sepip ýa-da gum, çäge sürüp, doly söndürilmeli. Eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ýurdumyzyň çägindäki edaralaryň ählisi öri meýdanlarda, çöllerde, daglarda, tokaýlarda islendik işler geçirilende ýangyna garşy düzgünleri doly berjaý etmeklige borçludyrlar. Ýurdumyzyň ösümlik dünýäsi diýseň köp görnüşli. Güýz-gyş pasyllarynyň ýagyş-ýagmyrly bolmagy bilen ot-çöpleriň aglabasy eýýäm häzirki günlerde ese-boýa galdy. Ösüp oturan daragtlaryň arasyny haşal otlardan arassalamak, hatar hem zolak aralarynda sürüm işlerini geçirip, ýangyn howpsuzlyk zolaklaryny döretmek, ýygylyp aýrylan otlary ýörit

Dünýä täsinlikleri

Oklukirpi palmasy «Rhapidophyllum hystrix» palmanyň dünýäde iň sowuga çydamly görnüşidir. Ol ABŞ-nyň günorta-gündogaryndaky batgalyklarda duş gelýär. Bu palmanyň boýy 1 — 3 metr bolýar. Agajyň türkmen dilindäki ady oklukirpi palmasydyr. Latyn dilindäki «Rhapidophyllum» — iňňeli ýapraklar, «hystrix» — oklukirpi diýen sözlerden gelip çykandyr. Biziň şertlerimizde bu palmany ösdürip ýetişdirmek kyn däldir. Ösüş döwrüniň ilkinji üç ýylynda ýörite gaplarda, daşarda diňe tomsuna ösdürmek maslahat berilýär. Üç ýyldan soň palma biziň şertlerimize doly uýgunlaşma geçýär. Gyşyna palmanyň ösüşine ýaramaz täsir edýän zat topragyň artykmaç çyglylygydyr.

Tebigatyň bezegi

Arça tohumly ösümliklerden bolup, ýurdumyzda köp ekilýän agaçlaryň biridir. Ol boýy 20 metre çenli bolan berk agaçdyr. Arça agajynyň sütüni köp şahaly bolýar. Pürleri uzyndan inçe we ujy ýitiden gataňsydyr. Arça agajy elmydama gök öwsüp oturýar. Ol gurakçylyga çydamly, toprak saýlamaýan agaçdyr. Arça örän gelşikli bolany üçin bezeg ösümligi hökmünde bagçylykda köp ulanylýar. Arçanyň medenileşdirilen dürli görnüşlerini şäherlerde, şäherçelerde, ýollaryň gyralarynda, seýilgählerde köp ekýärler. Häzirki wagtda arçanyň ekiliş gerimi has giňelýär. Onuň ýabany ösýän görnüşleri Köpetdagda, Köýtendagda, uly Balkanda duş gelýär. Arça agajyndan senagatda, gurluşykda hem peýdalanylýar. Miwesinde efir ýagy, sirke, garynja kislotalary bar. Gök pudagyndan alynýan ýakymly ysly efir ýagy lukmançylykda melhem taýýarlamakda ulanylýar. Arça howany zyýanly mikroorganizmlerden arassalaýar. Arçanyň ýabany ösýän görnüşleri dag eňňitleriniň yzgarlylygyny saklamaga kömek edýär. Ol uzak ýaşaýan agaç bolup, müň ýyl we ondan hem köpräk ýaşanlaryna duş gelmek bolýar. Dagyň aşaky eňňitlerinde arça az duşýar. Ol örän haýal ösýär we kynlyk bilen köpelýär. Şol sebäpli arçany aýawly saklamak möhümdir. Bu gymmatly agaç Türkmenistanyň tokaý hojalyklarynda öň

Täsin durna

Tebigatyň guşlar dünýäsi köpdürlüligi bilen tapawutlanýar. Şolaryň biri-de, durnalar maşgalasyna degişli bolan täsin şa durnasydyr (latynça balearica pavonina, rusça венценосный журавль). Ol owadan guşlaryň biri hasaplanylýar. Onuň «Şa durna» diýlip atlandyrylmagynyň sebäbi-de, durnanyň bu görnüşiniň kellesinde ullakan täç ýaly altyn reňkli hüpüginiň bardygy üçindir. Şa durna Gündogar we Günbatar Afrika sebitleriniň oturymly guşudyr. Bu guş durnalaryň beýleki görnüşlerinden käbir beden aýratynlyklary boýunça tapawutlanýar. Durna beden ölçegi boýunça iri göwrümli guş bolup, boýy 1 metre, ganatlarynyň gerimi 2 metre, agramy bolsa 4 – 5 kilograma çenli ýetip bilýär. Bedeniniň köp bölegi gara ýa-da garamtyl çal reňklidir. Ganatlarynyň aşak ýüzüniň ýokarky bölegi ak reňkli ýeleklerden ybarat. Ýaňaklarynda gyzyl we ak reňkli tegmilleri bar. Durnanyň horazlarynyň bedeni mäkiýanlarynyňka garanda, birneme ulurak bolýar. Çüňki kiçijik we gara reňklidir. Gara reňkli uzyn aýaklaryndaky yzky barmagy-da uzyndyr. Bu bolsa olara agaçda oňat durmaga ýardam edýär.

Köpetdag kyssalary

Garga «Garga müň gygyrsa-da, ýaz bolmaz,gaz bir gygyrsa, ýaz bolar».                             Türkmen halk nakyly.

Ýaşy asyrdan aşan sözen

«7/24. tm», № 27 (110), 04.07. 2022 Uzak ýaşan agaçlar hakda söz açylanda, Köpetdagyň gerşinde ýerleşen obalardaky çynar agajy ýa-da internet maglumatlaryndaky gaýry ýurtlarda ösýän käbir agaçlaryň ady aýdylýar. Ine, uzak ýaşan agaçlar hakda gürrüň gozgalanda, näme üçindir, «Anna aganyň sözeni» ýadyma düşýär. Obamyzyň 10 kilometr günbatar tarapynda Ajy diýen oý bar. Şol oýdan sähel oba tarap geçeniňde, kiçiräk bir takyryň içinde ösüp oturan bir uly sözen agajy bar. Onuň gapdalynda bolsa göwrümi taýdan kiçijik kak suwy bar. Ine, şu takyrda bir asyrdan gowrak wagt bäri ösüp oturan sözeniň deňinden geçen adam onuň taryhyna göz aýlaman geçip bilmeýär.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda: az-kem bulutly, hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +17...+22 gradusdan +23...+28 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +35...+40 gradus yssy, kenarýaka etraplarda +29... +34 gradus maýyl bolar.

Belki, gulakda galsyn!

(Başlangyjy gazetimiziň geçen sanlarynda). «Tebigata juda seresap çemeleşiň, ol özüne tüpeň çenäni soňundan top bilen atýandyr» diýlen dünýäde ýörgünli hemem hiç wagt könelmejek söz bar. Bu babatda Türkmenistanyň alyp barýan ekologiýa syýasaty Äleme nusgalykdyr. Muňa dahylly onlarça, has anyk sanasaň, ýüzlerçe mysaly getirmek bolar. Ynha, diňe bir Aziýa yklymyny däl, eýsem, tutuş Ýer ýüzüni ynjalykdan gaçyrýan Aral meselesi babatda amala aşyrylýan işler munuň bir ülşi. Üstýurduň etegindäki Bötendagda ekilen çöl hem beýleki ösümlikler eýýäm ýetişdi.

Köpetdag kyssalary

Arça — Beý-bä, ol agajy! Näme agaçkan-aý, arçamykan?

Tebigat täsinlikleri

Iň ýyndam atlar ahalteke atlarydyr. Paýtagtymyzyň etegindäki ahalteke atçylyk toplumynda ösdürilip ýetişdirilen Gülüstan atly dor ata bolsa ýyndamlykda taý geljek ýokdur. Ol jemi 37 gezek çapyşyga gatnaşyp, 25 gezek birinji orna mynasyp boldy. * * *

Tomus

Gün nurun seçip,Bişirýär miwe.Miweden çykýar,Süýjüje şire. Ekýän baglary,Ýygýan hasylyn.Gyzykly geçýär,Tomus pasylym.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +20... +25 gradusdan +25... +30 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +37... +42 gradus yssy, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +29... +34 gradus maýyl bolar.

Te­bi­ga­ty go­ra­lyň!

Hal­ky­my­zyň paý­ha­syn­dan dö­rän «Ba­gy ba­ryň sa­ýa­sy bar», «Ba­gy ba­ryň mi­we­si bar» di­ýen pa­ra­sat­ly jüm­le­ler bag ýetişdirmek, bag­la­ra ideg et­mek, te­bi­ga­ty go­ra­mak ýa­ly asyl­ly iş­le­riň örän ga­dym dö­wür­ler­den göz­baş alan­dy­gy­na gü­wä geç­ýär. Di­ýa­ry­my­zy ba­gy-bos­san­ly­ga öwür­mek ug­run­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän iş­ler ýur­du­myz­da ýaý­baň­lan­dy­ryl­ýan ägirt uly öz­gert­me­le­riň mö­hüm bö­le­gi­ne öw­rül­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýur­du­my­zy ba­gy-bos­san­ly­ga öwür­mek ba­ra­da­ky beýik işleri il­deş­le­ri­mi­ziň giň gol­da­wy­na eýe bol­ýar. Soň­ky ýyl­lar­da eki­len mil­lion­lar­ça düýp agaç na­hal­la­ry Di­ýa­ry­myz­da aňyr­sy­na göz ýet­me­ýän to­kaý zo­lak­la­ry­nyň eme­le gel­me­gi­ne ge­tir­di. Aja­ýyp paý­tag­ty­my­zyň gö­zel­li­gi­ne görk go­şup, ho­wa­ny aras­sa­la­ýan, ada­myň sag­ly­gy­ny ber­kid­ýän be­zeg agaç­la­ry köp­çü­lik­le­ýin ekil­ýär.

Kö­pet­dag kys­sa­la­ry

Dag­dan «Eý söw­dü­gim, So­ňu­da­gy,Dag­dan­ly­dyr bi­liň se­niň.»                                  Mag­tym­gu­ly. «So­ňu­da­gy».

Kö­pet­dag kys­sa­la­ry

Ne gaý­rat­ly bu dag­lar, bi­ha­sap aw-aw­lag­lar... Mag­tym­gu­ly ata­myz «Ýüz bo­lar» goş­gu­syn­da rast aýd­ýar, dag­la­ryň gaý­rat­ly ke­mi ýok. Onuň aw-aw­lag­la­ry­ny sa­na­bam otur­ma­ly däl, olar, dog­ru­dan-da, bi­ha­sap.

Tog­da­ry

«Sünt-Ha­sar­dag» döw­let te­bi­gy go­rag­ha­na­sy­nyň ag­zy­bir iş­gär­le­ri ösüm­lik­le­riň we haý­wa­nat dün­ýä­si­niň bio­dür­lü­li­gi­ni öw­ren­mek we te­bi­ga­ty­my­zy gel­je­kki ne­sil­le­re hä­zir­ki ýag­da­ýyn­da ýe­tir­mek ug­run­da ne­ti­je­li iş­le­ri alyp bar­ýar­lar. Gü­nor­ta-Gün­ba­tar Kö­pet­dag­da guş­la­ryň 276 gör­nü­şi ga­bat gel­ýär. Mu­nuň özi tu­tuş Türk­me­nis­tan­da­ky guş­la­ryň gör­nü­şi­niň 75 gö­te­ri­mi­ne ba­ra­bar­dyr. Go­rag­ha­na­da ola­ryň 160 gör­nü­şi hö­würt­ge­le­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Gy­zyl ki­ta­by­na (2011) gi­ri­zi­len guş­la­ryň 11 gör­nü­şi bi­ziň go­rag­ha­na­myz­da bar.

Tebigata söýgini terbiýelemek derwaýysdyr

Tebigaty goramagyň ylymda, çeper döredijilikde ýüze çykyş köklerini öwreneniňde, onuň öz gözbaşyny asyrlaryň çuňluklaryndan alyp gaýdýandygyna göz ýetirýärsiň. Ynsan bilen tebigatyň arasyndaky baglanyşygy halk döredijiliginde, dessanlarda, nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiliginde hem görmek bolýar. Tebigaty goramagyň hem-de onuň baýlyklaryny geljekki nesillere ýitgisiz ýetirmegiň derwaýyslygy häzirki wagtda umumadamzat häsiýetine eýe bolýar. Ýaş nesillerimizde tebigata bolan söýgini terbiýelemek, tebigatyň baýlyklaryny aýawly saklamak medeniýetini kemala getirmek hem wajyp meseledir. Olarda bu ýörelgelere ygrarly bolmak endikleriniň ösdürilmegi olaryň aň-düşünjelerine, durmuş medeniýetine we ahlak gymmatlyklaryna hem öz täsirini ýetirýär.

Iň uly suw ösümligi

Awstraliýanyň kenarlarynda dünýäniň iň uly ösümligi tapyldy. Bu ýerde köplenç duş gelýän ösümlikleriň görnüşleriniň genetiki aýratynlygynyň barlygy we olaryň dürlüligini öwrenmegi maksat edinip, ýola çykan topar Pertiň 800 kilometr demirgazygynda ýerleşýän Şark aýlagyna baranda, bu ösümligiň üstünden barýar. Onuň ýaşy 4500 ýyl diýlip kesgitlenýär. Ösümligiň tutýan meýdany 20 müň sany futbol meýdançasyna deňdir. Ol ýeke tohumdan ýaýran Günbatar Awstraliýadaky uly suwasty çemenligi bolup, hakykatdan hem, onuň bir ösümlikdigi örän täsin galdyryjydyr.

Deňiz towşany

«Jorunna parva» ýa-da deňiz towşany. Ol ajaýyp beden gurluşy, kiçijik gulaklary bilen hemmeleri haýrana goýýar. «Jorunna parva» Discodorididae maşgalasyna degişli bolup, ol ilkinji gezek 1938-nji ýylda meşhur ýapon deňiz biology Kikutaro Baba tarapyndan öwrenilýär we birnäçe ylmy žurnallarda, kitaplarda çap edilýär. Soňra internetiň ýüze çykmagy bilen, has hem uly meşhurlyga eýe bolýar. «Jorunna parva» Ýaponiýanyň kenarlarynda, şeýle-de Hindi ummanynda we Filippiniň deňiz kenarlarynda köp duş gelmek bolýar. Bu deňiz jandarynyň köp ýaýran görnüşi sary, mämişi reňklidir, ýöne adamlaryň köpüsi onuň seýrek duş gelýän, towşana meňzeýän ak, ala reňklilerini halaýarlar. Jandaryň göwresi spikul diýilýän ownuk iňňe ýaly gurluşly bolup, bedeni sütük bilen örtülen ýaly görünýär. Şeýle-de bedeninde tegelek görnüşde gara nokatlar bolup, olara kariofillidler diýilýär. Näme üçin niýetlenendigi entek anyklanmasa-da, hünärmenleriň köpüsi olaryň duýmak, syzmak wezipelerini ýerine ýetirýändigini belleýärler. Bu jandaryň kellesinde towşanyňka meňzeş iki sany kiçijik uzyn gulaklary bar we olara rinofor diýilýär. Olar jandaryň duýgy synasydyr. Gulajyklar suwuň himiki düzümini kesgitlemäge, iýmit tapmaga, akymlaryň ugrunyň üýtgemelerini anyklamaga kömek edýär. O