Iň uly suw ösümligi

21 Iýun 2022
1010

Awstraliýanyň kenarlarynda dünýäniň iň uly ösümligi tapyldy. Bu ýerde köplenç duş gelýän ösümlikleriň görnüşleriniň genetiki aýratynlygynyň barlygy we olaryň dürlüligini öwrenmegi maksat edinip, ýola çykan topar Pertiň 800 kilometr demirgazygynda ýerleşýän Şark aýlagyna baranda, bu ösümligiň üstünden barýar.

Onuň ýaşy 4500 ýyl diýlip kesgitlenýär. Ösümligiň tutýan meýdany 20 müň sany futbol meýdançasyna deňdir. Ol ýeke tohumdan ýaýran Günbatar Awstraliýadaky uly suwasty çemenligi bolup, hakykatdan hem, onuň bir ösümlikdigi örän täsin galdyryjydyr.

Aýna HOJAMOWA,
«Demirýollary» AGPJ-niň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň sanly ulgam boýunça hünärmeni.