Ýaşy asyrdan aşan sözen

4 Iýul 2022
966

«7/24. tm», № 27 (110), 04.07. 2022

Uzak ýaşan agaçlar hakda söz açylanda, Köpetdagyň gerşinde ýerleşen obalardaky çynar agajy ýa-da internet maglumatlaryndaky gaýry ýurtlarda ösýän käbir agaçlaryň ady aýdylýar. Ine, uzak ýaşan agaçlar hakda gürrüň gozgalanda, näme üçindir, «Anna aganyň sözeni» ýadyma düşýär. Obamyzyň 10 kilometr günbatar tarapynda Ajy diýen oý bar. Şol oýdan sähel oba tarap geçeniňde, kiçiräk bir takyryň içinde ösüp oturan bir uly sözen agajy bar. Onuň gapdalynda bolsa göwrümi taýdan kiçijik kak suwy bar. Ine, şu takyrda bir asyrdan gowrak wagt bäri ösüp oturan sözeniň deňinden geçen adam onuň taryhyna göz aýlaman geçip bilmeýär.

Çaryberdi REJEPOW,
žurnalist.