Täsin durna

5 Iýul 2022
874

Tebigatyň guşlar dünýäsi köpdürlüligi bilen tapawutlanýar. Şolaryň biri-de, durnalar maşgalasyna degişli bolan täsin şa durnasydyr (latynça balearica pavonina, rusça венценосный журавль). Ol owadan guşlaryň biri hasaplanylýar. Onuň «Şa durna» diýlip atlandyrylmagynyň sebäbi-de, durnanyň bu görnüşiniň kellesinde ullakan täç ýaly altyn reňkli hüpüginiň bardygy üçindir. Şa durna Gündogar we Günbatar Afrika sebitleriniň oturymly guşudyr. Bu guş durnalaryň beýleki görnüşlerinden käbir beden aýratynlyklary boýunça tapawutlanýar.

Durna beden ölçegi boýunça iri göwrümli guş bolup, boýy 1 metre, ganatlarynyň gerimi 2 metre, agramy bolsa 4 – 5 kilograma çenli ýetip bilýär. Bedeniniň köp bölegi gara ýa-da garamtyl çal reňklidir. Ganatlarynyň aşak ýüzüniň ýokarky bölegi ak reňkli ýeleklerden ybarat. Ýaňaklarynda gyzyl we ak reňkli tegmilleri bar. Durnanyň horazlarynyň bedeni mäkiýanlarynyňka garanda, birneme ulurak bolýar. Çüňki kiçijik we gara reňklidir. Gara reňkli uzyn aýaklaryndaky yzky barmagy-da uzyndyr. Bu bolsa olara agaçda oňat durmaga ýardam edýär.

Aziza FURKATŽANOWA,
Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň ylym bölüminiň ylmy işgäri.