Pugta berjaý edilmeli düzgünler

6 Iýul 2022
792

Tebigatymyzyň dürli görnüşli ösümlikleri howanyň gyzmagy netijesinde gurap, tebigatda ýangyn ýüze çykmak howpuny döredýär. Dynç ýa-da zähmet rugsady wagtynda howanyň yssy günleri hormatly ildeşlerimiz maşgalalary bilen tämiz howaly, akar suwly tokaý seýilgäh zolaklarynda dynç alyşlygy guraýarlar. Ody köpçülikleýin dynç alynýan ýerlerde däl-de, çägeli ýa-da akar suwuň golaýynda daşly ýerde ýakmak maslahat berilýär. Ot ýakylmazdan öň, ot ýakyljak ýeriň on bäş metr daş-töweregi guran ot-çöplerden topraga çenli arassalanyp, ýarym metr çuňlukda oý ýerde ýa-da ot ýakyljak ýer daşly bolanda, töweregine daşlary örmeli. Otdan peýdalanyp bolandan soň, suw sepip ýa-da gum, çäge sürüp, doly söndürilmeli.

Eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ýurdumyzyň çägindäki edaralaryň ählisi öri meýdanlarda, çöllerde, daglarda, tokaýlarda islendik işler geçirilende ýangyna garşy düzgünleri doly berjaý etmeklige borçludyrlar. Ýurdumyzyň ösümlik dünýäsi diýseň köp görnüşli. Güýz-gyş pasyllarynyň ýagyş-ýagmyrly bolmagy bilen ot-çöpleriň aglabasy eýýäm häzirki günlerde ese-boýa galdy. Ösüp oturan daragtlaryň arasyny haşal otlardan arassalamak, hatar hem zolak aralarynda sürüm işlerini geçirip, ýangyn howpsuzlyk zolaklaryny döretmek, ýygylyp aýrylan otlary ýörite ulaglaryň kömegi bilen bellenilen ýerlere çykarmak ýangyn hadysalarynyň öňüni almaga uly ýardam berýär. Mundan başga hem, bölünip berlen çäkleriň her birisine jogapkär adam bellenip, onuň çäkleri zerur bolan ilkinji ýangyn söndüriji serişdeleriniň hem gurallaryň ählisi bilen üpjün edilmelidir, degişli ýerlerde açyk tebigatda berjaý edilmeli möhüm talaplary düşündirýän görkezme esbaplar, ýörite diwarlyklar dikilmeli.

Mergen MERGENOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň müdiriniň orunbasary, içerki gullugyň maýory.