Tebigata söýgini terbiýelemek derwaýysdyr

22 Iýun 2022
917

Tebigaty goramagyň ylymda, çeper döredijilikde ýüze çykyş köklerini öwreneniňde, onuň öz gözbaşyny asyrlaryň çuňluklaryndan alyp gaýdýandygyna göz ýetirýärsiň. Ynsan bilen tebigatyň arasyndaky baglanyşygy halk döredijiliginde, dessanlarda, nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiliginde hem görmek bolýar.

Tebigaty goramagyň hem-de onuň baýlyklaryny geljekki nesillere ýitgisiz ýetirmegiň derwaýyslygy häzirki wagtda umumadamzat häsiýetine eýe bolýar. Ýaş nesillerimizde tebigata bolan söýgini terbiýelemek, tebigatyň baýlyklaryny aýawly saklamak medeniýetini kemala getirmek hem wajyp meseledir. Olarda bu ýörelgelere ygrarly bolmak endikleriniň ösdürilmegi olaryň aň-düşünjelerine, durmuş medeniýetine we ahlak gymmatlyklaryna hem öz täsirini ýetirýär.

Maýa AŞIROWA,
Daşoguz şäherindäki 14-nji orta mekdebiň mugallymy.