«Sünt-Hasardag» döwlet tebigy goraghanasynyň agzybir işgärleri ösümlikleriň we haýwanat dünýäsiniň biodürlüligini öwrenmek we tebigatymyzy geljekki nesillere häzirki ýagdaýynda ýetirmek ugrunda netijeli işleri alyp barýarlar.
Günorta-Günbatar Köpetdagda guşlaryň 276 görnüşi gabat gelýär. Munuň özi tutuş Türkmenistandaky guşlaryň görnüşiniň 75 göterimine barabardyr. Goraghanada olaryň 160 görnüşi höwürtgeleýär. Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna (2011) girizilen guşlaryň 11 görnüşi biziň goraghanamyzda bar.