Tebigatyň bezegi

6 Iýul 2022
1179

Arça tohumly ösümliklerden bolup, ýurdumyzda köp ekilýän agaçlaryň biridir. Ol boýy 20 metre çenli bolan berk agaçdyr. Arça agajynyň sütüni köp şahaly bolýar. Pürleri uzyndan inçe we ujy ýitiden gataňsydyr. Arça agajy elmydama gök öwsüp oturýar. Ol gurakçylyga çydamly, toprak saýlamaýan agaçdyr. Arça örän gelşikli bolany üçin bezeg ösümligi hökmünde bagçylykda köp ulanylýar. Arçanyň medenileşdirilen dürli görnüşlerini şäherlerde, şäherçelerde, ýollaryň gyralarynda, seýilgählerde köp ekýärler. Häzirki wagtda arçanyň ekiliş gerimi has giňelýär. Onuň ýabany ösýän görnüşleri Köpetdagda, Köýtendagda, uly Balkanda duş gelýär. Arça agajyndan senagatda, gurluşykda hem peýdalanylýar. Miwesinde efir ýagy, sirke, garynja kislotalary bar. Gök pudagyndan alynýan ýakymly ysly efir ýagy lukmançylykda melhem taýýarlamakda ulanylýar. Arça howany zyýanly mikroorganizmlerden arassalaýar. Arçanyň ýabany ösýän görnüşleri dag eňňitleriniň yzgarlylygyny saklamaga kömek edýär. Ol uzak ýaşaýan agaç bolup, müň ýyl we ondan hem köpräk ýaşanlaryna duş gelmek bolýar. Dagyň aşaky eňňitlerinde arça az duşýar. Ol örän haýal ösýär we kynlyk bilen köpelýär. Şol sebäpli arçany aýawly saklamak möhümdir. Bu gymmatly agaç Türkmenistanyň tokaý hojalyklarynda öňden bäri ekilýär we köpeldilýär. Arçanyň ähli tutýan meýdanynyň bir bölegi Köpetdag we Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanalarynda ýerleşýär. Olarda arça goralyp saklanylýar.

Kuwwatgeldi ÝOLDAŞOW,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň gözegçisi.