"Saglyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-65, 38-61-67
Email: saglyk-zurnaly@sanly.tm

Makalalar

«GEOCLIC» — geljege umyt!

Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk

Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi 28-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana gelen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Baş sekretary Husraw Nozirini kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanymyz bilen salamlaşyp hem-de ýurdumyza gelmäge çakylyk üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, YHG-nyň işjeň agzasy we şu ýylky başlygy hökmünde Türkmenistanyň alyp barýan işiniň netijeli häsiýetini belledi.

Energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk: tejribeler we täze mümkinçilikler

27-28-nji oktýabrda paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» atly XXVI halkara maslahat geçirildi. Maslahat halkara guramalaryň, dünýäniň 32 döwletinden halkara kompaniýalaryň, şeýle hem energetika guramalarynyň, iri halkara maliýe institutlarynyň wekillerini bir ýere jemledi. Onuň işine 400-den gowrak adam gatnaşdy. Biz hem gazetimiziň şu sanynda bu iri çärä gatnaşyjylaryň käbirleriniň çykyşlaryny okyjylara ýetirmegi makul bildik. Mohammed Sanusi BARKINDO, Nebiti eksport ediji ýurtlaryň guramasynyň (OPEC) Baş sekretary:

Halkara maslahat geçirildi

Paýtagtymyzda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» atly XXVI halkara maslahat geçirildi. 27-nji oktýabrda Söwda-senagat edarasynda öz işine başlan bu halkara maslahat “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleri we “Türkmengeologiýa” korporasiýasy tarapyndan hem-de “GaffneyCline” britan kompaniýasynyň ýardam bermeginde “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda guraldy. 30-dan gowrak döwletden 100-den gowrak kompaniýanyň, iri halkara guramalaryň we banklaryň wekilleri sanly ulgam arkaly maslahata goşuldy. Maslahatyň umumy mejlisi ählumumy energiýa ulgamynyň häzirki ýagdaýyna we geljekki ösüşine bagyşlandy. Türkmen tarapyndan çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, ýurdumyz bu strategik ulgamda halkara hyzmatdaşlyga ählumumy abadançylygy, rowaçlygy we gülläp ösüşi kesgitleýän ýagdaýlaryň biri hökmünde garaýar.

Täze sepgitleri nazarlaýan forum

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe nebitgaz pudagynda-da alnyp barylýan işler, dünýä ýurtlary, iri-iri kompaniýalary bilen ýola goýlan we goýulýan hyzmatdaşlyklar ösüşleriň yzygiderliligini kepillendirýär. Munuň özi dünýä ýüzünden işewürleriň nazarynyň şu topraga gönükmegine itergi berýär. Şeýle gatnaşyklaryň ýygjamlanmagy bolsa ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän halkara forumlarynyň uly üstünliklere beslenmegi bilen hem berk baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiziň «Açyk gapylar» syýasaty netijesinde ýurdumyzda iş alyp barýan iri daşary ýurt kompaniýalaryň, guramalaryň sany barha artýar. Energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ösdürmäge gönükdirilen iri forum bolan «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» atly XXVI halkara maslahata gatnaşyjylaryň giň düzümi hem Türkmenistanyň daşary ýurtly işewürler toparlary üçin maýa goýum babatyndaky özüne çekijiliginden habar berýär. Indi 26-njy gezek geçirilýän bu maslahata 30-dan gowrak döwletden 100-den gowrak kompaniýanyň, iri halkara guramalaryň we banklaryň wekilleri sanly ulgam arkaly gatnaşdy. Aşgabatdan onlaýn usulda dünýäniň onlarça ýurduna görkezilýän foruma hökümet düzümleriniň, degişli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, dünýäniň iri nebitgaz, hy

Hyzmatdaşlygyň möhüm ugruna bagyşlanan halkara maslahat

Öňňin söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» atly XXVI halkara maslahat öz işine başlady. «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri we «Türkmengeologiýa» korporasiýasy tarapyndan hem-de «GaffneyCline» britan kompaniýasynyň ýardam bermeginde «Türkmen Forum» hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda guralan bu maslahata 30-dan gowrak döwletden 100-den gowrak kompaniýanyň, iri halkara guramalaryň we banklaryň wekilleri sanly ulgam arkaly goşuldy. «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» forumynyň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagy uly üns bilen diňlenildi.

Ynsanperwerligiň belent nusgasy

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmek, ony halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirmek baradaky tagallalary bilen ýurdumyzyň kanunçylygynda üstünlikli işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda Türkmenistan birnäçe halkara konwensiýalaryna we şertnamalaryna goşulyşdy. Türkmenistan Merkezi Aziýa sebitinde ilkinjileriň hatarynda raýatsyzlyk baradaky esasy Konwensiýalara, ýagny BMG-niň «Apatridleriň derejesi barada» we «Raýatsyzlygy azaltmak barada» Konwensiýalaryna goşulyp, olardaky kadalary milli kanunçylygymyza, ýagny «Migrasiýa hakynda», «Türkmenistanyň raýatlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna ornaşdyrdy. Munuň özi ýurdumyzyň migrasiýa ulgamynyň hukuk binýadyny has-da berkitdi.

Halkara hyzmatdaşlyk — nebitgaz pudagyny ösdürmegiň ýoly

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny geçirdi 27.10.2021. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň hem-de «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» atly XXVI halkara maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň «Tatneft» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Türkmenistan — Gazagystan: hyzmatdaşlygyň okgunly ösüşi

25-nji oktýabrda paýtagtymyzda Türkmenistanyň we Gazagystanyň döwlet Baştutanlarynyň arasynda gepleşikler geçirildi. Ir bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň «Oguz han» köşkler toplumynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, ýokary derejedäki ikiçäk gepleşikler boldy. ÖZARA DÜŞÜNIŞMEK — YNSANPERWERLIK ÝÖRELGELERINIŇ ESASY ŞERTI

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň BILELIKDÄKI BEÝANNAMASY

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew 2021-nji ýylyň 24-25-nji oktýabrynda Türkmenistana ilkinji döwlet saparyny amala aşyrdy. Döwletleriň Baştutanlary däp bolan dostluk, doly özara düşünişmek, açyklyk we ynanyşmak ýagdaýynda türkmen-gazak strategik hyzmatdaşlygynyň tutuş toplumy boýunça hemmetaraplaýyn we netijeli gepleşikleri geçirdiler, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän möhüm halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Türkmen-özbek gatnaşyklary: tagallalar birleşdirilýär

25-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Milli Liderimiz kärdeşi bilen mähirli salamlaşyp, goňşy ýurduň Baştutanyny Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesine saýlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de oňa berk jan saglyk, abadançylyk we ýokary döwlet wezipesindäki jogapkärli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Hyzmatdaşlygyň täze derejesi

25-nji oktýabrda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Ir bilen dostlukly ýurduň Baştutanynyň awtoulag kerweni Garaşsyzlyk meýdanyna geldi. Bu ýerde belent mertebeli myhmany resmi garşylaýyş dabarasy boldy. Resmi garşylamak dabarasy tamamlanandan soňra, Hormat garawulynyň esgerleri Garaşsyzlyk meýdany boýunça dabaraly ýöriş geçdiler. Belent mertebeli myhmanyň awtoulag kerweni atly hormat nyzamynyň ugratmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Oguz han» köşkler toplumynyň merkezi girelgesine geldi, bu ýerde gazagystanly kärdeşini Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow garşylady.

Telefon arkaly söhbetdeşlik

25-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Milli Liderimiz kärdeşi bilen mähirli salamlaşyp, goňşy ýurduň Baştutanyny Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesine saýlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de oňa berk jan saglyk, abadançylyk we ýokary döwlet wezipesindäki jogapkärli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Kärine kämil tokar

Mary etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynda Kakadurdy aganyň ady hormat bilen tutulýar “Işleseň il tanar” diýlişi ýaly, Kakadurdy Mollaýew özüniň çekýän päk zähmeti bilen köpüň söýgüsini gazanmagy başarýar. Ol gijesini gündiz edip, indi biregne 40 ýyl bäri tokar bolup zähmet çekýär. Birnäçe ýyl bäri bu iş bilen meşgullanýan Kakadurdy aga indi bu işde tejribe toplap, ýaşlara nusgalyk görelde görkezýär. Kärhananyň direktory Gadam Muhadow: — Kakadurdy kärhanamyzda tejribeli işgärlerimiziň biri. Onuň edýän işini synlanyňda, göwnüň suw içen ýaly bolýar. Kärhanada tehnikalara gerekli şaýlary ýasamakda onuň elleri gelşip dur — diýip gürrüň berýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

2021-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Milli Liderimiz kärdeşi bilen mähirli salamlaşyp, goňşy ýurduň Baştutanyny Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesine saýlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de oňa berk jan saglyk, abadançylyk we ýokary döwlet wezipesindäki jogapkärli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Aşgabat duşuşygy: Hoşniýetli goňşuçylyk. Netijeli hyzmatdaşlyk. Täze belentlikler

Biz, žurnalistler Merkezi Aziýa sebiti hakynda gürrüň edenimizde, hemişe «hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk, ýürekdeşlik, gadyrly gatnaşyklar» ýaly jümleleri ýygy-ýygydan gaýtalaýarys. Sebäbi asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan hut şu ýörelgeleri baýdak edinip, bu gün sebitiň ýurtlary döwletara gatnaşyklary strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarmak bilen, dünýä ykbalyna dahylly işlerde-de özara tagallalaryny utgaşdyrýarlar. Bu biziň Merkezi Aziýada bolşy ýaly, Hazarýaka sebitde-de möhüm, ygtybarly hyzmatdaşymyz hasaplanýan Gazagystan Respublikasy babatda hem şeýle. Dostlukly ýurduň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň 24-25-nji oktýabrda Türkmenistana amala aşyran ilkinji döwlet sapary we onuň çäklerinde geçirilen ýokary derejeli gepleşikler bu hakykaty ýene bir ýola bütin aýdyňlygy bilen açyp görkezdi. Türkmenistanda geçirilýän iri halkara çärelere gatnaşmaga gelýän gazagystanly myhmanlar hemişe bir pikiri aýratyn nygtaýarlar: olar türkmen topragyna gelenlerinde, özlerini, edil ýakyn hossarlarynyň öýüne gelen ýaly, arkaýyn duýýarlar. Dostlukly Gazagystana barlanda-da munuň şeýledigi gümansyz. Ýogsa näme, «Guşuň güýji — ganatynda, adamyň güýji — dostlukda» diýýän gazaklar hem-de «Özüňi süýt bil, dostuňy — gaýmak» diýýän tür

Dost-doganlygyň aýdyň beýany

25-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.Milli Liderimiz kärdeşi bilen mähirli salamlaşyp, goňşy ýurduň Baştutanyny Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesine saýlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de oňa berk jan saglyk, abadançylyk we ýokary döwlet wezipesindäki jogapkärli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Prezident Şawkat Mirziýoýew gutlag hem-de hoşniýetli sözleri üçin hoşallyk bildirip, häzirki döwürde özara gatnaşyklaryň ähli ugurlary boýunça aýratyn ösüşe eýe bolan hyzmatdaşlygyň okgunly häsiýetini kanagatlanma bilen belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar

Öň hem habar berlişi ýaly, 2021-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistana döwlet sapary bilen geldi. Saparynyň birinji güni Gazagystanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy. Bu ýerde Döwlet ýolbaşçylary naýbaşy ahalteke bedewlerine syn etdiler.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti döwlet sapary bilen Türkmenistana geldi

2021-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň çakylygy boýunça Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew ýurdumyza döwlet sapary bilen geldi. Iki ýurduň Prezidentleri Türkmenistanyň Ahalteke atçylyk toplumyna bardylar. Ol ýerde döwlet ýolbaşçylary ahalteke bedewlerini synladylar hem-de «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryna tomaşa etdiler.

Dostlukly gatnaşyklara ygrarlylyk

24-nji oktýabrda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistana döwlet sapary bilen geldi. Paýtagtymyzyň iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menzilinde Gazagystanyň Baştutanyny Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow garşylady. Belent mertebeli myhmanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow bilen Hökümet wekiliýetleriniň zalynda söhbetdeşligi boldy, gepleşikleriň dowamynda strategik häsiýete eýe bolan türkmen-gazak gatnaşyklarynyň ýokary derejesi bellenildi. Dostlukly döwletiň Baştutanynyň Türkmenistana bu gezekki sapary soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykan hem-de baýlaşan özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýolunda nobatdaky netijeli ädim bolar. Mälim bolşy ýaly, goňşy döwletler, şol sanda Gazagystan Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň esasylarynyň biridir. Bu babatda umumy bähbitlere laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikler bar. Biziň ýurtlarymyzy diňe bir geografik ýakynlyk däl, eýsem, iki doganlyk halkyň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan taryhy-medeni ýakynlygy hem birleşdirýär. Ata-babalarymyzyň miras goýan özara hormat hem-de hoşniýetl