Halkara hyzmatdaşlygynda möhüm ýörelgeler
Adamzat ýaşaýşynyň ähli döwründe hem iň uly gymmatlyk parahatçylyk, abadançylyk, nesilleriň ösmegi-örňemegi üçin şertleriň döredilmegi bolupdyr. Türkmenistan özüni Garaşsyz döwlet diýip yglan eden gününden başlap parahatçylyk söýüjilik syýasaty ýaýbaňlandyrdy. Dünýä halklary bilen agzybirlikde ýaşamak, ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmak, abadançylyk we ösüş biziň saýlan özbaşdak, garaşsyz ýolumyzyň esasy ýörelgelerine öwrüldi. Ýurdumyzyň her bir raýatynyň parahat durmuşda ýaşamagy, ertirki abadan günlere ynamly bolmagy, okamak, işlemek, ösmek, örňemek üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmegine gönükdirilen maksatnamalaýyn işler öz miwesini hem berýär. Ýurduň içerki ösüşini we halkara giňişliginde mynasyp ornuny üpjün edýän syýasy ugur — parahatçylyk arkaly ösüş bu gün dünýäde özboluşly we ösüşe ukyply işjeň syýasy ugur hökmünde barha giň goldawa eýe bolýar. Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow öz wezipesine girişmek dabarasynda eden çykyşynda ýurdumyzy ösdürmegiň geljekde ileri tutulýan ugurlaryny kesgitläp, baş maksatlara ünsi çekdi. Olaryň arasynda Garaşsyz hem-de baky Bitarap Watanymyzyň daşary syýasaty, halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça wezipeler hem bar. Şu wagtky