"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Makalalar

Eziz Türkmenistan

Saýalydyr baglary,Kerkawlydyr daglary,Beýik Ýüpek ýollary,Eziz Türkmenistanyň. Bedew, haly, nagşy bar,Şahyr, ozan, bagşy bar,Günüň parlak dogşy bar,Eziz Türkmenistanyň.

Goşgular çemeni

Eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygy Halkyň ýagty ykbalynyň çüwmesi,Eziz Diýarymyň Garaşsyzlygy.Şirin owaz edýär bagtyň düwmesi,Eziz Diýarymyň Garaşsyzlygy.

Çaga kalbynyň owazy

Türkmenistan — ajap mekan! Taryhy şöhratly, geljegi ýagty, Türkmenistan — parahatçylygyňwe ynanyşmagyň Watany. Ýollary nurana, gujagy bagtly, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany.

Ejemiň täsin tapmaçasy (Hekaýa)

... Seret muňa, oba diýmäge diliňem baranok. Giň-giň köçeleriň iki ýan tarapynda köşgi-eýwan ýaly jaýlar, kerwensaraý ýaly howlular, bazar-dükanlar, awtoulaglaryň akymy... Şu günki günüň obasynyň şäherden kem ýeri ýok. Ozallar, biz çagakak welin... Siz göz öňüne getirjek boluň, daşy saman suwagly, pagsadan bina edilen iki otagly tam. Iki otagly diýýänim, ilki bilen, jaýyň dik ortasyndaky işiksiz-gapysyz telär ýaly girelgeden girersiň welin, sag tarapda bir otag, çepiňde-de bir otag... Sag tarapdaky otagda, köplenç, biz — ekabyr çagalar, çepdäkide-de ejem, kakam hemem kiçijik jigilerimiz — çülpe çagalar bolýardy. Penjireleri hem bosagasy güneý tarapa — günorta bakyp duran biziň bu süýnmek uzyn tamymyza meňzeş jaýlar hatar tutup oturardy. Tamymyzyň sag ganatyna ýanalyp-ýabşyrylyp galdyrylan inli hem beýik basgançaklar bar. Şol basgançaklardan basyp, üçege çykyp bolýar. Elbetde, uly adam bolmasaň, aňsat däl... Ýöne hernäme-de bolsa, käte-käte dyrmaşyp, dyrjaşyp, biri-birimiziň elimizden çekip, üçege çykardyk... Bu pursat biziň üçin hiç bir zat bilen deňäp bolmaýan açyşdy, ýeňişdi... Oba eliň aýasynda ýaly... Baglara bürenip otyr... Sergin şemala ellerimizi gerip, ýukajyk köýneklerimiziň pasyrdysyna melul bolup, hyýalymyzda alys menzillere uçýar

Nurgeldiniň kepderisi (Hekaýa)

Nurgeldi ol günem ir oýandy. Ýuwnup-ardynyp, irki maşklaryny etdi. Soň ýene bir ýola ellerini sabynlap ýuwdy-da, saçak başyna geçip, ertirlik edindi. Oglanjyk dynç günlerinde öý-hojalyk işlerini edip, ene-atasyna kömekleşmegi halaýardy. Ýene şol endigi boýunça, daşaryk çykdy-da mallaryna ot, towuklara iým berdi. Birdenem, mal ýatagynyň ýanyndaky erik agajynyň şahasynda çyrpynýan guşjagaza gözi düşdi. Nurgeldi çakganlyk bilen agaja dyrmaşdy. Görse, ganatlaryny ýelken ýaly ýazan kepderijigiň aýagy inçe şahalara çolaşan eken. Ol janhowluna pytyr-pytyr edýärdi. Oglanjyk kepderini alyp, ýere düşdi-de, ejesiniň ýanyna ylgady. Şol barşyna aýasyndaky guşjagazy görkezip: — Eje, eje, bu kepderijige seret, ol indi meniň guşum, men ony öýde idetjek — diýdi. Selbi gelneje ýaňy per biten kepderijigi siňe synlap, Nurgeldä şeýle diýdi:

Hoşallyk (Hekaýa)

Bir gün babamlaryň howlusynda oýnap ýörkäm, sekiniň üstüne guşuň çagajygy patlap gaçdy. Ol sekä kölege bolsun diýip, babamyň eken tudundaky höwürtgeden gaçypdyr. Şol pursadam bir ýerlerden pişik geldi-de, ýaňky etene guşjagazy alyp gitmekçi boldy. Menem pişige haýbat atyp başladym hem doganym Ýagmyry çagyrdym. Ene guşjagaz jüýjesini gorajak bolup jan edýärdi. Pişik welin, örän arkaýyndy. Ahyry, Ýagmyr meniň sesimi eşidendir-dä, ylgap geldi. — Eneş, näme boldy?

Italýan dilini öwrenýäris

Ýakynda Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 85-nji orta mekdepde bolduk. Öňden rus we iňlis dilleri öwredilýän bu mekdepde şu okuw ýylynda italýan dili hem girizilipdir. Italiýa dünýä medeniýetiniň ösen ýurdy hasaplanylýar. Islendik halkyň medeniýeti, sungaty, däp-dessurlary bilen ýakyndan tanyşmakda, ilki bilen ol ýurduň dilini bilmek ähmiýetli bolup durýar. Biz okuwçylaryň okuw kitaplary, iş depderleri bilen gyzyklandyk. Italýan dili 5-nji synpdan okadylyp başlanýar. Umumy orta bilim berýän mekdepleriň 5-nji synpy üçin «Italýan dili» okuw kitaby, italýan dili iş depderi Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýokary hilli çaphana usulynda taýýarlanypdyr. Bu mekdepde bolanymyzda, italýan dilini öwrenýän okuwçylaryň birnäçesi bilen söhbetdeş bolup, olaryň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. Nurgözel ÝOMUTBAÝEWA,5-nji synp okuwçysy:

Bir pursatlyk sowal-jogap

Döwrümiziň bagtyýar nesilleriniň pikirlerini, garaýyşlaryny bilmek maksady bilen, çagalaryň birnäçesine aşakdaky iki sowal bilen ýüz tutduk: 1. Hut şu pursat surat çekmeli bolsaň, nämäniň suratyny çekersiň? 2. Edil häzir bir aýdyma hiňlenmeli bolsaň, ol haýsy aýdym bolar?

Kitap bolsun baş dostuň...

Eziz çagalar, siziň kitap bilen tanyşlygyňyz ertekidir hekaýalardan başlanandyr. Siz kitap arkaly dünýä akyl ýetirmäge, ýatkeşligiňizi ösdürmäge, kiçijik sowallaryňyzy çözmäge çalyşýarsyňyz. Ýazyjylar siziň üçin niýetlenen kitaplara öz dünýägaraýşyny siňdirip, çagalaryň düşünjesini ulularyň dünýäsi bilen ýakynlaşdyrýarlar. Çagalar dünýäsini nazarlaýan şol eserlerde many çuňlugyna ýaşyň ulaldygysaýyn akyl ýetiriljek pelsepewi pikirlere hem duş gelmek bolýar. Biz türkmen we dünýä çagalar edebiýatyna degişli bolan meşhur ertekilerden, hekaýadyr goşgulardan çuňňur mana ýugrulan jümleleri saýladyk we olary size ýetirmegi makul bildik. Eziz çagalar, eger bu jümleleriň alnan eserleriniň käbiri siziň üçin nätanyş bolsa, onda sizde şol kitaplary okamak höwesiniň dörejekdigine berk ynanýarys. Süýji bolýar ekip iýseň, maňlaý deriň döküp iýseň! (Kaýum Taňrygulyýew, «Igde»).

Başy sümmenli bala

Mähriban çagalar, siz geçen asyrlarda täze doglan bäbejiklere tä 3-4 ýaşyna ýetýänçä nähili başgaplaryň geýdirilendigi barada nämeleri bilýärsiňiz? Geliň, bular barada size käbir maglumatlary gürrüň bereýin... Irki döwürlerde çaga başgaplarynyň dürli görnüşleri bolupdyr. Şolaryň biri-de sümmen börük ýa-da il arasynda aýdylyşy ýaly, çile börük bolupdyr. «Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde» «sümmen» sözüne şeýle düşündiriş berilýär: «Sümmen — ýaş çaganyň gulaklaryny ýapyp duran gurama tahýasy. Meniň ballym ýaşynda, Ýaşyl sümmen başynda (Hüwdi). Ol adaty tahýadan iç göwrüminiň çuňlugy bilen tapawutlanypdyr. Bu başgaba berlen at hem onuň çaganyň başyna maňlaýy, gulaklary bilen sümdürilip, gaýym geýdirilýändigi bilen baglanyşykly bolsa gerek. Sümmen börük bäbejige ýedi çilesinden soň, ýagny, onuň näzijek teni ýedi günüň dowamynda az-kem berkişenden soň geýdirilipdir. Ony, esasan, bäbejigiň garry enesi tikip taýýarlapdyr. Bu başgabyň biçiliş usuly tahýanyňkydan tapawutlydyr. Tahýa depe we etek böleklerinden ybarat bolsa, sümmen uçlary inçelip gidýän mata böleklerini birleşdirmek arkaly tikilýän başgapdyr. Käbir ýagdaýlarda oňa pessejik depelik hem edilipdir. Kiçijik sümmen dürli reňkli nah matalar

Ýaşajyk suratkeşleriň sergisi

Çagany ýaşlykdan hünäre ugrukdyrmak halkymyzyň nesil terbiýesinde gadymdan gelýän ýörelgesi. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen bu ýörelgämiz rowaçlyklara beslenýär. Balkan welaýatynyň Serdar şäher çagalar çeperçilik mekdebiniň zehinli çagalarynyň taýýarlan el işlerini synlanyňda, olaryň sungata bolan söýgüsi kalplara buýsanç duýgusyny bagyşlaýar. Çagalaryň döreden amaly-haşam hem-de nakgaş eserlerinde halkymyzyň geçmiş taryhy, häzirki bagtyýar zamanamyzyň waspy inçelik bilen beýan edilýär. Eserler milli nagyşlaryň täze öwüşgini bilen sazlaşykly reňklerde bezelýär. Žurnalymyzyň bu gezekki sanynda olaryň redaksiýamyza ýollan eserleriniň käbirlerini okyjylara ýetirmegi makul bildik.

Ýyldyz

Enn we Jeýn Teýlorlar,iňlis ýazyjylary Ýaldyra, ýaldyra, kiçijik ýyldyz,Seniň nämedigiň meniň üçin syr.Dünýäň depesinden — beýikden garap.Göýä, gök Asmanyň göwher daşy deý.

Ýapon nakyllary

Gepiň gutaran ýerinde iş başlar. * * *

Ýamak (Hekaýa)

Nikolaý Nosow,rus ýazyjysy. Bobkanyň biçak gowy balagy bardy. Ol ýaşyl, has dogrusy, çalymtyl ýaşyl reňkli. Bobka balagyny örän gowy görýärdi hem-de mydama öwünýärdi.

Hereket her gün gerek

Häzirki zaman çagalar bagynyň ajaýyp oýun meýdançasynda terbiýeçi zenan körpeje çagalara hereketli oýun oýnadýar: —Bir, iki, üç,Elleriňi aç,Çapak çarp,Alma gap,Kepderijik, ganat kak...

Sagdynlygyň çeşmesi

Almadyr adym meniň,Ýokumlara baýdyryn.Meni köpräk iýenlerBerkider öz saglygyn.

Halkara bäsleşiginiň ýeňijileri

Ýanwar aýynyň 7-12-si aralygynda Gazagystan döwletinde matematika, fizika we informatika dersleri boýunça halkara ders bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige ýurdumyzyň paýtagtyndan hem-de welaýatlaryndan mekdep okuwçylary uzak aralykdan internet arkaly gatnaşyp, ýeňişli orunlara mynasyp boldular. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy netijesinde dünýä bilen aýakdaş ösýän ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmek üçin döredilýän mümkinçilikleriň oňyn miwesidir. Aşgabat şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Süleýman Ataýew bu bäsleşige informatika dersi boýunça gatnaşyp, ýeňişli orna mynasyp boldy. Ol öz ýürek buýsanjyny şeýle beýan etdi:

Sport äleminiň Ýyldyzy

Dünýä derejesindäki at-abraýy ýyl-ýyldan belende galýan eziz Watanymyzda mähriban Arkadagymyz ösüp gelýän ýaş nesliň sport hem-de bedenterbiýe bilen meşgullanmagy üçin ähli şertleri döredip berýär. Ýaşlar Gahryman Arkadagymyzyň şeýle atalyk aladalaryna jogap edip, halkara derejesinde geçirilýän dürli ýaryşlarda baýrakly orunlary eýelemek arkaly öz sagbolsunlaryny ýetirýärler. Şeýle ýaşlaryň biri hem 1998-nji ýylda Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynda doglan Ýulduz Jumabaýewadyr. Ýulduz heniz kiçijik wagty özi bilen deň gyzjagazlardan güýçlüligi we çydamlylygy bilen tapawutlanyp, önüp-ösen ýerlerinde woleýbolçy gyzlaryň arasynda top oýnap, olardan hem çeýelik, çakganlyk babatynda güýçlüräk gelýän eken. On bir ýaşyna ýeten gyzjagyň sportda üstünlik gazanyp biljekdigine göz ýetiren ene-atasy Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň 1-nji sport mekdebiniň agyr atletika boýunça tälimçisi hem-de Ýulduzyň daýysy Zeripbaý Kerimbaýewe ýüz tutupdyrlar. Sporta nähili başlandygy barada gürrüň bermegini haýyş edenimizde Ýulduz çagalygyny ýatlap, şeýle jogap berdi:

Täsin jandarlar

Haýwanat dünýäsiniň wekilleri biri-birinden diýseň tapawutly bolýarlar. Olaryň arasynda şatlama aýaza çydamlylary-da, jokrama yssyda ençe günläp suwsuz oňýanlary-da bar. Eýsem, olaryň ýürekleriniň işleýşinde nähili tapawutlar barka? Men şu sowala jogap tapmak maksady bilen, internet sahypalaryndan üýtgeşik maglumatlary öwrendim. Ynha, olar bilen siz hem tanşyp bilersiňiz. — Ýiti burunly gyzylguýruk syçanlar iň çalt urýan ýürekli jandarlaryň biridir. Onuň ýüregi minutda 1200 gezek urýar. Ýürek urşunyň örän çaltdygyna garamazdan, mör-möjekler bilen iýmitlenýän bu jandaryň agramy bary-ýogy 30 gram töweregidir.

Gül ysly mazy

Türkmeniň bereketli topragynda ýetişýän ajaýyp bakja önümleriniň biri-de, dulda dursa gül ysy bilen burk urup göwünleri göterýän, ele alsaň, bal ysy süňňüňe ýaýraýan mazydyr. Mazynyň pazyly ýere ýazylyp ösmek bilen, baldaklarynyň şekili togalak ýa-da dört gyraňlydyr. Miwesi eliň aýasynda ýerleşjek ululykda, togalak we tüýjümek, daşy nagyşlyja, gyzgylt-goňras reňkli bolýar. Mazy Diýarymyzyň ähli ýerinde diýen ýaly ösýär. Onuň miwesi iýilmeýär, ysgamak we bezeg üçin ulanylýar. Mazyny ysgap doýup bolmaýandygyny söz ussady Magtymguly Pyragy şeýle beýan edipdir: «Güli, destembili ysgap doýunmaz». Onuň ady türkmen halk döredijiligi eserlerinde hem orun alýar: «Gawun gowusy — mazy», «Ene — mazy, ata — kazy».