Ýaşajyk suratkeşleriň sergisi

21 Fewral 2021
1393

Çagany ýaşlykdan hünäre ugrukdyrmak halkymyzyň nesil terbiýesinde gadymdan gelýän ýörelgesi. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen bu ýörelgämiz rowaçlyklara beslenýär. Balkan welaýatynyň Serdar şäher çagalar çeperçilik mekdebiniň zehinli çagalarynyň taýýarlan el işlerini synlanyňda, olaryň sungata bolan söýgüsi kalplara buýsanç duýgusyny bagyşlaýar. Çagalaryň döreden amaly-haşam hem-de nakgaş eserlerinde halkymyzyň geçmiş taryhy, häzirki bagtyýar zamanamyzyň waspy inçelik bilen beýan edilýär. Eserler milli nagyşlaryň täze öwüşgini bilen sazlaşykly reňklerde bezelýär. Žurnalymyzyň bu gezekki sanynda olaryň redaksiýamyza ýollan eserleriniň käbirlerini okyjylara ýetirmegi makul bildik.