"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Makalalar

Pars nakyllary

Tejribesize uzak wagtlyk sapar durmuşy öwreder. ***

Gyzykly sowallar

Ýaşuly öýüne birnäçe pyrtykal getirdi. Ol öňünden ylgap çykan birinji agtygyna ellerindäki pyrtykallaryň ýarysyndan köprägini berdi. Ikinji agtygyna elinde galanlaryň ýarysyndan köprägini berdi. Üçünji agtygyna-da elinde galanyň ýarysyndan köprägini berdi. Soňunda ýaşulynyň elinde pyrtykal galmady. Ýaşuly öýüne näçe pyrtykal getiripdir we her agtygyna näçesini paýlapdyr?

Aşhana bilen baglanyşykly matallar

Daşary ýaz, ot-alaw,Öýjagazda buz, gyraw. * * *

Aşgabat

2014-nji ýyl­­­da hor­mat­ly Preziden­ti­mi­ziň gat­naş­ma­gyn­da paý­tag­ty­my­zyň mer­ke­zin­de be­ýik­li­gi 25 met­re ba­ra­bar bo­lan «Ak şä­he­rim Aş­ga­bat» at­ly bi­na da­ba­ra­ly ýag­daý­da açyl­dy. Onuň ýo­kar­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­ny ala­mat­lan­dyr­ýan zeý­tun şa­ha­jyk­la­ry şe­kil­len­di­ri­len­dir. 

Garlawaç

— Gök garlawaç, garlawaç,Özüň örän gürlewaç!Aýt, näme iş bitirýäň?— Gör-ä, çirkeý getirýän,— Çirkeýi näme etjek?— Ony çagama eltjek.— Hany, çagaň nirede? — Çagam belent söwütde.— Hany, söwüt nirede?— Ot alyp, köýüp gitdi. — Onda ol ot nirede?— Ýagyş ýaganda öçdi.— Hany, ýagyş nirede?— Ony taýjagaz içdi.Soň oňa ganat bitdi, Ol kişňäp uçup gitdi.Seret Göge, gaýraňa,Taý asmanda böküp ýör.Gör, ol ýaýrara goýman,Buldy toplap bakyp ýör.

Ak şäherim Aşgabat

Aziýaň dür-merjeni,Ak şäherim Aşgabat!Dost-doganlyk merkezi,Ak şäherim Aşgabat! Köpetdagyň çeşmesi,Garagumuň keşdesi,Göýä ak gül dessesi,Ak şäherim Aşgabat!

Iň uly baýram

Dünýäde şeýle bir baýram bar, oňa Garaşsyzlyk baýramy diýilýär. Bu baýrama hemme ýerde hemmeler garaşýarlar. Ýurdumyzda şu ýyl, ýagny «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda biz ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny belleýäris.

Watanym

Watanym!Men seniň bagtly perzendiň,Mylaýym howaňdan doýman gananym.Keşbiňde Aý nury, Güneşiň çogy,Mekany sen şahyrlaryň, danalaň. Seniň bilen gözeldir bu ykbalym,Sähraň gülälekli, sazak-selinli. Ak bagtymyň çür başyna deňedim,Jägildäp goýnuňda dünýä gelenmi.

Bedew at — uçar ganatym

Ýadyma düşýär, oglanjyk döwürlerimizde saýlap-seçilip alnan çybykdan «at» ýasanyp, baý, at çapardyg-a! Bir ýerden bir zat getirmeli bolsa ýa-da birine bir habary ýetirmeli bolsa, hökman «çybyk atymyza» atlanardyk. Obanyň gumak ýolundan edil ata erk edýän mysaly, «gamçymyzy» bulaýlap, iki ýana at salardyk. Geň galmaly ýeri biz «çybyk atymyza» atlanyp, obanyň gumak ýolunda şowhun turzup, at çapmaga başladygymyz, ulular käýemezdem, gaýtam her kim öýüniň deňesine suw sepip, biziň at çapyşygymyza amatlylyk dörederdiler. Ýaşuludan ýaşkiçä çenli hemmesi bize janköýerlik ederdiler. «Dordepel öň geldi-de, Meleguş dyzynyň kuwwatyny görkezdi» diýşip, bizi goldardylar. Sebäbi biziň atlanýanymyz diňe bir «çybyk at» däldi-de, Gyrat, Dordepel, Garlawaç, Algyr, Laçyn diýen bedewlerdi.

Garaşsyzlyk - buýsanjymyz

Garaşsyzlyk berkarar döwletimiziň abadançylygynyň, kuwwatlylygynyň we mizemezliginiň berk binýadydyr. Men öz dogduk mekanymyň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistandygyna buýsanýaryn. Şu ýylyň tylla güýzünde ata Watanymyzyň Garaşsyzlyk alanyna 30 ýyl dolýar. Taryh üçin seýle gysga wagtyň içinde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan, ylym-bilim ulgamlarynda, oba hojalykda, sportda asyrlara barabar sepgitlere ýetendigine diýseň guwanýarys. Bu buýsandyryjy hakykaty bütin dünýä ykrar edýär. Ata-babalarymyz elmydama türkmen halkynyň başyny birikdirmegi arzuw edipdirler. Bu baradaky pikirler geçmişdäki şahyrlaryň goşgularynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Halkymyz öz isleg-arzuwlaryny döredijilige we sungata siňdiripdir. Ynha, bu gün bolsa olaryň asyrlarboýy ýetip bilmedik arzuwlary hasyl boldy.

Arkadag

Geljegimiz Aýdan aýdyň, röwşendir,Ýaş nesiller Siziň bilen, Arkadag!Pentleriňiz ýüreklere gowşandyr,Ýaş nesiller Siziň bilen, Arkadag! Bilim alýas, okaýarys erkana,Geçmişiň şöhratly, halkyň merdana,Aşgabadym görkanadyr görkana,Ýaş nesiller Siziň bilen, Arkadag!

Iň eýjejik gyzjagaz — 2021

Ýakynda paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen Bilim ministrliginiň bilelikde guramagynda, Milli bahar baýramy mynasybetli ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 2 — 4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlaryň arasynda «Iň eýjejik gyzjagaz — 2021» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bu bäsleşik «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna mahsus ruhubelent, şadyýan gurşawda dowam edip, netijeli hem many-mazmuna baý öwüşgin bilen jemlendi. Çagalar we olaryň bagtyýar geljegi ugrundaky aladalar ýurdumyzyň bilim ulgamynda alnyp barylýan işler bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ösüp gelýän ýaş nesilleriň bilim-sowatlylygyny, zehin-başarnyklaryny açyp görkezýän dürli ugurly çäreler milli bilim ulgamynyň Jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde durmuşa geçirýän meýilnamalarynyň esasyny düzýär. Berkarar döwletimizde ýylyň-ýylyna geçirilýän «Iň eýjejik gyzjagaz» atly ajaýyp bäsleşik ýaly, birnäçe çäreleriň tapgyrlaýyn esasda, yzygiderli geçirilmegi ýaş nesilleriň bilimdir zehinleriniň, ukyp hem başarnyklarynyň açylmagyna giň ýol açýar. Öwredijilik we döredijilik ähmiýetli şeýle çäreleriň ýygy-ýygydan guralmagy üçin ýurdumyzda döredilý

Watanymyzyň ýüregidir Aşgabat

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda ýurdumyzyň ýüregi hasaplanýan merjen şäherimiz Aşgabadyň 140 ýyllygynyň hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilmegi toýlarymyzyň toýlara ulaşýandygynyň aýdyň beýanydyr. Hawa, gujagy toý-baýramly güneşli Diýarymyzyň ajaýyp eýýamy hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik işleri bilen gün-günden eşrete, bagtyýarlyga beslenýär. Eziz Watanymyzyň çar ýanynda gurlup, ulanylmaga berilýän ösen dünýä ülňülerine laýyk gelýän ajaýyp binalar gözelligi bilen göreni haýran edýär.

Alabaý — akylly dost

Türkmeniň arassa ganly alabaý itiniň duýgurlygyna geň galaýmaly. Eýesiniň öýe ýetip gelýändigini birnäçe wagt öňünden duýup, tarsa ýerinden turup, garşylamaga çykyşy ýa-da öz eýesiniň süýtdeş doganyny, jigisini, çagasyny öň görmedik bolsa-da tanaýşy täsin. Çöldäki alabaýlaryň tupanly howany öňünden duýmagy, tomsuna sowuk ýer küýsäp çopanyň goşuna, oýlugyna sümlüp giren ýylany aňşyrmagy haýran galdyrýar. Şeýle mysallar näçe diýseň bar. Siziň alabaýlary has içgin tanamagyňyz üçin, olaryň duýgurlygyna degişli şeýle rowaýat bar.

Çaga göwünli şahyr

Kesp-kärini ykbalyna, ömrüniň manysyna öwren we zehin-başarnygyny şoňa bagyş edýän adamlar iň sarpaly ynsanlardyr. Olaryň ýürek yhlasy siňen işler il-halkyň kalbyny gülledýär, göwnüni joşdurýar, ählihalk söýgüsini gazanýar. Çagalaryň söýgüli şahyry Azat Rahmanow hem şeýle ykbally ildeşlerimiziň biri. Ol — körpeje çagalara, olaryň geljegine, giň düşünjeli kemala gelmeklerine gönükdirýän söýgi-yhlasyny bol hasylly döredijilik bagynyň gül-çeçegine, şirin miwelerine öwren şahyr. Ýakynda çagalar şahyry Azat Rahmanow bilen mekdep okuwçylarynyň arasynda döredijilik duşuşygy geçirildi. Ikitaraplaýyn sowal-jogaplar örän täsirli boldy. Şol keýpiçag pursatlaryň mazmuny 75 ýaşy arka atan halypa şahyrymyzyň goşgularynda has aýdyň şöhlelenýär. AK GAZJAGAZ

Çaga kalbynyň owazy

Aşgabat Ýurdumyzyň ýüregi,Ak şäherim Aşgabat.Ýer ýüzüniň röwşeni,Ak şäherim Aşgabat.

Wepadar dostlar (Hekaýa)

Birinji synpy tamamlan Ballyjygyň tomusky dynç alyş döwrüniň on gününi çölde, atasynyň çopan goşunda geçirmegi onda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Seleň sähranyň görmeseň ynanylmajak gözelligi, iki ýana bökjekleşýän owlak-guzular, «hyh, çök» diýip, owsaryndan çekilse, buýrugy iki gaýtalatmaýan mähnet düýeler hakynda onuň berýän gürrüňleri şäherli oglanjyklary şeýle bir geň galdyrýardy welin, hiý, goýaý. Bu zatlar hakynda gürrüň beren pursatlary Ballyjyk dostlarynyň özüne gözügidijilik bilen seredýänini bilip, has-da joşýardy. Ylaýta-da, atasynyň iň ýakyn kömekçisi Alabaýyň, onuň ýumak ýaly togarlanyp ýören güjüjekleri hakyndaky söhbetleri gaty üýtgeşikdi. Beýle söhbetler oglanlaryň goýun itleri hakyndaky ozalky eşiden-gören zatlaryndan täsirlidi. Has geň ýeri hem, Ballyjygyň olar bilen edil ýakyn dostlar ýaly, ylgap-towsup oýnaýyşlary barada aýdýanlarydy. Şonda oglanlar Balla biri-birinden ýakyn durmaga çalyşýardylar. Söhbediň sähel böwşeňlän pursady bolsa «men eýderdim, men beýderdim» diýip, çaga häsiýetleri bilen öwnäýýän gezekleri hem bolman duranokdy. Şonda Bally: — Dostlar, sizem gidiň, görersiňiz — diýip, gyzykdyryp, has içgin gürrüňe başlaýardy.

Momotaro (Ýapon ertekisi)

Gadym zamanlarda bir goja bilen garryja mama ýaşar eken. Goja-ha günde daga odun ýygmaga, mama bolsa derýada egin-eşik ýuwmaga gider eken. Günlerde bir gün mama kir ýuwup otyrka, suw bilen tigirlenip akyp gelýän şetdalyny görýär. Ol: «Be-e, bu nähili ullakanja miwe eken, muny baba bilen bileje iýeris» diýip, ony öýüne alyp gaýdýar. Goja öýe gelende, kempiri oňa şetdalyny görkezip: «Hakykatdan hem, ullakanja miwe. Gel, bileje iýeli» diýýär we şetdalyny kesjek bolýar. Şol wagt şetdalynyň içinden bir oglanjyk çykýar. Mama: —Waý, şetdalynyň içinden oglanjyk çykdy, özi-de bir gowuja! — diýip, aňk-taňk bolýar. Adamlar oglanjygyň ady Momotaro bolsun diýýärler. Ýerli halkyň dilinde «Momotaro» diýmek «şetdalydan çykan oglanjyk» diýen manyny aňladýar eken.

Bag ekjek

Her ýyl tomusky dynç alşyny Myrat obada atasynyň ýanynda geçirýär. Ol oba durmuşyny hem şäher ýaşaýşynyň gyzygy ýaly diýseň gowy görýär. Obanyň jana şypaly tämiz howasy, owadan tebigaty, ir bilen dag tarapdan öwüsýän mylaýym säher şemalyna çalaja yranýan baglardaky saýraýan guşlaryň owazy, al-ýaşyl meýdanda bark urýan gül-gülälekleriň gözelligi onuň kalbyny heýjana salýar. Ylaýta-da, oba adamlarynyň kiçigöwünliligi, myhmansöýerligi oňa şeýlebir ýaraýar. Obanyň gözelligine gözellik goşmak Myradyň mydama arzuwy. Bir gün ol ir bilen eline pil alyp, howlukmaç nirädir bir ýere ugramakçy boldy. Atasy: «Köşegim, eliňe pil alyp, gyssagly nirä barýarsyň?» diýip sorady. Myrat: «Ata, men ussat şahyrymyzyň sargydyny berjaý etmäge barýan» diýip ýylgyrdy. Atasy geňgalyjylyk bilen: «Ol haýsy şahyryň sargydy, oglum?» diýip, agtygynyň jogabyna garaşdy. Myrat: «Arada mugallymymyz hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň bagy-bossanlyga öwrülýändigi barada gürrüň berende, şahyr Gara Seýitliýewiň «Adam we ýadygärlik» diýen goşgusyny ýatlap: «Kimde-kim bir agaç ekse ýadygär, Dünýä kitabynda onuň ady bar» diýip, goşgy setirleri bilen düşündirdi. Nahal ekip, obamyzyň gözelligine görk goşýan obadaşlarymyzyň zähmetine menem goşandymy goşasym gelýä

Sagdynlyk gözellikdir

Mähriban çagalar! Ynsanyň iň gymmatly baýlygy saglykdyr. Saglyk hakyndaky alada we keselleriň öňüniň alynmagyna bagyşlanan Bütindünýä saglyk güni 1950-nji ýyldan bäri her ýylyň 7-nji aprelinde tutuş dünýäde giňden bellenilip geçilýär. Bu senäni döretmek baradaky pikir 1948-nji ýylda Bütindünýä saglygy goraýyş Assambleýanyň birinji mejlisinde Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň döredilmeginiň şanyna öňe sürüldi. 70 ýyldan gowrak wagtdan bäri bellenilip gelinýän Bütindünýä saglyk güni diňe bir baýramçylyk bolman, eýsem, saglyk barada pikirlenmek, dürli keselleriň öňüni almak, arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek hem-de sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmak baradaky düşünjeleri baýlaşdyrmak üçin uly mümkinçilik hem bolup durýar.