Başy sümmenli bala

21 Fewral 2021
1629

Mähriban çagalar, siz geçen asyrlarda täze doglan bäbejiklere tä 3-4 ýaşyna ýetýänçä nähili başgaplaryň geýdirilendigi barada nämeleri bilýärsiňiz? Geliň, bular barada size käbir maglumatlary gürrüň bereýin...

Irki döwürlerde çaga başgaplarynyň dürli görnüşleri bolupdyr. Şolaryň biri-de sümmen börük ýa-da il arasynda aýdylyşy ýaly, çile börük bolupdyr. «Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde» «sümmen» sözüne şeýle düşündiriş berilýär: «Sümmen — ýaş çaganyň gulaklaryny ýapyp duran gurama tahýasy. Meniň ballym ýaşynda, Ýaşyl sümmen başynda (Hüwdi). Ol adaty tahýadan iç göwrüminiň çuňlugy bilen tapawutlanypdyr. Bu başgaba berlen at hem onuň çaganyň başyna maňlaýy, gulaklary bilen sümdürilip, gaýym geýdirilýändigi bilen baglanyşykly bolsa gerek. Sümmen börük bäbejige ýedi çilesinden soň, ýagny, onuň näzijek teni ýedi günüň dowamynda az-kem berkişenden soň geýdirilipdir. Ony, esasan, bäbejigiň garry enesi tikip taýýarlapdyr. Bu başgabyň biçiliş usuly tahýanyňkydan tapawutlydyr. Tahýa depe we etek böleklerinden ybarat bolsa, sümmen uçlary inçelip gidýän mata böleklerini birleşdirmek arkaly tikilýän başgapdyr. Käbir ýagdaýlarda oňa pessejik depelik hem edilipdir. Kiçijik sümmen dürli reňkli nah matalardan, içine ýumşajyk matadan içlik edilip tikilmeli. Onuň gyralarynyň hem ýumşak bolmagy üçin jähek çalynman, gyzyl reňkli ýumşajyk matadan parawuz tutulmaly. Sümmen börük bäbejigiň maňlaýyny doly tutup durjak şekilde geýdirilip, üstünden ýaglyk daňlypdyr. Çaga biraz ulalyp, beýnisi gatandan soň, onuň üçin keteni, daraýy ýaly matalardan gurama usulynda tikilip, etegine jähek çalnan we nagyş bilen bezelen täze sümmen börük taýýarlanylypdyr.

Jeren ÖWEZOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.