Ömrüň erki öz eliňde
Bir wagtlar, has anygy heniz mekdep okuwçysy wagtymyz hem dürli bäsleşikler yzygiderli geçirilip durardy. Şol bäsleşikleriň aglabasynda özüň üçin, ýaşaýyş hem-de dünýä üçin nämeler edip biljekdigiňi teswirlemeli bir şerti bardy. Ýönekeýje sözlem, ýöne düşünseň, juda çuňňur jümledi: «Eger-de erk seniň eliňde bolsa, nämeler ederdiň?» diýen sowaldy. Çeper beýan edilen iň owadan arzuwlar bäsleşigiň bu şertiniň ýeňijisi diýlip yglan edilerdi. Kimler dünýäni özgertmegi, kimler Ýer ýüzünde parahatçylygy ornaşdyrmagy, kimler älem-jahana seýran etmegi, ýene birnäçeleri gyşy ýaza öwürmegi, howany arassalamagy, mahlasy, her kim ýa çyndanam göwnüniň isleýän, ýa-da hut şol wagt ýadyna düşen zadyny diline getirerdi. Bu sowalyň, şertiň ýa-da gyzyklanmanyň näme üçin gaýta-gaýta berilýändigine düşünjegem bolmazdyk. Şol bir zady gereginden artyk gaýtalap ýörseň, sözüň täsirliligem ýitip gidýär. Her bir ajaýyp zatlaram adaty bir zat ýaly duýlup başlaýar. Ondan bäri ep-esli ýyl geçdi, döwürler, düşünjeler hem özgerdi. Muňa garamazdan, durmuş, kär, hünär, maksat ýaly ünsden düşürilmeýän zatlaryň söhbedi edilende ýene-de erk güýji hökman ýatlanylýar. Sebäbi üstünlikleriň gözbaşy hut özüňe erk etmekden başlaýan eken. Gaharlanmazlyk, gahary