Şäherli myhman (Hekaýa)
Şäherli garyndaşlarynyň oguljyklary Şöhrady-da alyp, myhmançylyga gelmekleri Sährajyk bilen jigilerini örän begendirdi. Çagalar hezil edip oýnadylar. Şöhratjyk üçin oba durmuşy diýseň gyzyklydy. Dodaklary salpy, haýbatly düýeleri, şahlary burum-burum gaharjaň goçy, gölejigini gabanyp, golaýyna goýbermeýän ala sygry, hatda petekesini gaýşardyp, towuklary gorap ýören gopbamsy horazy gören Şöhratjygyň birbada sussy basylan ýaly boldy. Sährajyk oňa saklaýan öý haýwanlarynyň içinde iň gaharjaňy şol gopbamsy gyzyl horazdygyny gürrüň berdi. Beýlekileri bilen basym dostlaşyp bolýandygyny aýtdy. Şöhratjyk bolsa: «Be, ullakan haýwanlardan gorkman, men indi şu horazdan gorkmalymykam?! Sähra meni aldaýan bolaýmasa» diýip, pikir etdi. Şol pikir bilen hem Sährajyga özüniň bu gopbam horazdan birjik-de gorkmaýandygyny subut etmek üçin herekete geçdi. Ol özüne göwni ýetýän şol gyzyl horazy gorkuzmak üçin amatly pursat gözledi. Myhman oglanjyk hemmeleriň içerde güýmenýän wagtynda howla çykdy-da, şol horazy tutup, Sährajygyň öňünde: «Şumy siziň gaharjaň horazyňyz?!» diýmek maksady bilen, gyzyl horazy kowalap ugrady. Horaz birbada gaçmaga hyýallananam bolsa, birden aýak çekdi-de, Şöhratjygyň garşysyna geçdi. Iki garşydaş bir-biri bilen ýüzbe-ýüz boldy. Birdenem, gorkunç sesi bi