HABARLAR

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 29-njy mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna seredildi hem-de käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Liderimiz mejlisi açyp hem-de oňa gatnaşyjylara ýüzlenip, 28-nji martda ýurdumyzda täze konstitusion edara bolan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň geçirilendigini belledi. Halk Maslahatynyň döredilmegi döwletimiziň geljegi üçin ykbal çözüji waka öwrüler. Bu edara türkmen halkynyň bagtly durmuşynyň, ata Watanymyzyň nurana geljeginiň hatyrasyna Hökümetiň işläp taýýarlaýan we ýurdumyzyň halky bilen amala aşyrýan uly möçberli maksatnamalarynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegini üpjün eder.

Ösüşiň innowasion ugry — jemgyýetiň we döwletiň rowaçlygynyň kepili

Geçen hepdäniň wakalarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlary nobatdaky gezek beýanyny tapdy. Şol ugurlar ýurdumyzyň innowasion taýdan ösüşini has-da güýçlendirmekden, sanly ykdysadyýete geçmekden, telekeçiligi ösdürmekden, jemgyýeti demokratiýalaşdyrmakdan, netijeli halkara hyzmatdaşlykdan, ekologiýa abadançylygyny saklamakdan, mähriban halkymyzyň ruhy we maddy gymmatlyklaryny aýawly saklamakdan hem-de baýlaşdyrmakdan ybaratdyr. 22-nji martda milli Liderimiziň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna gelmegi ady rowaýata öwrülen Akhan atly bedewiň ilkinji at taýynyň dünýä inendigi baradaky buşluk habary bilen gabat geldi. Akhan atly bedewini döwlet Baştutanymyzyň hut özi seýisläp ýetişdirdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 26-njy mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwletimiziň durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň sazlaşykly ösüşine gönükdirilen birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine girizilen meseleler barada aýdyp, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hünärmenleriniň ýurdumyzyň şypahanalarynyň maliýe-hojalyk işleri hem-de bejeriş-sagaldyş kömegini almak üçin berilýän ýollamanamalarynyň bahalary boýunça bilelikde geçiren seljermeleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Hususy oba hojalyk önümlerini öndürijileri goldamak döwlet ähmiýetli wezipedir

Milli Liderimiz ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda täze ýyladyşhana toplumlarynyň işine badalga berdi Ahal welaýaty, 25-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Kaka etrabynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy — “Oguz ýol” hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurlan hem-de ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň önümçilik düzüminiň üstüni ýetiren döwrebap ýyladyşhana toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurlan täze ýyladyşhanalaryň açylyşyna ak pata berdi.

Ekologiýa — şähergurluşyk strategiýasynyň möhüm ugry

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy Aşgabat, 24-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş saparyny amala aşyryp, paýtagtymyzyň işewürlik we durmuş maksatly desgalaryň kemala gelýän ýeri bolan günorta künjeginde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Ýurdumyzyň baş şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, gurulýan desgalarda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesini utgaşdyrmak we paýtagtymyzyň durmuş düzümini kämilleşdirmäge degişli meseleler milli Liderimiziň hemişelik üns merkezinde saklanylýar.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy

Aşgabat, 22-nji mart (TDH). Şu gün — baýramçylyk güni ir bilen özüniň boş wagtlaryny sport bilen meşgullanmaga hem-de döredijilik işlerine sarp etmegi ýola goýan milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna gelip, behişdi bedewler bilen didarlaşdy hem-de döredijilik bilen meşgullandy. Bu ýerde hormatly Prezidentimize ady rowaýata öwrülen Akhan atly bedewiň ilkinji at taýynyň dünýä inendigi barada buşluk habary ýetirildi. Milli Liderimiz öz seýisläp ýetişdiren Akhan atly bedewiniň ilkinji at taýynyň doglandygy baradaky buşluga ruhlandy we bu habary uly şatlyk bilen garşylady.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Biziň ekologiýa maksatnamalarymyz nesilleriň abadançylygy hakyndaky aladadyr

Milli Liderimiz ýazky bag ekmek möwsümine badalga berdi Aşgabat, 20-nji mart (TDH). Şu gün ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýazky bag ekmek dabarasyna badalga berildi. Bag nahallaryny ekmek boýunça ählihalk dabarasy tebigatyň janlanýan we gülleýän pursadyndaky sahawatyny, halkymyzyň mähriban toprak baradaky aladany esasy ugur edinýän ruhy gymmatlyklarymyza, ýagşy dessurlarymyza ygrarlylygyny alamatlandyrýan Milli bahar baýramyna bagyşlandy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 19-njy mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Milli Liderimiz sanly ulgam arkaly geçirilýän mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe söz berdi. Wise-premýer ýurdumyzyň welaýatlarynda gowaça hasylynyň düýbüni tutmak hem-de ekiş möwsüminiň bellenen agrotehniki möhletlerde geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen, gowaça ekişine başlamaga görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Zähmet terbiýesi şahsyýetiň sazlaşykly ösmeginiň möhüm şertidir

Döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň kömekçi hojalyklarynyň ýagdaýy bilen tanyşdy Ahal welaýaty, 18-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryna degişli kömekçi hojalyklarda alnyp barylýan işler we köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine görülýän taýýarlygyň barşy bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Türkmenistan “akylly” şäherler konsepsiýasyny durmuşa geçirmäge çalyşýar

Milli Liderimiziň paýtagtymyz we Ahal welaýaty boýunça iş sapary Aşgabat — Ahal welaýaty 16-njy mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz hem-de Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheriň birnäçe desgalaryndaky, şeýle hem welaýatyň täze döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.