Türkmenistan — ösüşiň, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy
Biziň halkymyzyň halkara bileleşik bilen bilelikde giňden belläp geçen Bütindünýä saglyk gününiň şanyna geçirilen dabaralar geçen hepdäniň wakalaryna aýratyn öwüşgin çaýdy. Ýola goýlan asylly däbe görä, jemgyýetiň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmaga ýardam edýän bu möhüm senäniň hormatyna 7-nji aprelde Türkmenistanda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi, oňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, saglyk diňe bir adam üçin däl, eýsem, jemgyýetimiz üçin hem bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Çünki saglyk güýç-kuwwatyň, zähmet hem-de döredijilik işjeňliginiň, doly bahaly we abadan durmuşyň gözbaşydyr. Şonuň üçin hem ol Türkmenistanyň durmuş maksatly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.