HABARLAR

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna başlyklyk etmek Türkmenistana geçirildi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow EKO-nyň sammitine gatnaşdy AŞGABAT, 4-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň çakylygy boýunça Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (EKO) göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen XIV sammitiniň işine gatnaşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitinde eden çykyşy

(2021-nji ýylyň 4-nji marty) Hormatly jenap Başlyk!

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Aşgabat, 3-nji mart (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň geçen iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine garaldy. Ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy hem-de parahatçylygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, olaryň işini has-da kämilleşdirmäge, döwlet emlägine, şol sanda maliýe serişdelerine gözegçilik etmäge hem-de sanly ulgamy ornaşdyrmaga degişli soraglaryň birnäçesi hem-de beýleki ugurlar boldy.

Türkmen alabaýy halkymyzyň mizemez medeni mirasydyr

Milli itşynaslyk sungatyny kämilleşdirmek boýunça maslahat geçirildi Aşgabat, 2-nji mart (TDH). Halkymyzyň taryhy-medeni mirasyny saklamak hem-de dünýäde giňden wagyz etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Bu ugurda alnyp barylýan giň möçberli özgertmeler alabaýlaryň tohumçylyk işiniň ösdürilmegini hem-de kämilleşdirilmegini nazarlaýar.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 1-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň we paýtagtymyzyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda paýtagtymyzy hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk görmek meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna hem-de şanly senelere taýýarlyk görlüşine garaldy. Döwlet Baştutanymyz gün tertibindäki meselelere geçip, Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowy hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewi göni aragatnaşyga çagyrdy. Olar ýurdumyzyň baş şäheriniň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça milli Liderimiziň beren tabşyryklaryna laýyklykda alnyp barylýan işler, Aşgabadyň binagärlik keşbini gözelleşdirmäge gönükdirilip, bina edilýän iri, täze desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Türkmenistan arzuw-maksatlaryň hasyl bolýan ýurdudyr, gülläp ösüşiň we bagtyýarlygyň mekanydyr

Geçen hepdäniň esasy wakalarynyň biri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň her ýylyň başynda Mejlisiň deputatlary bilen geçirýän duşuşygy bolup, onuň barşynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda ýurdumyzyň öňünde durýan möhüm wezipeleri nazara almak bilen, ýakyn geljek üçin kanunçykaryjylyk babatda milli parlamentiň işiniň esasy ugurlary kesgitlenildi. Döwlet Baştutanymyzyň maksatnamalaýyn çykyşynda ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda kesgitlenen wezipeler bilen baglylykda Garaşsyz Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek, ykdysady kuwwatyny artdyrmak hem-de halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak bu ugurda geçirilýän işiň esasy wezipeleri hökmünde bellenildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 26-njy fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Ilki bilen, döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi. Wise-premýer, daşary işler ministri Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda biz bellän beýik maksatlarymyza ynamly ýeteris

Döwlet Baştutanymyz Mejlisiň deputatlary bilen duşuşdy Aşgabat, 25-nji fewral (TDH). Şu gün Ruhyýet köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň deputatlar düzümi bilen duşuşygy boldy. Onda milli parlamentiň öňünde durýan wezipeler anyklaşdyryldy hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz türkmen döwletiniň ösüşiniň nobatdaky tapgyrynda kanunçykaryjylyk işiniň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen geçirilen duşuşykda eden çykyşy

(Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 25-nji fewraly) Hormatly deputatlar!

Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmek hem-de ony ösdürmek boýunça maslahat geçirdi

Aşgabat, 24-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň häkimliginde Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmek hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine bagyşlanan maslahat geçirdi hem-de şäheri gurmagyň degişli inženerçilik we ýol-ulag düzümini, täze desgalaryň bezeg aýratynlyklaryny, olaryň ýanaşyk çäkleriniň abadanlaşdyrylyşyny öz içine alýan täze taslamalar bilen tanyşdy. Bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Aşgabat şäherine gözegçilik edýän orunbasary Ş.Durdylyýew taýýarlanan taslamalar, olaryň gurluşyklary, gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli taslamalar, desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdi.