HABARLAR

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi

Türkmenabat, 14-nji ýanwar (TDH). Lebap welaýatyna iş sapary bilen gelen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Ruhyýet» köşgünde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy, döwlet durmuşynyň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Liderimiz mejlisi açyp, şu gün türkmen-owgan dost-doganlyk nyşany hökmünde amala aşyrylan iri üç sany taslamanyň — Akina — Andhoý beketleriniň arasyndaky demir ýol böleginiň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň hem-de Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk we üstaşyr ulgamlaryň gurluşygynyň tamamlanmagy mynasybetli dabaralaryň geçirilýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maslahat geçirdi

AŞGABAT, 13-nji ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Ahal we Daşoguz welaýatlarynyň häkimleriniň hem-de ýurdumyzyň bilim ministriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly wezipelere hem-de döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ak ekinlere agrotehniki kadalara laýyk derejede ideg edilişi, şol bir wagtyň özünde ýerleri we oba hojalyk tehnikalaryny ýaz ekişine taýýarlamak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada giňişleýin habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany

2021-nji ýylyň şygary dabaralandyrylýar Aşgabat, 11-nji ýanwar (TDH). Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde 2021-nji ýylyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygarynyň hormatyna dabaraly çäre geçirildi.

Türkmenistan parahatçylyk, hoşniýetlilik, döredijilik ýörelgelerini öňe sürýär

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary bilen başlanan täze, 2021-nji ýylyň ilkinji iş hepdesi tamamlandy. Geçen hepdäniň wakalary döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň gülläp ösüşini, halkymyzyň bagtyýar we bolelin durmuşynyň üpjün edilmegini baş maksat hökmünde kesgitlän we yzygiderli hem-de maksada okgunly amala aşyrýan durmuş ugurly ykdysady we demokratik özgertmeleriniň esasy ugry bolup durýandygyny äşgär etdi. 4-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, paýtagtymyzyň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 8-nji ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen täze, 2021-nji ýylda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň ilkinji mejlisini geçirdi. Oňa Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri hem gatnaşdy. Mejlisde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Pudaklary ösdürmegiň netijeleri, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmegiň meýilnamalary, şeýle hem şanly senäniň — Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy we şu ýylyň şygary mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilen çäreleriň maksatnamalary üns merkezinde boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Aşgabat, 6-njy ýanwar (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow täze ýylyň ilkinji Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine girizilen meselelere geçip, şu gün ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň geçen, 2020-nji ýylda amala aşyran işleriniň netijeleriniň jemleniljekdigini, olaryň öňünde ýakyn geljek üçin durýan wezipeleriň kesgitleniljekdigini belledi.

Parahatçylyk we ynanyşmak: binýatlyk gymmatlyklar we toparlaýyn jogapkärçilik

Mälim bolşy ýaly, halkara parahatçylygy we howpsuzlygy goramak Birleşen Milletler Guramasynyň baş maksatlarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi BMG-niň parahatçylyk gatnaşyklaryny ilerletmek boýunça ählumumy çäreleriniň özboluşly dowamy bolup durýar. Munuň özi jemgyýetçilik aňynda milletiň parahat ýaşamagy, halkara gatnaşyklarda emele gelýän meseleleriň oňyn çözgüdiniň zerurlygy we anyk parahatçylyk dörediji hereketleriň maksatnamasynyň amala aşyrylmagy ýaly işlerde amal bolýar. Bu ýörelgeler we başlangyçlar döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän bitaraplyk syýasatynyň konsepsiýasynda öz beýanyny tapdy.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 4-nji ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygar astynda geçýän täze, 2021-nji ýylda ilkinji sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, Aşgabat şäheriniň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri gatnaşdylar. Gün tertibine paýtagtymyzy hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, obasenagat toplumynda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak bilen baglanyşykly hem-de eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şu ýyl belleniljek şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga beriljek desgalardaky işleriň ýagdaýy hem-de şu ýylyň şygarynyň hormatyna guralmagy göz öňünde tutulýan çäreleriň maksatnamasy baradaky meseleler girizildi.