Aşgabat, 6-njy mart (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogluny kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň aýdan hoşniýetli sözlerini we doganlyk türkmen halkyna iberen arzuwlaryny ýetirdi. Şunuň bilen baglylykda, türk tarapynyň Türkmenistan bilen ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösdürilýän däp bolan dostlukly gatnaşyklara ygrarlydygy tassyklanyldy.