Halkymyzyň milli mirasy dünýäde dabaralanýar
Arkadag şäheri, 20-nji ýanwar (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Arkadag şäheriniň täze athana toplumyna bardy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewi bilen didarlaşyp, gezelenç etdi hem-de täze şäheriň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, käbir desgalaryň bezeg işleri, düzümleýin desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy. Milli Liderimiz bu ýerde “Irden tur-da, ataňy gör, ataňdan soň — atyňy” diýen paýhasly jümlä eýerip, täze athana toplumynda idedilýän bedewleriň ýagdaýlary bilen gyzyklandy. Soňky ýyllarda türkmen topragynyň bu künjegi tanalmaz derejede özgerdi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli tagallalary netijesinde ýurdumyzyň şäherleriniň, obalarynyň gözel keşbe girýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Şol bir wagtyň özünde, Arkadag şäherinde degişli ekologik ýagdaýy saklamak taslama düzüjilere we gurluşykçylara bildirilýän esasy talaplardyr.