Aşgabat, 16-njy ýanwar (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan 2023-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy hem-de bu edaralaryň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi. Şeýle hem Garaşsyz ýurdumyzda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini has-da kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, geçen ýylda ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, Ýaragly Güýçlerimiziň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň, döwrüň talabyna laýyklykda sanly ulgamy ornaşdyrmagyň hasabyna Milli goşunyň kuwwatyny artdyrmak boýunça durmuşa geçirilen çäreler barada hasabat berdi. Hasabatda durmuş ugurly meseleleri çözmekde ýerine ýetirilen anyk işler, çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlaryny harby gulluga çagyrmak boýunça her ýylda geçirilýän meýilnamalaýyn işleriň netijeleri barada aýratyn bellenildi.