Geçen ýylyň soňky aýynyň wakalary özygtyýarly döwletimiziň ynanyşmak, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda köpugurly halkara hyzmatdaşlyga gönükdirilen öňdengörüjilikli daşary syýasaty amala aşyrýandygyny nobatdaky gezek subut etdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň alyp baran netijeli işleri — dürli görnüşlerde geçirilen işewürlik duşuşyklary, gepleşikler, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň gatnaşmaklarynda guralan forumlar munuň aýdyň mysallarydyr.
4-5-nji dekabrda türkmen wekiliýetiniň Moskwa amala aşyran saparynyň çäklerinde Russiýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, şeýle hem RF-niň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Halkara işler boýunça komitetiniň başlygy bilen duşuşyklar geçirildi. Olaryň dowamynda syýasy-diplomatik dialogy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hem-de parlamentara gatnaşyklary, abraýly halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.