Mary welaýaty, 11-nji ýanwar (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, ol ýerde iş maslahatyny geçirdi.
Welaýatyň häkiminiň we onuň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasarynyň gatnaşmagynda geçirilen iş maslahatynyň dowamynda sebiti durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň hem-de onuň oba hojalyk pudagyna häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryny, sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, topragyň hasyllylygyny artdyrmak, pagtanyň we bugdaýyň öndürilýän möçberini ýokarlandyrmak, şol bir wagtyň özünde, önümçilik, durmuş maksatly binalaryň gurluşygyny yzygiderli gözegçilikde saklamak meseleleri maslahatda garalan esasy ugurlar boldy.